Her ýyl dünýä ýurtlarynyň paýtagtlarynyň birinde “Serhetsiz konsalting” ady bilen halkara maslahaty geçirilip, bu ugurda has tapawutlanan kompaniýalara Gabriýel Al-Salen adyndaky baýrak gowşurylýar. Bu gezekki maslahat Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirildi, şonda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Netijelilik” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri “Geňeşçi hünärini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” diýen baýraga mynasyp boldular.
“Netijelilik” indi ikinji gezek bu abraýly bäsleşige gatnaşyp, onuň ýeňijisi boldy: birinji gezek bu kompaniýa 2013-nji ýylda “ýylyň geňeşçisi” atly bäsleşikde ýeňiji bolupdy. Munuň özi kärdeşler tarapyndan hem, müşderiler tarapyndan hem ýokary hünär derejesiniň ykrarnamasydyr. 2015-nji ýylyň “Geňeşçi hünärini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” diýen baýragy kompaniýanyň işiň bu ulgamyny ösdürmäge, onuň ölçeglerini we gymmatlyklaryny döretmäge hem-de ilerletmäge goşan goşandy üçin berildi.
Ýeňijileri Garaşsyz Halkara komiteti kesgitleýär, onuň düzümine dokuz ýurduň bilermenleri we Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň düzümleriniň ýolbaşçylary girýär. Şu ýyl baýraklar üçin dünýäniň 18 ýurdundan geňeşçiler güýç synanyşdylar, olar gatnaşmak üçin 50 teklipnama berler.
“Netijelilik” hojalyk jemgyýeti bu ugurda 2000-nji ýyldan bäri işleýär. Bu kompaniýanyň işgärleri Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň düzümleriniň ykdysady taýdan ösmegine we işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermekde möhüm işleri alyp barýarlar.
“Netijelilik” hojalyk jemgyýetini esaslandyryjylaryň biri Galina Kalaginanyň belleýşi ýaly, kompaniýa ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleri üçin hyzmatlaryň görnüşlerini barha giňeldýär, önüm öndürijileriniň täze sepgitlere çykmagyna, kärhanalaryň bäsdeşlige ukyply, eksporta ugrukdyrylan we daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutmaga mynasyp harytlary öndürmegi ýola goýmaga, azyk önümleriniň hil we howpsuzlyk ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam berýär. 2011-nji ýylda bu hojalyk jemgyýeti Ýewropanyň Ösüş we abatlaýyş bankynyň awtorlyk hukugy synagyndan geçdi we häzirki wagtda ösüş strategiýasynyň işläp taýýarlamak, kompaniýalaryň işlerini täzeden guramak, markenting seljermesi we meýilnamalaşdyrmak, işgärleri dolandyrmak ýaly ugurlar boýunça maslahat hyzmatlaryny hödürleýär.
Hojalyk jemgyýeti şeýle hem Türkmenistanyň çyzgy kodlary boýunça Milli guramasyna ýardam etdi, bu gurama şu ýyl “GSI” (Global Standart) halkara guramasynyň doly hukukly agzasy boldy.
“Netijelilik” hojalyk jemgyýeti işewürleriň arasyndaky pikir alyşmalaryň görnüşlerini giňeltmäge çalyşýar, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň we dolandyryjylarynyň gatnaşmagynda “tegelek stoly” guraýar. Geňeşmelerde gün tertibine girizilýän meseleler işewürleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Olaryň hatarynda işgärleriň gyzyklanmalary, dolandyryjylaryň hünär ussatlygy, işgärler esasy maýadyr, netijeli işgärler topary, zähmet serişdeleri bazaryndaky kynçylyklar we olaryň çözgüdini tapmagyň usullary we köpsanly beýleki meseleler bar.