Ï Peýdaly netijesi 57 göterim bolan elektrik stansiýasy: energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Peýdaly netijesi 57 göterim bolan elektrik stansiýasy: energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar

view-icon 800
Marynyň DES-inde utgaşykly işleýän gazturbina elektrik bekedi gurular, ol Mary welaýatynyň ýene bir senagatynyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrar.

Täze elektrik bekedinde her biriniň kuwwaty 257 MWt deň bolan 4 sany gaz turbinasy we şonuň ýaly kuwwatlykdaky iki sany bug turbinasy oturdylar. Gaz turbinalarynda ýangyç hökmünde ýokary basyşly tebigy gaz peýdalanylýar, gazyň ýanmagy netijesinde uly kinetika energiýasyna eýe bolan önümler emele gelýär. Olar turbinalaryň işçi çarhlaryna gönükdirilýär we onuň aýlanyş tizligini minutda 3 müň aýlawa ýetirýär.

Eger-de ozallar 540-590 oC gyzgynlykda ýanýan önümler howa gurşawyna zyňylýan bolsa, indi olar galyndylary işleýän gazanlara (olar dört sany) gönükdirilýär, ol ýerde aşa gyzdyrylan buglar bug turbinalaryny aýlap başlarlar we şol bir wagtda generatoryň rotoryny herekete girizer, netijede goşmaça elektrik energiýasy çykarylýar. Şeýlelikde, bir tarapdan elektrik bekediniň peýdaly hereketi artdyrylýar, beýleki bir tarapdan bolsa tebigy gazyň az möçberi ulanylýar. Şunda elektrik bekediniň peýdaly iş hereketi 57 göterime deň bolar, munuň özi adaty görnüşde işleýän gaz turbinalaryndan 22 göterim ýokarydyr. Elektrik stansiýasynda utgaşykly işiň peýdalanylmagy ýylda 1,1 milliard kub metr tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Bu usulyň başga artykmaçlyklary hem bar. Mysal üçin, howa gurşawyna zyňylýan önümleriň ýanýan gyzgynlygy 540-dan 100 oC gyzgynlyga çenli peseler, bu bolsa ekologiýa nukdaý nazaryndan uly ähmiýete eýedir. Sarp edilýän ýangyjyň tygşytlanylmagy netijesinde ýanýan önümleriň möçberi azalar, bu bolsa daşky gurşawa oňaýsyz täsiriň mukdaryny peselder.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda täze kuwwatlyklaryň 2 müň 492,8 MWt-y ulanmaga berildi.