Ï “Türkmenhimiýa” döwlet konserniň önümçiliginiň möçberi 2 esseden gowrak ýokarlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniň önümçiliginiň möçberi 2 esseden gowrak ýokarlandy

view-icon 1009
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserninde öndürilýän önümleriň möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse artdy.

Konserniň kärhanalary tarapyndan 2015-nji ýylyň edi aýynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 18,6 göterim ýokarlandy. Mineral dökünleri öndürmegiň ösüş depgini 226 göterime golaý boldy. Tehniki ýoduň, tehniki uglerodyň öndürişi möçberleri öňki derejesinde galdy – degişlilikde 104,2 göterime, natriý sulfatynyň ösüş depgini 115,2 göterime deň boldy.

2014-nji ýylyň oktýabr aýynda Mary şäherinde ýyllyk kuwwaty 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge deň bolan zawodlar toplumy ulanmaga berildi.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna önüme deň bolar. Garlykda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň iri kärhanasynyň – ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna döküne deň bolan dag – baýlaşdyryjy toplumy bina edilýär.