Ï Alymlaryň teklipleri Döwletabat ýatagynyň önüm berijiligini artdyrmaga şert döredýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alymlaryň teklipleri Döwletabat ýatagynyň önüm berijiligini artdyrmaga şert döredýär

view-icon 840
>“Türkmengaz” DK Nebit we gaz institutynyň hünärmenleri Döwletabat ýatagynda işläp taýýarlamak tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşyny çaltlandyrmak boýunça işleri alyp barýarlar. Esasy maksat bolsa eýýäm köp ýyllardan bäri işlenilip taýýarlanylýan iri ýatagyň gatlaklarynyň önüm berijiligini köpeltmegi gazanmak bolup durýar. Bu örän uly ýatagyň maglumatlar binýady döredildi, alymlar gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşyny çaltlandyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarladylar.

Olaryň hatarynda – az önüm beriji ulanyş guýularyny perfirirlemek bar. Bu gazkondensatly ýatagyň az drenaž geçirilen zolagynda işjeň işläp taýýarlamalary özüne çekmegi göz öňünde tutýar. Bu iş gazly meýdançanyň taryhyny işläp taýýarlamak, şeýle hem guýularyň özara baglanyşygyny öwrenmek esasynda geçirildi.

Görülip oturylsa blokara ulanyş guýulary burawlananda gatlak basyşy başdaky bilen deňeşdirilende iki esseden hem gowrak pese düşýär. Şonuň üçin hem, önümli gorizontda buraw garyndysynyň ýudulmagynyň öňüni almak we guýynyň önüm berijiligini artdyrmak üçin açyk zaboý bilen olaryň konstruksiýalary teklip edildi.

Guýulary ýatyrmak üçin gündelik we düýpli abatlaýyş işleriň barşynda alymlar institut tarapyndan işlenilip taýýarlanan ýeňilleşdirilen polimer-uglewodorod garyndysyny ulanmagy teklip etdiler. Bu teklipler önümçilige ornaşdyryldy. Bu bolsa gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Gatlakdan gaz akymyny almak üçin hereket etmeýän guýularyň üçüsinde alymlar ikinji sütüni burawlamagy teklip etdiler. Şeýle usul bilen her bir guýudan tebigy ýangyjyň goşmaça akymyny almagy başartdy.