Ï Aşgabatda halkara gurluşyk forumy öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda halkara gurluşyk forumy öz işine başlady

view-icon 1028
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Türkmengurluşyk-2015” atly halkara sergisiniň hem-de onuň çäklerinde geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ýeten derejesine we geljekki ösüşine bagyşlanan bu pudaklaýyn çärä dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar. Köpugurly Sergi köşgüniň iki gatynda hem-de onuň daşyndaky meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi türkmen şäher gurluşyk, binagärlik ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkeýändigini, onuň mümkinçilikleriniň artýandygyny, häzirki döwürde şäher we ulag düzümini guramak işleriniň kämilleşýändigini äşgär etdi. Munuň özi önümçilik binýadynyň täzeçil usulda ösdürilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge şert döredýär. Halkara maslahaty ýurdumyzyň gurluşyk bazarynyň esasy meýillerini kesgitlemäge, onda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, mahabat we ylmy çemeleşmeleri ösdürmäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynyň öňünde goýýan wezipelerini çözmek maksady bilen, hünär taýýarlygyny ýokarldandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni wekilçilikli forumy guradylar.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürleri, alymlar, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we myhmanlar gatnaşdylar.


Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumyna gatnaşyjylara we ony guraýjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen okaldy. Döwlet Baştutanymyz özüniň gutlagynda bu gezekki serginiň we maslahatyň türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini, tejribe alşylmagyny, ýokary tehnologiýaly we özboluşly inženerçilik, binagärlik taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi.

Sergi köşgünde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň 230-a golaý bölümleri ýerleşdirildi. Olaryň hatarynda taslamalaşdyrmak, gurluşyk, gurluşyk serişdeleriniň, enjamlarynyň, gurallarynyň we ýörite tehnikalarynyň önümçiligi boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri we ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bar. Olaryň hatarynda Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Eýrandan, Russiýadan, Gazagystandan, Ermenistandan we beýleki ýurtlardan telekeçiler bolup, olar öz tekliplerini we täze işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

Ugurdaş düzümleriň, şeýle hem pudagyň örtük daşlaryny, sement, kerpiç, panel bloklary, magdan däl gurluşyk serişdelerini, turba önümçiligini, armatura we şweller öndürýän iri kärahanalyr ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşini we onuň ýeten derejesini giňden beýan edýärler.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagaty düzüminiň üsti täze kärhanalar bilen ýetirilýär. Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwatly senagat desgasy bolan aýna we aýna önümleriniň önümçiligi boýunça ýokary tehnologiýaly kärhanangyň gurluşygynyň alnyp barylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.


Taslamalar işlenip taýýarlanylanda, kaşaň edara-binaldary, ýaşaýyş toplumlary, iri önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmakda gurluşyk senagaty boýunça dünýäniň ösen tejribelerini özleşdirýän we olary yzygiderli ornaşdyrýan ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary hil taýdan täze derejä çykýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekeçiligiň we bazar gatnaşyklarynyň ösüşine goldaw bermäge gönükdirilen özgertmeleri we oňyn syýasaty pudagyň ösüşini üpjün edýär. Häzirki döwürde türkmen kompaniýalary daşary ýurtlar bilen mynasyp bäsdeşlik edýärler. Olar önümçilige häzirki zaman durmuş ülňülerini ornaşdyrýarlar. Binalar ähli degişli inženerçilik-tehniki ulgamlar bilen bilelikde toplumlaýyn esasda gurulýar we degişli düzüm kämilleşdirilýär.

Ak mermerli Aşgabat bilen bir hatarda, welaýatlaryň merkezleriniň keşbi barha gözelleşýär. Olarda durmuş ulgamyna degişli desgalaryň, edara ediş binalarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik kärhanalarynyň toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Hazaryň kenarynda bolsa dünýä derejeli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy öz çäklerini yzygiderli giňeldýär.

Taslamalaryň giň möçberliligi häzirki döwre mahsus ýagdaýdyr. Belent jaýlar, täze şäher etraplary we iri ilatly obalar bina edilýär. Halkara derejeli ulag ýollary, müňlerçe kilometre uzalýan demir ýollar gurulýar we halkara ähmiýetli ulug düzümi kemala gelýär.

Serginiň bölümlerinde gurluşygyň täze önümlerini we tehnologiýalaryny, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça awtomatik ulgamlary we kiçi kärhanalary, suw sorujylary we suw arassalaýjy desgalary, panel we diwarlyk bloklary, alýumin we plastmassa gurnamalary, santehniki we bezeg serişdelerini wasp edýän widerolikler görkezilýär.

Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gurluşyk desgalarynyň görnüşleri, täzeçil işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar, şäher gurluşygynyň möhüm meseleleriniň çözgüdi bilen baglanyşykly ýörelgeler, şäher gurşawunda döredilýän oňaýly ýaşaýyş şertleri hem-de suw üpjünçiligini, yşyklandyryşy, ýollaryň gurluşygyny öz içine alýan şäher hojalyk dolandyryşynyň işi bilen tanyşdylar.


Dünýä gatnaşyklarynyň esasynda ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara aýratyn üns berildi. Şäher hojalygynda ulanylýan tehnikalar, amatly gurşawyň saklanmagyna kömek edýän hem-de tebigatyň goralmagyna mynasyp goşant goşýan düzümleýin taslamalara we gurnamalara aýratyn üns çekildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar diňe bir öz ajaýyp tehnologiýalaryny teklip etmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen bazarynyň uzak geljegine we hyzmatdaşlygyň giňeldidlmegi üçin ýörite şertleriň döredilmegine esasy üns çekildi. Şunlukda daşary ýurtly hyzmatdaşlar diňe bir öz tehnologiýalaryny hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem türkmen bazarynyň uly geljegini hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bu ýerde döredilen mümkinçiliklere daýanýan kärhanalara maýa goýumlary gönükdirmäge taýýardygyny mälim etdiler.

Täze binagärlik taslamalary myhmanlaryň we sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde edara ediş toplumlarynyň, söwda hem-de dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň kiçeldilen görnüşlderi görkezildi. Olar ýakyn wagtda gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr. Bu sergi diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem köp sanly şäher ilaty we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem ähmiýetli boldy. Bu giň möçberli ykdysady gözden geçiriliş olar üçin ýurdumyzyň geljegine göz ýetirmäge, täze tehnologiýalaryň esasynda ýakyn geljekde türkmen şäherleriniň we obalarynyň köçeleriniň geljekki ösüşine göz ýetirdiler.


Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň Maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly halkara maslahaty öz işine başlady. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy hünärmenleri Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem maslahatda germaniýaly işläp taýýarlaýjylaryň hödürleýän täzeçil gurluşyk tehnologiýasy bilen tanyşlyk boldy. Şeýle hem şweýsariýaly inženerleriň köpri gurluşynyň öňdebaryjy usullary, Russiýanyň gurluşykda ýangyn howpsuzlygynyň täze ulgamy, şeýle hem Ermenistanyň gurluşykçylarynyň binalaryň we desgalaryň ýer titremä garşy durnukly ulgamy görkezildi.

Ertir maslahat şähergurluşygynda, ýol gurluşygynda, önümçilik kärhanalarynyň ulgamlaýyn we maksatnamalaýyn üpjünçiliginde ulanylýan geljegi uly taslamalara bagyşlanar.

Türkmen paýtagtynyň we şäherleriň, obalaryň geljekki ösüşini nazara alanyňda, daşary ýurtlaryň iri maýadarlarynyň we potratçylarynyň, önüm öndürijileriniň türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini alamatlandyrýar. Şeýle hem Aşgabady we sebitleri ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Serginiň hereket edýän döwründe ýurdumyzyň baş şäheri gurluşyk senagatyny, şol sanda şäher gurluşygyny, ýol-ulag düzümini we beýlekileri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ygtybarly binýady emele getirýär.

Sergi öz işini 29-njy awgusta çenli dowam eder.