Ï Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi

view-icon 814
Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi. Däp bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda ilkinji “ak kerweniň” gelmegine bagyşlanyp, dabara geçirildi. Ir säher bilen bu ýere pagtadan doly ýükleri bilen köp ýük göterýän awtoulaglar, yzy tirkegli traktorlar gelip başlady.

Dabara welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň, sebit oba senagat toplumynyň esasy bölümleriniň, Daşoguzyň söwda “Ak altyn” pagta kärhanasynyň, Daşoguz welaýatynyň “Türkmenstandartlary” Döwlet gullugynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, kärendeçi pagtaçylar, kombaýnçylar, hormatly ýaşulylar gatnaşdylar.

“Ak altynyň” ýygymyna guramaçylykly girişilendigini aňladýan “ak kerweniň” gelmegine hormatly ýaşulylar ak pata berdiler. “Ak altynyň” bol hasylyny ýetişdiren kärendeçi pagtaçylary hormatlamak dabarasy bolup geçdi.

Ýurduň demirgazyk sebitiniň gowaça ekilen meýdany bir ýüz kyrk müň gektary eýeleýär. Ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşan gowaçanyň «149F», «S-4727», «Daşoguz-120», «Serdar» ýaly görnüşleri ekildi. Pagtaçylar şu ýygym möwsüminde 230 müň tonna “ak altyn” ýygnamagy maksat edinýärler. Möwsümleýin meýdan işleri toplumlaýyn öz wagtynda ýerine ýetirildi, pagta ýygýan kombaýnlar we beýleki tehnikalar abatlanyldy. Gowaçalaryň ýapragynyň düşürmäge taýýarlyk görmek işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýygym-ulag toplumlary döredildi, ýygym tehnikalaryna tehniki we hyzmat etmek boýunça çäreler işlenilip taýýarlanyldy.

Daşoguz welaýatynyň “Ak altyn” söwda kärhanasynyň kabul ediş nokatlarynyň kyrk üçüsi “ak altynyň” täze hasylyny kabul etmäge taýýarlanyldy. Täze möwsümiň dowamynda “ak altyny” gaýtadan işlemekde esasy tehniki enjamlaryň üznüksiz işledilmegi Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň çäklerinde işleýän “Türkmenpagta” Döwlet konserniniň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň ählisi, şeýle hem S.A.Nyýazow etrabynyň S.Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta arassalaýjy kärhanalary üpjün edilendir.

Ýurduň demirgazyk sebitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady strategiýalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde pagtany gaýtan işlemegiň kuwwatlyklaryny durnukly artdyrmaga uly mümkinçilikler bar. Täze möwsümde geçen ýylda Köneürgenç etrabynyň merkezinde gurlan tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän, kuwwatlygy ýylda 40 müň tonna bolan häzirki zaman kärhanasy we Görogly etrabynda pagta arassalaýjy zawodyň täze önümçilik sehi netijeli işlediler. Daşary ýurtlaryň belli kompaniýalaryň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen bu täze gaýtadan işleýän önümçilik kärhanalarynda innowasion tehnologiýalar netijeli peýdalanylýar. Bu bolsa ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.