Ýurduň Döwlet maldarçylyk birleşiginiň hojalyklarynda altynjy sentýabra 110 müň tonna ot-iým taýýarlanyldy ýa-da meýilnama tabşyryklaryň 80 göterimi ýerine ýetirildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende häzirki wagtda maldarlar 28 müň 400 tonna ot-iými köp taýýarladylar. Aprel aýynyň ahyrynda ösümlik ot-iýmlerini gyşa taýýarlamaga badalga alnyp, ol maldarçylyk hojalyklarynda möwsümleýin ot-iým taýýarlaýjy toparlar bilen alnyp barylýar. Ýygnalan otlaryň bir bölegi ätiýaçlyk üçin öri meýdanynda galdyrylýar, galan bölegi bolsa tigirli traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň kömegi bilen taýýarlaýyş nokatlaryna daşalýar.
Iri baldakly diýlip atlandyrylýan meýdan otlarynyň dürli görnüşlerini ýygnamak işleri alnyp barylýar. Diňe ýandagyň özünden ätiýaçlyk 23 müň tonna 324 tonnasy ýygnaldy, ony ýygnamak işleri güýzüň ahyryna çenli dowam edýär. Ýerlerde baldakly otlary ýygnamak işleri bilen bir hatarda bede ýatyrmak işleri hem alnyp barylýar, Meselem, Mary we Lebap welaýatlarynda bu işler hem guramaçylykly alnyp barylýar.
Ot-iýmlik otlaryň köpüsi Ahal welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde onuň üçin giň meýdan bölünip berilendir. Öndürilýän mekgejöwen, arpa, ýorunja bugdaýy we gowaçany ösdürip ýetişdirmekde ekin dolanşygy hökmünde ulanylýar. Şu ýyl ilkinji sapar bir müň 605 tonna silos taýýarlanyldy, arpa 5 müň 891 tonna möçberde taýýarlanyldy, ýorunja bäş müň 46 tonna taýýarlanyp, geçen ýylka garanyňda iki esse köp taýýarlanyldy.
Ot-iým taýýarlamak işleri oktýabr aýynyň ahyryna – noýabr aýynyň başyna çenli dowam eder. Şu ýyl bu işler bellenilen möhletden, ýagny geçen ýylky görkezijilerden köp netije gazanylyp, öňe gidilip taýýarlanylýar. Bu bolsa mallaryň dok we ýyly gyşladyljakdygyna kepil geçýär.