Türkmen paýtagtynda iki günüň dowamynda – 12-13-nji sentýabrda iri energetika forumy – “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” diýip umumy at bilen geçirilen Halkara sergisi hem-de maslahaty öz işini tamamlady.
Däbe görä türkmen energetikleriniň hünär baýramynyň– her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde geçirilýän Energetika senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda guralýan pudaklaýyn gözden geçiriliş ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bu ugurda işleýän hünärmenleri üçin ähmiýetli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi. Sergi ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň ägirt uly kuwwatyny, mümkinçiliklerini we ösüşini, bu ulgamda ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalary aýdyň görkezýär.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilig guramalaryň wekilleri, pudagyň hünärmenleri, köpsanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň sergi köşgüniň giň zallarynda köp ugurly sergi diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan nobatdaky ýöriteleşdirilen sergä dünýäniň elektrik energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň hem-de hususy işewürleriň wekilleri – 160-dan gowrak düzüm gatnaşýar. Daşary ýurt hyzmatdaşlarymyzyň foruma gatnaşmaga şunuň ýaly uly gyzyklanma bildirmekleri bu ulgamyň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär, halkara işewürler toparlary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.
Sergä Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan we beýlekilerden altmyşdan gowrak kompaniýa gatnaşdy.
Elektrik energetikasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar pudagyň okgunly ösüşini görkezýär. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman gaztrubinaly elektirik stansiýalary we täze görnüşli paýlaýjy kiçi elektrik beketleriniň onlarçasy ulanmaga berildi, müňlerçe kilometr uzynlykda elektrik geçiriji ulgamlar çekildi. Ýurdumyzy çalt depginler bilen senagatlaşdyrmaga alynýan ugur bilen baglylykda elektrik energiýasyna ösen islegleri nazara alnyp “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasy” kabul edildi.
Şu ýyl Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde kuwwaty 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýa toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Merkezi Aziýada iň iri taslamalaryň biriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ep-esli artdyrmaga, elektrik energiýasyny öndürmek üçin tebigy gazy netijeli peýdalanmaga, elektrik energiýasynyň ekspor möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze, kuwwaty 504,4 megawata deň bolan gaztrubina elektrik stansiýasynyň açylmagy energetika işgärleriniň hünär baýramyna aýratyn ähmiýet we dabara berdi.
Pudagyň kuwwatynyň birnäçe esse artdyrylmagy ýurdumyza diňe bir içerki zerurlyklaryny üpjün etmäge däl-de, eýsem, goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini has-da artdyrmaga şert döreder. Amala aşyrylýan taslamalar energetika ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we täze energetika kuwwatlyklaryny, kiçi beketleri hem-de transformator enjamlaryny, paýlaýjy beketleriň ulgamyny giňeltmäge, elektrik geçirijileriniň eksport ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilendir.
“Türkmenenergo” Döwlet elektrik energetika korporasiýasynyň, “Türkmenenergogurluşyk”, “Türkmenmaşyngurluşyk” konsernleriniň, “Türkmenenergogözegçilik”, “Aşgabatenergo”, “Türkmenenergoabatlaýyş” önümçilik birleşikleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, şeýle hem Türkmen döwlet energetika institutynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň diwarlyklary türkmen energetikasynyň gazananalaryny we geljegini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmäge hususy kärhanalar hem uly goşant goşýarlar, olar energetika desgalarynyň guralyşygynda, elektrik geçirijileri çekmek, abatlaýyş-gurnama we beýleki işlerde üstünlikli işleýärler. Biziň ýurdumyza häzirki zaman elektrik energetika enjamlaryny we abzallaryny, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýa täzeliklerini getirýän kompaniýalar pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna netijeli ýardam berýärler.
“Çeper gurluşyk”, “Tehnika Mekany”, “Salkyn tomus”, “Türkmen ýyldyzy”, “Kuwwatly energiýa hyzmat”, “Ýaran” we beýlekiler ýaly köpsanly ýurdumyzyň hususy kärhanalary hem sergä gatnaşýarlar.
Sergi köşgüniň giň zallarynda “General Eleсtriс”, “Sсhneider elektrik”, “Çalyk Enerji”, “Ethos energy”, “Lotus”, “Best transformer”, “Ewropower Enerji”, “Metro”, “Klas kablo”, “Sumitomo”, “Elektroşit”, “Poltawskiý trubomehaniçeskiý zawod”, Minskiý elektrotehniçeskiý zawod we köpsanly beýlekiler öz gazananlaryny, toplumlaýyn çözgütlerini hem-de nou-haulary, täze işläp taýýarlamalaryny hem-de häzirki zaman energetika enjamlaryny görkezýärler.
Sergi köşgüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşine bagyşnana Halkara ylmy maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň minstrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ylmy- barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, bilermenler, menejerler hem-de dünýäniň köp ýurtlaryndan söwda wekilleri gatnaşýalar.
Maslahata gatnaşmaga bildirilýän uly gyzyklanma ýurdumyzyň senagatynyň ýokary depginler bilen döwrebaplaşdyrylmagy, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bilen şertlendirilendir. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasaty ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň ýykyn ýyllar üçin ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi, ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulmagynyň anyk ädimlerini belledi.
Çykyşlarda pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna, döwletimiziň içindäki hem-de halkara ugurlary boýunça täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmakda iri maýa goýum taslamalaryna, elektrik ulgamlaryny gurmakda we döwrebaplaşdyrmakda, elektrik energiýasynyň sapr edilişini hasaba almagy awtomatlaşdyrmak boýunça çözgütleri tapmakda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem energiýanyň alternatiw görnüşlerini ösdürmek we innowasiýa häsiýetli energiýa ulgamlarynyň döredilmegine, enjamlarynyň, energetika desgalarynyň, dolandyryş ulgamlarynyň ýagdaýyna çuňňur we hemmetaraplaýyn seljerme bermek we gözegçilik etmek meselelerine ýagnananalaryň ünsi çekildi.
13-nji sentýabrda, forum tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
“Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly Halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda döwlet Baştutanymyza forumy geçirmek baradaky başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, bu çäre dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ägirt uly serişdeler mümkinçiliklerini ýene bir gezek aýan etdi we bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.