Ï Milli hemra aragatnaşyk ulgamy halkyň hyzmatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli hemra aragatnaşyk ulgamy halkyň hyzmatynda

view-icon 994
Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyna täze tehnologiýalar we ylmyň iň täze gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň milli aragatnaşyk ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy ölçeglerine laýyk derejede ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ulgamy ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenilýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 520E” ilkinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen aragatnaşyk pudagynyň işinde düýpli öňe gidişlikler peýda boldy. Aragatnaşyk ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze torlar çekilýär, has-da çetdäki ýerlerde ýerleşýän obalara, şäherçelere aragatnaşygyň kämil ulgamyny çekmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Göniden-göni milli Liderimiziň tabşyrygy we tagallasy esasynda ýurdumyzyň has alysda ýerleşýän obalaryna häzirki zaman telefon nokatlaryny çekmek işleri ýola goýulýar. “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk döwlet kärhanasynyň hem-de “Altyn asyr” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň, şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäklerinde ýerleşýän obalary aragatnaşygyň hyzmatlary bilen üpjün edýän ýörite telefon beketlerini gurnadylar.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň çägindäki etrap merkezinden 150 kilometr uzaklykda ýerleşen Kirpili obasynda ýaşaýan hojalyklara täze tehnologiýa esasynda işleýän öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän telefon beketleri gurnaldy. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çägindäki we etrap merkezinden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Öýleguşluk obasynyň ilatyna aragatnaşyk hyzmatlary berjaý edildi.

Öýjükli beketler ýurdumyzyň “TürkmenÄlem 520E” emeli hemrasynyň üsti bilen dolandyryrýar. Munuň özi VSAT döwrebap tehnologiýasynyň peýdalanylmagy bilen aragatnaşygyň hemra arkaly amala aşyrylmagyny şertlendirýär we aragatnaşygyň ýokary hilini üpjün edýär.

Etrap merkezlerden uzakda ýerleşen ilatly ýerlerde, çöllükde, dagly künjeklerde, deňizde ýerleşýän obalaryň we önümçilik desgalarynyň arasynda ýokary hilli aragatnaşygy üpjün etmek mümkinçiliginiň bolmagy hemra arkaly dolandyrylýan aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bu görnüşiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň tutuş ilatyny hemra aragatnaşygynyň ýokary hilli häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça pudagyň işgärleriniň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.