Ï “Opal” hususy kärhanasy her günde 15 tonna çenli dänäni gaýtadan işläp bilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Opal” hususy kärhanasy her günde 15 tonna çenli dänäni gaýtadan işläp bilýär

view-icon 955
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Nowbahar” geňeşliginiň çäklerinde ýerleşýän “Opal” hususy kärhanasy ýurduň demirgazyk sebitinde dänäni gaýtadan işlemekde we uny taýýarlamakda hususy önümçiligiň iň irilerini biri bolup durýar. Bu kärhananyň her günde Döwlet haryt-çig mal biržasyndan satyn alynýan dänäniň 15 tonnasyna çenlisini gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bardyr.

Bu önümçilik russiýada we türkiýede öndürilen häzirki zaman degirmen we däne üweýän enjamlar bilen üpjün edilendir. Däne üwelmezden ozal ýörite enjamlar arkaly arassalanylýar we çyglandyrylan görnüşde gaýtadan işlenilýär.

Bu ýerde her bir çalşykda ýokary we birinji görnüşli unuň ýedi-sekiz tonnasy öndürilýär. Awtomatiki enjamlaryň kömegi bilen un her birine kyrk bäş kilogram un ýerleşýän haltalara gaplanýar. Önümler sertifikasiýalaşdyrylandyr.

“Opal” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Atamyrat Hojanyýazowyň belleýşi ýaly, esasy bölümde ýaňy-ýakynda täze enjam – ekýän we dänäni arassalaýan we gaýtadan işleýän agregat gurnaldy. Önümçiligi mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.