Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde Magtymguly şaýoly bilem M.Täçmyradow köçesiniň kesişýän ýerinde sentýabr aýynyň başynda ulanylmaly möhleti dolan gurluşlary tekizlemek we bu çäklerde täze binalary gurmak üçin arassalamak işlerine başlandy. Bu ýerde ýurduň “Ussat” hususy gurluşyk kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça iki ýylyň dowamynda işewürler merkezli söwda medeni-dynç alyş toplumyny gurar.
Taslama boýunça bütewi arhitektura toplumyna ýerasty ulag duralgaly iki sany gurluş goşular. Olaryň biri – 16 müň inedördül metr meýdany eýeleýän sekiz gatdan ybarat bolan işewürler merkezi bolar. Bu ýerde edara jaýlary, dynç alyş zolagy we kafe ýerleşer. Ikinjisinde – söwda-dynç alyş toplumy bolar. Üç gatdan ybarat boljak bu toplumda dükanlaryň onlarçasy, supermarket, kafe, restoranlar, bouling, kinozallar, attraksionly we oýun awtomatly çagalar meýdançalary ýerleşer. Bu bina umumylykda 30 müň inedördül metr meýdany eýelär. Ýerasty ulag duralgasy 300 orna niýetlenip, 7 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýelär.
Gurluşykda iň häzirki zaman tehnologiýalar we materiallar ulanylar. Binanyň içki giňişligi, interýeri, yşyklaryň tebigy we emeli çeşmelerini we diwarlaryň reňklerini goşmak bilen ekologiki howpsuzlygyň bildirýän talaplaryna laýyk gelýändir. Binanyň daşky keşbi we dekoratiw bezegçiligi ýurduň iň gowy arhitektura däplerinde ýerine ýetiriler.
Şeýle hem “Ussat” gurluşyk kompaniýasy binanyň günorta-günbatar tarapyndan paýtagtyň häkimliginiň buýurmasy esasynda dört gatly ulag duralgasyny gurar. Onuň peýdaly meýdançasy14670 inedördül metr bolup, oňa birbada ulaglaryň 400-si ýerleşer. Bina içiniň pandusynyň ýerleşişini we birinji gatda ulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlary dükanyny we ulag ýuwulýan nokadyny öz içine alýan ajaýyp inženerçilik çözgüdini göz öňünde tutýan taslama boýunça gurulýar.
Abadanlaşdyryljak bölegiň umumy tutýan meýdany 5,1 gektara ýeter. Täze toplumyň şäher gurşawyna sazlaşykly goşulyşmagy üçin binanyň töwereginde gök baglyga öwürmek işleri ýaýbaňlandyrylar. Munuň üçin landşaft bezegçileri binalara barýan oňaýly ýollary oýlap tapdylar, olary gül ekilýän ýörite ýerler we suw çüwdürimleri bezär.