Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna yrakly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini, ABŞ-dan gelen işewürler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna boýalan mata, nah ýüplügi, pagta süýümi, pagta linti satyldy. Olary Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Singapur, Türkiýe, Bolgariýa, Owganystan, Gyrgyzystan, Ukraina we beýleki ýurtlar satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 992 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň we Slowakiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 4 million 931 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 113 müň manatdan gowrak bolan (TNGIZT) polipropileni satyn aldylar.