Ï Ak bugdaý etrabynda mebeli öndürmek boýunça toplum gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ak bugdaý etrabynda mebeli öndürmek boýunça toplum gurulýar

view-icon 814
Ak bugdaý etrabynda mebeli öndürmek boýunça toplumyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu ýerde kiçi fabrik şeýle-de bezeg-timarlaşyş materiallaryny, öý bezegleri üçin zatlary öndürjek kombinatlar hereket eder. Umuman 450 işçi ýer dörediler.

50 gektar ýerde gurulýan bu toplum, Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň agzalary bolan ýerli kompaniýalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bu taslamany amala aşyrmaga gysga wagtyň içinde ekologiki taýdan arassa we halkara talaplaryna doly laýyk gelýän mebel önümlerini öndürmekligi göz öňünde tutýan 18 paýçy gatnaşýar.

Mebel önümlerini öndürjek kombinatlar bilen birlikde hususy sargytlary ýerine ýetirjek sehler hem ýerleşer. Bilelikde tutuş kärhanalar myhman jaý, çagalar otaglary, aşhanalar , ýatylýan otaglar üçin ýumşak mebelleriň dürli görnüşlerini, stollardyr-oturgyçlary , yşyklandyryjylary, bezeg materiallaryň satuwyny gurnarlar. Ähli harytlar ygtybar, oňaýly, amatly bolar. Bu bolsa şonuň ýaly daşary ýurt harytlaryna garanyňda ep-esli arzandyr. Bu bolsa örän wajypdyr.