Ï Şu möwsümde üzümden bol hasyl alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şu möwsümde üzümden bol hasyl alyndy

view-icon 987
Şu günler üzüm hasylyny köpçülikleýin ýygnamak işleri dowam edýär, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalary oktýabr aýynyň ahyryna çenli kärendeçilerden we daýhan birleşiklerinden gaýtadan işlemek üçin üzüm hasylyny kabul etmekligi tamamlar. Olar esasan hem ýurdumyzyň çäklerinde giňden ýaýran we howa-toprak şertlerine uýgunlaşan üzümiň “terbaş” we “gara üzüm”, şeýle hem “matrasa”, “muskat”, “kabarne” görnüşleridir. Üzümiň saklamak we ulanmak üçin niýetlenen ter görnüşleri olaryň hataryna girmeýär.

Şu ýyl üzümiň bol hasyly ýetişdirildi. Hünärmenleriň baha bermegine görä, onuň hasyllylygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 göterim ösdi, häzirki wagtda olaryň gaýtadan işlenişi bellenen möçberden 130 göterimden geçdi.

Şu ýyl döwlet birleşiginiň kärhanalary 43 müň tonna üzümi gaýtadan işlemegi göz öňünde tutýarlar. Ýurdumyzda öndürülýän çakyrlar birnäçe gezek halkara sergi-ýarmarkalarynda we bäsleşiklerinde ýokary baha mynasyp boldy.