Baş döwlet salgyt gullugynyň neşiri bolan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol edaranyň bölümleriniň we düzümleriniň işgärleri, şeýle hem hasapçylar, auditorlar, maslahatçylar, telekeçiler, kärhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtly işewürler we bilermenler üçin niýetlenendir.
Ýurdumyzyň Baş döwlet salgyt gullugynyň žurnaly makroykdysady syýasatyň kanunalaýyklygyny we meýillerini, olaryň döwlet kadalaşdyrylyşynyň we dolandyrmagyň wezipeleri bilen özara baglanyşygyny öwrenýän seljerjiler, ykdysady we jemgyýetçilik ylymlarynyň dürli ugurlaryna wekilçilik edýän alymlar üçin hem peýdalydyr.
Telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy, täze düzgünler, olara düşündirmeler we teswirlemeler žurnalyň täze sanynyň esasy mowzugyna öwrüldi. Onuň giriş makalasynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň iýulynda güýje giren Türkmenistanyň Prezidentiniň «Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky» Karary ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin has amatly salgyt ýagdaýyny döretmäge gönükdirilendir.
Resminama işewürlik başlangyjyny höweslendirmäge, telekeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýurdumyzda senagat meýdançalaryny artdyrmaga, önümçiligiň möçberlerini ýokarlandyrmaga we şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam etmelidir.
Salgytlar döwlet kadalaşdyrylyşynyň we dünýä tejribesine laýyklykda, bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde bähbitleriň deňagramlylygyny berjaý etmegiň esasy gurallarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamynyň kämilleşdirilmegi işewürlik hem-de innowasion önümçiligi üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly pudaklary goldamaga, möhüm durmuş meselelerini, şol sanda täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly meseleleri çözmäge hem-de oýlanyşykly nyrh syýasatyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Dünýäde ykdysady ýagdaýyň üýtgemegi bilen baglylykda, tutuş ykdysadyýet üçin hususy kärhanalaryň işi onuň çeýeligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete degişli bolmadyk ulgamy döwrebap ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmäge we umuman, diňe bir milli ykdysadyýetiň däl, eýsem, ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem nazara almak bilen, kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin üýtgedip gurmaga gönükdirýär.
Mysal üçin, işleriň görnüşleriniň Sanawyna onuň täze görnüşleri girizildi. Şol işler amala aşyrylanda, hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy degişli bolýar. Bu ozaly bilen maglumat tehnologiýalary babatda işler bolup, olara maglumatlary işläp taýýarlamak, amaly maksatnamalary ýerleşdirmek, web-portallary hem-de interneti we beýlekileri ulanmak, şeýle hem jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk, täjirçilik işleri we dolandyryş meseleleri ýaly konsaltingiň ugurlary girýär.
Sanawda hyzmatlar ulgamyny (şol sanda sport we dynç alyş ulgamynda) giňeltmek, dizaýnerçilik işleri, surata düşürmek we döwrebap sungatyň beýleki görnüşlerine degişli bölümler peýdy boldy. Şunda Sanawdan önümçilik işleriniň, hususan-da, gurluşyga we gurluşyk materiallaryna degişli işleriň käbir görnüşleri aýryldy. Bu ugurlarda türkmen telekeçileri eýýäm tejribe toplap, indi has ýokary tehnologiýaly ugurlary ösdürmäge çalyşýarlar.
Tejribäniň görkezişi ýaly, häzirki döwürde tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň has doly kanagatlandyrylmagy köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň işiniň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi, salgyt salmagyň we hasaba alyş işiniň möçberlerini azaltmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegi bolsa kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga oňyn täsir edýär.
Bularyň ählisi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçiligini okgunly ösdürmäge ýardam etmelidir. Öz nobatynda, bularyň ählisi türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna oňaýly täsir eder.
Türkmen işewürliginiň meýilnamalary hakykatdan hem uludyr, ýöne telekeçiligi döwlet tarapyndan netijeli goldamak babatda işlenip taýýarlanylan we yzygiderli kämilleşdirilýän gurallar şol meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.
“Düşündirişler” bölüminde Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamynyň aýry-aýry düzgünleri we şu meseleler bilen bagly bolan habarlar we düşündirişler getirilýär. Hususan-da, olar işleriň aýry-aýry görnüşlerine patent bermegiň, ygtyýarlandyrmagyň tertibi, patent töleginiň möçberleri bilen baglydyr. Bu ýerde kesgitlenen patent tölegini hasaplamak boýunça usuly görkezmeler getirildi. Düşündirişleriň degişli edaralara gelip gowuşýan ýüz tutmalary nazara almak bilen düzülendigini bellemek gerek.
Žurnalyň okyjysy “Sorag-jogap” bölüminde hem salgyt salmagyň aýratynlyklaryny öwrenmek hem-de ol ýa-da beýleki ýagdaýda salgyt kanunçylygyny ulanmak boýunça peýdaly maglumatlary tapar.
Şeýlelikde, maliýe-ykdysady neşir okyjylaryň giň köpçüligine diňe salgyt ulgamyndaky özgerişlikler barada habarly bolmaga däl-de, eýsem, tejribeli hünärmenlerden hukuk kömegini almaga mümkinçilik berýär. Žurnal salgyt edaralarynyň, maslahatçylaryň we salgyt töleýjileriň arasyndaky hünär gatnaşyklarynyň aýratyn giňişligini döretmegi dowam edýär.
Neşiriň bezelişi işewürlik nusgasy bilen tapawutlanyp, türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň habar-hukuk mazmunyna gabat gelýär.