Ï Öňdebaryjy tehnologiýalar – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň şerti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňdebaryjy tehnologiýalar – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň şerti

view-icon 1117
Şu gün nobatdaky möhüm täze gurluşyklaryň-Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik desgalarynyň hem-de Gyýanly şäherçesinde deňiz suwuny süýjediji desganyň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Irden Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çäklerinde täze önümçilik kuwwatlyklarynyň dabaraly işe goýberlişi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, nebitgaz ulgamynyň pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olaryň arasynda, şeýle hem “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” koreý kompaniýalar konsorsiumynyň wekilleri bar. Olar bahasy ABŞ-nyň 534 million dollary töweregi bolan bu iri maýa goýum taslamasynyň baş potratçysy bolup çykyş etdiler. Däp boýunça dabara şeýle hem türkmen halkynyň hormatly ýaşululary çagyryldy.


Bu ýere ýygnananlaryň öňünde deňizýaka sebitiniň artistleri şowhunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.

Çärede çykyş eden Koreý korporasiýalarynyň ýolbaşçylary TNGIZT-ny döwrebaplaşdyrmak taslamasyny durmuşa geçirmäge hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän ünsüni we goldawyny aýratyn bellediler. Şonuň netijesinde şol taslamanyň tapgyry üstünlikli tamamlandy. “LG International Corp.” Kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory Song Çi Ho şeýle hem kompaniýanyň häzir Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça başga-da birnäçe taslamalary, şol sanda Gyýanly şäherçesinde polietilen we propilen öndürjek gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça taslamany amala aşyrýandygyny aýtdy.

Myhman bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň ählisiniň diňe bir Merkezi Aziýa sebiti üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin ägirt uly aňrybaş taslamalara öwrüljekdigine ynam bildirdi. Song Çi Ho şu gün mazudy wakuumda gaýtadan işleýji, ýeňil olefeinleri alkilirleýji, benzinleri garyjy we ýeňil benzinleri izomerizleýji desgalaryň ulanmaga tabşyrylmagyny döwrüň wakasy diýip atlandyrdy. Munuň özi TNGIZT-iň çykarýan önümleriniň hilini hem-de önümçiligiň ekologiýalylygyny ýokary dünýä derejesine çykarar.

Öz gezeginde “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti Kim Wi Çol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi bilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän möhüm taslamalara gatnaşmagyň onuň kompaniýasy üçin uly hormat bolup durýandygyny belledi. Meniň üçin Türkmenbaşy şäherine we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip görmek hem uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bu ýerlerde Türkmenistanyň okgunly ösüşi aýdyň görünýär diýip, “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň ýolbaşçysy aýtdy.


TNGIZT-de ulanmaga berilýän täze desga barada aýdyp, işewür onda ulanylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň dünýäde ýokary ykrarnama eýe bolandygyny nygtady hem-de olar zawoda örän isleg bildirilýän iň ýokary hilli nebit önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa türkmen ykdysadyýetiniň ösüşinde ýene-de bir ädim bolar. Üstünlikli amala aşyrylan bu taslama “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň gatnaşmagyndaky “Galkynyş” käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygynda bolşy ýaly, iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň mysalydyr. Kompaniýa häzirki taslamany durmuşa geçirmek —Gyýanlyda etanyň krekingi boýunça enjamy bolan polietilen we polipropilen öndürjek zawody gurmakda hem ähli tagallalaryny gaýgyrmaz diýip, Kim Wi Çol ynandyrdy.

Koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary konsorsiuma hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de öz tarapyndan ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdiklerini aýdyp, döwlet Baştutanymyza onuň ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylar işe giriziji nokada tarap ugradylar hem-de ony gözden geçirmegi mazudy wakuumda gaýtadan işleýän, suwuklandyrylan gazdan we pes oktanly ýeňil benzinden awtomobil benzini üçin ýokary oktan goşundysyny öwürýän hem-de benzini garýan täze desganyň dolandyryş nokadyna barmakdan başladylar.

Bu ýerde TNGIZT-iň hünärmeni myhmanlary desgalar toplumy bilen tanyşdyrýar, şondan soň, önümçilige dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Onuň işleýşini monitorlarda synlamak boldy. Onuň ýany bilen beýleki ekranda täze desga hem-de nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada wideofilm görkezildi.


Desgalar hil derejesi halkara ülňülerine laýyk geýlän awtomobil benzininiň ýokary oktanly görnüşini öndürmek üçin niýetlenendir. Munuň üçin gerek bolan düzümler mazudy wakuumda gaýtadan işlemek we suwuklandyrylan gazy gaýtadan işlemek arkaly alnar.

Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmagyň netijesinde goşmaça gymmaty bolan nebit önümleriniň çykarylyşynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik dörär.

Umuman, önümçilik toplumy ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy hem-de 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Şeýle hem mazudy wakuumda gaýtadan işlemegiň esasynda benziniň hem-de suwuklandyrylan gazyň çig malynyň ýylda 1 million tonnasy, bitum öndürmek üçin ulanylýan gudronyň 900 müň tonnasy öndüriler we onuň hili düýpli ýokarlanar.

Alkilirleýji we izomerizirleýji desgalaryň ulanmaga girizilmegi bilen ýokary oktanly, ýagny A-92, A-95 benzinleriniň ýylda 480 müň tonna çenli goşmaça öndürmäge, şeýle hem A-98 awtobenzinini öndürmäge mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýene-de bir maýa goýum taslamasy ýerine ýetirildi. Bu işlere “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýalar konsorsiumy /Koreýa Respublikasy/ uly goşant goşýar.

Häzir deňiz kenarynda dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan nebit önümleriniň onlarça görnüşi çykarylýar. Olar ýokary oktanly, etilleşdirilmedik awtomobil benzinleri, awiakerosin, suw bilen arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen-tehniki çalgy ýaglarynyň giň görnüşleridir. TNGIZT sebitde suwuklandyrylan gazy iri ugradyjy bolup durýar. Suwuklandyrylan gazy saklamak we ibermek üçin awtomobil, demirýol we deňiz terminaly guruldy.

Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär—nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän kuwwatlylygy ýylda 3 million tonna bolan desganyň, kuwwatlylygy ýylda 21 müň tonna bolan polipropilen plýonkasyny öndürýän desganyň we beýlekileriň gurluşygy alnyp barylýar. Özara baglanyşykly tehnologik desgalary ulanmagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak babatda bolşy ýaly, daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän täze ýokary tehnologik önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam edýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny göz öňünde tutanyňda, Hazaryň kenarýaka zolagynda ekologiýa abadançylygyny saklamak ýurdumyzyň ilkinji nebiti gaýtadan işleýän senagatyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň möhüm ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz yzygiderli nygtaýar. Bu talap deňizýaka sebitinde bina edilýän ähli senagat desgalary üçin üýtgewsiz düzgün bolup hyzmat edýär.

Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesinde gurlan deňiz suwuny süýjediji täze desga hem ulanmaga berildi.

Etrabyň suw üpjünçiligini has ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň iň öňdebaryjy ölçeglerine we kadalaryna laýyk gelýän bu düzümleýin möhüm desganyň açylyş dabarasyna oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Balkan welaýatynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk wakalaryna toý öwüşgünini çaýdy.

Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz boýunça içimlik suwuny öndürýän döwrebap zawodlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalarda işleýän suw arassalaýjy desgalaryň gurulýandygyny belläp, bu ýere ýygnananlar adamlaryň saglygy hakdaky aladasy hem-de halkyň ýaşaýşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga ähli durmuş şertleriniň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra kärhananyň esasy önümçilik bölüminde kuwwaty bir gije-gündizde 50 000 kub metr bolan suw süýjediji täze desga barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Ol tehnologik desgalaryň tutuş toplumyny öz içine alýar. Süýjediji iň täze enjam bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu enjam häzirki günde hemme zerur inžener-tehniki düzümi bolan iň kämil enjamdyr. Wideofilm bu çylşyrymly önümçiligiň tehnologik işi barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Desgany ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Italiýanyň işläp düzüjileriniň suw arassalaýjy iň täze tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, “Polimeks” türk kompaniýasy gurdy.

10 metr çuňlukdan kuwwaty sagatda 4200 kub metr bolan sorujylaryň kömegi bilen alynýan suw göwrümi 10 müň kub metr bolan gaba iberilýär. Bu ýerde suw arassalanýar, soňra ultramelewşe süzgüçden geçmegi üçin beýleki bir gaba ýygnalýar. Bu tapgyrda iriligi 0,02 mikrona çenli bölejikler saklanyp galynýar, şondan soň suw ters osmos desgasynyň üstünden geçýär.

Soňra dolandyryş enjamynda düwmäniň basylmagy bilen süýjediji desga herekete girizildi we bu ýere ýygnananlar onuň işini synladylar. Bular barada ýaş hünärmen jikme-jik gürrüň berdi.

Deňiz suwy birnäçe tapgyrlarda düýpli arassalanylýar: muňa ilki deslapky, soňra inçe arassalaýjy bölümler jogap berýär. Ahyrynda bolsa oňa arassalanan suw bolmak garaşýar. Süýjedijiniň esasy bölegi ters osmos desgasydyr. Bu ýerde kuwwatly sorujylar örän uly basyş astynda deňiz duzyny geçirmeýän ýörite membranalaryň içine sordurýar. Membranalaryň 12-si deňiz suwuny duzly suw we arassalanan suw hökmünde ikä bölýär. Arassalanan suw minerallar bilen baýlaşdyrylýar, bu bolsa kalsiniň, magniniň we beýleki möhüm elementleriň zerur bolan derejesini üpjün edip, gerekli ölçeglere we ülňülere ýetirilýär hem-de suw göwrümi 40 müň kub metr bolan ýygnaýjy gaba gelip gowuşýar, şol ýerden bolsa suw itekleýji merkeze barýar.

Bu ýerden suw öndürijiligi sagatda 420 kub metr bolan sorujylaryň kömegi bilen geçirijiler boýunça Türkmenbaşy şäheriniň dürli etraplarynyň içimlik suw toplanýan gabyna iberilýär.

Şeýlelik bilen, täze suw süýjediji desga ”Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň arassa içimlik suwuna bolan barha artýan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Soňra dabara gatnaşyjylar barlaghanada deňiz suwunyň süýjedilişiniň hilini kesgitlemek boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdylar, şeýle hem ýap-ýaňyja arassalanmagyň we süýjedilmegiň tutuş ulgamyny geçen suwy içip barlap gördüler we onuň tagam häsiýetlerine ýokary baha berdiler.