Şu gün paýtagtymyzda, umumymilli baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi öz işine başlady. Köpugurly sergi paýtagtymyzdaky Sergi köşgüniň meýdançalarynda ýerleşip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, onuň ägirt uly serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýolunda täze üstünlikleriň, häzirki türkmen döwletiniň ösüşiniň geljegi uly ugurlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Däp bolan foruma gatnaşyjylaryň düzümi ýylsaýyn giňelýär, olar ykdysady we maliýe-bank, bilim we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna, şeýle hem hususy işewürligiň kärhanalaryna wekilçilik edýärler. Şu sergide gatnaşyjylaryň 120-den gowragy, şol sanda firmalaryň we kompaniýalaryň 60-a golaýy, hususy telekeçiligiň wekilleri özleriniň mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň ýokary hilini we hödürleýän hyzmatlarynyň köpdürlüligini görkezýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk ugry, amala aşyrýan içerki maýa goýum syýasaty netijesinde ýurdumyzyň senagat kuwwaty ep-esli berkidildi, degişli durmuş, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzümi kemala getirildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda amala aşyrýan syýasaty bolsa ykdysadyýetiň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen täze kärhanalary döretmek boýunça 2015-nji ýylda kabul edilen täze döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde kabul edilen çäreler hem şu üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün etdi. Bu üstünlikler bolsa ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Sebitleriň senagat pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, olaryň çig mal serişdelerini rejeli ulanmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň möçberli işler dowam etdirilýär. Ahyrky netijede, bularyň ählisi türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Mysal üçin, diňe şu ýylyň sentýabr aýynda täze desgalaryň 70-e golaýy ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda bekre balygyny ösdürip ýetişdirýän kärhana hem-de sebitdäki iri, kuwwaty 504 megewata barabar bolan gazburbina elektrik stansiýasy bar. Şu sanawda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalary we dynç alyş toplumlary, Awaza etrabyndaky binalar toplumy, umumy bilim berýän orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň onlarçasy, ýaşaýyş jaý toplumlary hem-de şäher seýilgähleri bar. Häzirki wagtda Türkmenistanda dürli maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan her ýyl guralýan giňmöçberli pudagara gözden geçirilişiniň açylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplmoatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna iberen Gutlagynda: “Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar, dunýäniň iň kämil tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, durmuşyň dürli ugurlary boýunça edilýän ýokary derejeli hyzmatlar we beýleki üstünliklerimiz bizi örän buýsandyrýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýokary depginler bilen durnukly ösýändigini aýdyň görkezýär” diýip belleýär.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň oňat meýdança boljakdygyna ynam bildirip, oňa gatnaşyjylara mähriban Watanymyzyň mundan beläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi. Sergide döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen birlikde hususy telekeçiler hem özleriniň gazanan üstünliklerini görkezip bilerler.
Sergi köşgünde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan deňsiz-taýsyz işler, milli maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreler barada gürrüň berýän pudaklaýyn ekspozisiýalar ýerleşdirildi.
Bezelen ýöriteleşdirilen pawilonlaryň onlarçasy serginiň myhmanlaryny ýurdumyzyň ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk, söwda we gurluşyk ulgamlarynda, senagat, obasenagat toplumy we oba hojalygy, medeni we ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, neşirýat ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri, şeýle hem paýtagtymyzyň hem-de ýurdumuzyň welýatlarynyň durmuş-ykdysady ösüşi babatda ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrýarlar. Sergä gatnaşyjylaryň ygtyýarynda öňdebaryjy tehnolgiýalar we beýleki serişdeler bar. Munuň özi gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezmäge, täze meýlinamalar hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan milli maksatnamalara-da göz öňünde tutulan wezipeler barada giňişleýin gürrüň bermäge mümkinçilik berýär.
“Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň pawilonlarynda ýörite kartalaryň we pannolaryň kömegi bilen milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ösüşiniň depgini görkezilýär. Şol maglumatlar çalt ösýän düzümler, nebitiň we gazyň özleşdirilen we täze özleşdirilýän ýataklarynyň möçberi, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilişiniň ugurlary, beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň hem-de minerallaryň gorlary, şeýle hem ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça müňlerçe kilometre çekilen elektrik geçiriji ulgamlar barada gürrüň berýär.
Gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, energiýa we suw üpjünçilik ulgamlaryna innowasiýalary ornaşdyrmak, durmuş himiýasynyň, dokma we mebel önümleriniň, azyk önümleriniň önümçiligi, şeýle hem halyçylyk we özboluşly amaly-haşam sungaty ýaly ugurlarda ýurdumyzyň bazarlaryny özleşdiren hususy kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklary serginiň üstüni ýetirdi.
Hususy telekeçileriň köpüsi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýar. Edara binalaryny, önümçilik we durmuş maksatly toplumlary, ähli amatlyklary bolan ýaşyş jaýlaryny, çagalar baglaryny we okuw mekdeplerini, saglyk merkezlerini, sport desgalaryny gurmak boýunça uly döwlet buýurmalary olara ynanyldy. Bu desgalaryň ählisi ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär.
Iri potratçylaryň hatarynda “Dürli ýaz”, “Ýigit”, “Çeper gurluşyk”, “Beýik gurluşyk”, “Belent jaý” hususy kärhanalary, taslamalary işläp taýýarlaýan “Nusaý” kärhanasy, gurluşyk serişdelerini öndürýän “Berk önüm” kärhanasy we beýlekiler bar. Sergide ýerleşdirilen “Aşgabat” medeni dynç alyş toplumynyň, Arçabil we Çandybil şaýollarynyň kesişýän ýerinde gurlan Abadançylyk binasynyň kiçeldilen nusgalary ýurdumyzyň kärhanalarynyň giňmöçberli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge giňden gatnaşýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
“Aýbölek” kärhanasy sergä gelýänlere özüniň mebel önümlerini hödürledi, olaryň hatarynda täze ýumşak mebelleriň köp görnüşi hem-de “çigildem” ýatakhana mebeli bar.
Özüniň datly tagamlary bilen alyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan “Hasar”süýji-köke önümleri owadan gaplary bilen ünsüňi özüne çekýär. Bu önümçiligiň önümleri köpden bäri daşary ýurtlarda hem meşhurdyr. Bu ýerde şeýle hem “Elin” we “Salkyn” görnüşli süýt we peýnir önümleri, “Tomus” çörek-bulka önümleri, şeýle hem “Täze aý” doňdurmasy, miwe suwlary hem-de “8 ýap”, “Saba” we “Joş” miwe şireleri, alkogolsyz “Ak daş” içgisi goýlupdyr. Bu önümleri öndürijiler baýramçylyk saçagyna ýokary hilli önümleri goýmaga çalşypdyr.
Ýurdumyzyň bal öndürijileriniň önümleriniň görnüşleriniň artmagy begendirýär. Şu ýyl ýurdumyzda balçylyk hakyndaky Kanunyň kabul edilmegi netijesinde azyk senagatynyň bu ugry täze ösüşe eýe boldy. Sergide Daşoguz we Mary welaýatlarynyň önüm öndürijileriniň jana şypaly ary balynyň köp görnüşleri görkezilýär.
Serginiň çäklerinde “Türkmenperi” toý we gözellik salonynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan toý lybaslarynyň toplumlarynyň görkezilişi bu çäräniň köp öwüşginli bolmagyny üpjün etdi.
Ertir ykdysady gazanylanlaryň sergisi öz işini dowam eder.