Ï Ýurduň şugundyr ekilen meýdanlarynda hasyl ýygnamak işlerine taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň şugundyr ekilen meýdanlarynda hasyl ýygnamak işlerine taýýarlyk görülýär

view-icon 842
Oktýabr aýynyň ahyrynda ýurduň şugundyr ekilen meýdanynda hasyl ýygnamaga badalga berilýär. Ekin meýdanlarynda ahyrky agrotehniki çäreler – dökün bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergileri, ösüş suwuny bermek, haşal otlara we zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmek işleri öz wagtynda geçirildi.

«Maryşeker» PJ oba hojalyk tehnikasy we Azyk senagaty döwlet birleşiginiň beýleki tehnikalary: iki ýüz töweregi traktorlar, bir ýarym ýüzden gowrak tirkegler we ýük daşaýan awtoulaglar, oba hojalyk maşynlaryna we enjamlaryna hyzmat etmek üçin kömekçi tehnika taýýarlyk hatarynda goýuldy. Ýygymyň başlanmagy bilen ekerançylara «Türkmenobahyzmat» Döwlet birleşiginiň tehnikalary hem kömege geler.

«Maryşeker» PJ kabul ediş nokatlary we önümçilik bölümleri hasyly kabul etmäge taýýar. Olarda gant şugundyry ekin meýdanlaryndan getirilen badyna gaýtadan işlemek we şeker önümçiligi amala aşyrylar. Şu ýylyň bahar paslynda ekerançylaryň tabşyran11 müň tonnadan gowrak gant şugundyryň hasyly gaýtadan işlenende 700 tonna töweregi şeker alyndy. «Maryşeker» PJ öňde duran täze hasyly gaýtadan işlemek bilen bilelikde umumylykda 11 müň tonnadan gowrak şeker almagy meýilleşdirdi.


Ýurduň ekin meýdanlarynda gant şugundyry iki möhletde – ýazda we tomusda bugdaý hasyly ýygnalandan soňra ekilýär. Gant şugundyrynyň has köp möçberi Mary welaýatynyň sekiz etraplarynda – Baýramaly, Wekilbazar, Garagum, Mary, Murgap, Oguzhan, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda ekilýär. Bu sebitde gant şugundyry ýazda 1 müň gektarda, ýene-de tomusda 13 müň 900 gektar meýdana ekilýär.

Geçen ýyl ýurduň gant şugundyry ekilýän meýdanynyň möçberi artdyryldy. Mary welaýatynda ekilýän 14 müň 900 gektar meýdandan başga hem, Balkan welaýatynda hem 3 müň gektar meýdana ekilýär. Ýurduň günbatar sebitinde gant şugundyryny Bereket we Serdar etraplarynyň her biri 1 müň 500 gektar meýdanda ösdürip ýetişdirýär. Bu ýerde hem eýýäm tomusky ekilen hasyldan ikinji sapar bol hasyl alyndy.

Şeýlelik bilen, ýurtda gant şugundyry umumylykda 17 müň 900 gektar meýdana ekilýär. Bu ekilen meýdandan 224 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.