Ï Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda

view-icon 1024
Şu gün türkmen paýtagtynda “Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlar düzümi, talyp ýaşlar, BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň öňüsyrasynda guralan forum Bireleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen we şu ýyl “Maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuşyň hilini ýokarlandyrmak” diýen şygar astynda geçirilýän ikinji Bütindünýä statistika gününe gabatlanyldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Garaşsyzlyk ýyllar içinde Türkmenistanyň döwlet statistikasynyň milli ulgam hökmünde uly ösüş ýoluny geçendigi bellenilýär. Bu gün döwlet statistikasynyň taýýarlaýan maglumatlary, makroykdysady ösüşiň görkezijilerini halkara derejesinde deňeşdirmek mümkinçiligini üpjün etmek bilen bir hatarda, döwlet dolandyryşynyň netijeli bolmagyny, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalarymyzyň durmuşa geçirilmegine seljermegi bermekde ygtybarly maglumat binýadynyň bolmagyny üpjün edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy boýunça uzakmöhletleýin geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda düýbi tutulan berk ykdysady binýat göz öňünde tutulan ägirt uly meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň esasy bolup durýar.

Häzirki jemgyýetde möhüm orun eýeleýän statistika ulgamyny kämilleşdirmek döwlet Baştutanymyzyň ykdysady özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Ol jemgyýetiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini häsiýetlendirýän maglumatlary ýygnamak hem-de seljermek boýunça dürli wezipeleri ýerine ýetirip, dürli düzümleriň, guramalaryň we ilatyň dolandyryş, ylmy-barlag hem-de amaly zerurlyklary üçin esasy maglumatlary beriji hökmünde çykyş edýär.

Forumda çykyş eden BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins BMG-niň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygynyň ornuny hem-de bilelikdäki taslamalarda öňde goýlan wezipeleri we ösüş ulgamyndaky wezipeleri çözmekde öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi.

Çykyş edenler milli statistika ulgamynyň gazananlary barada aýdyp, soňky ýyllarda bu ulgamy kämilleşdirmek maksady bilen, hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ykdysady we durmuş ýagdaýlarynyň statistiki hasabatynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilendigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, döwlet statistikasynyň ösdürilmeginiň halkara ölçeglerine laýyklykda binýatlaýyn statistikanyň täzelenmegini, öňdebaryjy statistika usullarynyň ornaşdyrylmagyny, maglumatlary ýygnamak, statistiki maglumatlary işläp geçmek we geçirmek üçin maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagyny öz içine alýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgam özüniň kuwwatyny artdyrýar. Bu maksatnamada kesgitlenen gaýragoýulmasyz wezipelere laýyklykda, statistikanyň metodologiki usullaryny pugtalandyrmak, hasabatlylygyň hem-de statitstiki gurallaryň häzir hereket edýänlerini täzelemek, täze görnüşlerini işläp taýýarlamak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň “Statistika hakyndaky” Kanunynyň kabul edilmegi bu ulgamyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen ädilen möhüm ädimdigi bellenildi. Bu kanunçylyk namasynyň esasy maksady şu ulgamda bitewi döwlet syýasatyny geçirmekden, döwletimiziň we jemgyýetimiziň doly, anyk, ylmy taýdan esaslandyrylan statistiki maglumatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Galyberse-de, onda BMG-niň halkara ölçeglerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda statistikanyň binýatlaýyn ýörelgeleri kesgitlenildi.

Çykyş edenler buhgalter hasabatlylygynyň we maliýe hasabatlarynyň milli hem-de halkara standartlarynyň ornaşdyrylyşynyň barşynda statistiki gözegçilik ulgamynyň kämilleşdirilýändigini nygtadylar. Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýe hasabatlarynyň milli standartlarynyň ornaşdyrylmagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine geçmäge ýardam edýär. Hasabatyň we statistikanyň halkara tejribesini nazara almak bilen, durmuş statistikasy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, iş bilen meşgullanmak, maýa goýum, hyzmatlar ulgamy, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň statistikasynyň hem-de statistikanyň beýleki ulgamlarynyň metodiki we metodologiki çäreleriinň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň durmuş, ykdysady hem-de ekologiýa ulgamlarynda esasy özgertmeleriň özara baglanyşygyny we ugurlaryny has doly ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän durmuş-ykdysady görkezijiler ulgamynyň kämilleşdirilmegini esasy gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamyň öňünde goýýan wezipelerine laýyklykda, halkara maglumat borçnamalaryny berjaý etmek üçin statistiki görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Maglumatlary belgilemegiň häzirki zaman usullarynyň ulanylmagy milli statistiki maglumatlary halkara bileleşiginiň maglumatlar binýady bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.

Esasy halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, BMG, Bütindünýä banky we beýlekiler, daşary ýurtlaryň milli statistika edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek statistika işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň EKOSOS-a agza bolmagy, şeýle hem Statistiki komissiýa bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk BMG-niň çäklerinde statistika meseleleri boýunça oňyn gatnaşyklara ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi we häzirki wagtda hem üstünlikli amala aşyrylýar. BMG-niň goldaw bermeginde durmuşa geçirilen taslamalaryň hatarynda “Döwlet maliýe statistikasyny kämilleşdirmek üçin maslahat beriş hyzmatlaryny bermek”, “Statistiki kuwwaty artdyrmak”, “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň resmi däl ulgamyny öwrenmek”, “Türkmenistanda harytlaryň we hyzmatlaryň bazarynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary”, “Türkmenistanda maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryna elýeterlilige baha bermek”, “Ilatyň göçüp-gonmagynyň, reproduktiw saglygyň we gender meseleleriniň özara baglanyşygyna düşünmek derejesini ýokarlandyrmak”, “Ilatyň reproduktiw saglygy baradaky maglumatlary ýygnamak, seljermek we ýaýratmak üçin halkara standartlaryny ornaşdyrmak” ýaly taslamalary görkezmek bolar. Umuman, durmuşa geçirilen taslamalaryň ählisi ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň netijeliligini dolandyrmak we seljermek babatda zerur bolan maglumatlary kemala getirmek üçin milli statistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam etdi.

Forumyň barşynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin wezipeleri kesgitlemekde milli statistika ulgamynyň orny, gender syýasatyny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak meselelerinde bu ulgamyň ähmiýeti, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda statistiki hasabatlaryň aýratynlyklary, statistika edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada çykyşlar edildi.

Ýygnananlaryň biragyzdan bellemegine görä, şu ylmy-amaly maslahat milli statistika edaralarynyň işiniň hilini ýokarlandyrmaga, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimizi statistika ulgamynyň işgärleriniň mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekjekdigine, döwlet dolandyryş çäreleriniň netijeliligi, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini seljermek üçin zerur bolan ygtybarly maglumatlar binýadyny üpjün etjekdigine ynandyrdylar hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde hem-de asylly başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdiler.