Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda doly döwrebaplaşdyrylan iri senagat desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Olar Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşmesine degişli Aşgabadyň we paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarydyr.
Dabara mynasybetli dürli baýdaklar, howa şarlary we al-ýaşyl lentalar bilen bezelen kärhanalaryň çäklerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň, desgalaryň potratçysy bolup durýan “Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar we durky täzelenen kärhanalaryň işgärleri ýygnandylar.
Medeniýet we sungat ussatlary, tans toparlary ajaýyp çykyşlary bilen dabaranyň şowhunyny artdyrdylar. Kärhanalaryň öňündäki meýdançada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri paýtagtymyzy we sebitleri gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalary Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşiniň esasy görkezijileriniň birine öwrüldi. Şunlukda, döwlet Baştutanymyzyň talap edişi ýaly, gurluşyklarda halkara ülňüleriniň ýokary görkezijilerine laýyk gelýän hil görkezijileri esasy orunda durýar. Durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylan zawodlarda diwarlyk panelleri olaryň esasy önümleriniň biri bolup durýar. Bu panelleriň netijeli ulanylmagy ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň tizleşdirilmegini, olaryň özüne düşýän gymmatyň peselmegini şertlendirer. Bu önümler berkligi, seýsmiki durnuklylygy we ulanyş häsiýetiniň kämilligi bilen tapawutlanýar.
Gurluşyk ulgamyna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirmek bilen, Türkmenistan özüniň geljegini, ýurduň ösüşi üçin ygtybarly binýady emele getirýär. Ulag we jemagat düzümini ösdürmek, täze kärhanalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmelere, şeýle hem syýahatçylyk, durmuş maksatly, senagat desgalarynyň gurluşygynyň giň möçberli häsiýete eýe bolmagyna laýyklykda, gurluşyk serişdelerine bolan isleg yzygiderli artýar. Munuň özi olaryň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagynyň zerurlygyny öňe çykarýar.
Türkmenistan ykdysadyýeti tutuşlygyna senagatlaşdyrmaga bolan ugra eýermek bilen, döwrebap pudaklaýyn düzümleriň, täzeçil tehnologiýalara daýanýan iri önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ozal hereket edýän kärhanalary giňeltmek we täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek babatda giň möçberli maksatnama durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipe täze tehnologiýalaryň we döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň, gurluşyk serişdeleriniň önümçilik senagatyny ugur edinýän döwrebap kärhanalaryň gurulmagynyň hasabyna ýerine ýetiriler.
...Dabara gatnaşyjylara döwrebap önümçilik desgalarynyň ulanmaga berilmegi, kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylyşy, olarda ornaşdyrylan täze tehnologik enjamlar barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.
Aşgabadyň we paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň gurluşygy üçin demirbeton gurnamalary öndürýän kärhanalar durkunyň täzelenmegi bilen oly önümçilik kuwwatyna çykyp, degişlilikde 100 we 45 müň kub metr demirbeton gurnamalaryny öndürer. Şunlukda, bu kärhanalaryň önümçilik kuwwaty her ýylda 2 müň we ondan hem gowrak öýleri bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik berer.
Bu kärhanalarda oturdylan enjamlar Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň kämil önümleridir.
Önümçilik tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegi we onuň düşewüntligiň ýokarlanmagy täze kärhanalaryň häsiýetli aýratynlygydyr.
Kärhanalaryň önümçlik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň hasabyna olaryň işgärleriniň sany artdy. Kärhanalarda öndürijilikli iş üçin aňrybaş amatlyklar döredildi.
Dabara gatnaşyjylar zawodlaryň bölümleri, olaryň önümçilik işleri we demirbeton önümlerini öndürmekdäki tehnologik aýratynlyklary we olarda oturdylan enjamlar bilen tanyşdylar.
Dabarada çykyş edenler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ägirt uly işler alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Ýurdumyzyň senagat düzüminiň her bir desgasyna täze tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň gurluşyk senagatynda hem sazlaşykly ösüş gazanylýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi dünýäde iň täze enjamlaryň we tehnikalaryň giňden ulanylmagynyň hasabyna gazanylýan üstünlikdir.
Ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň başlanýan pursatlarynda türkmen şäherleriniň we obalarynyň köçelerinden geçeniňde, Türkmenistanda durmuş ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigine göz ýetirýärsiň. Ähli ýerde ýokary döredijilik ruhy, ösüş üçin dürli kuwwatlyklaryň bir ýere jemlenýändigi, jemgyýetimiziň durmuş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygy äşgär duýulýar.
Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap bolan ynamly hereketini aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar.