Ï Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin häzirki zaman kärhanalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin häzirki zaman kärhanalar

view-icon 798
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň öňýanynda Lebap welaýatynyň merkezinde şäheriň gurluşyk senagatynyň esasy kärhanalarynyň biri bolan “Demirbetonönümleri” zawodynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we gaýtadan enjamlaşdyrylmagy tamamlanandan soň, ony ulanmaga bermek dabarasy geçirildi.

Kärhana häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, durky täzelenilen soň, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde Germaniýanyň we Italiýanyň belli maşyngurluşyk enjamlaryny öndürýän kompaniýalarynyň iň häzirki zaman gaplaýjy enjamlary we ulgamlary, awtomatik usulda kebşirleýji abzallary, kesiji armatura gurallary we beýleki degişli enjamlar oturdyldy. Kärhananyň tehnologiýa we tehniki taýdan düýpli täzelenmegi, tehnologiýa işleriniň awtomatik usulda ýola goýulmagy hünärmenlere önümçiligiň ähli tapgyrlarynyň tehnologiki işlerini dolandyrmaga, ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin çykarylýan gurnamalaryň we beýleki serişdeleriň hiline gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Kärhananyň durkuny täzelemek we gaýtadan enjamlaşdyrmak işleri önümçiligi doly togtamazdan amala aşyryldy hem-de tehnologiki işleriň awtomatik usula geçirilmegi işçileriň zähmet şertlerini gowulandyrmaga, degişlilikde önümçiligiň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Indi kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 50 müň kub metr demir-beton gurnamalaryny we serişdelerini çykarmaga ukyply bolar. Taýýarlanýan önümleriň görnüşleri hem artdyrylar. Kärhananyň giň çäkleri göwnejaý abadanlaşdyryldy. Önümçilik bölümleriniň durmuş maksatly binalary abatlanyldy.

Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygy, olary ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurly häsiýete eýedigini bellediler. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň şäherleriniň, şäherçeleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Türkmenabadyň “Demirbeton” kärhananyň durky doly täzelenenip, işe girizilmegi bilen Amyderýanyň kenaryndaky şäherde alnyp barylýan ýaşaýyş jaý gurluşyk işlerini hil taýdan ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Dabarada welaýatyň aýdym-saz we tans toparlary gyzykly konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Zawodyň durkuny täzelemäge gatnaşan iň gowy gurluşykçylara we hünärmenlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.