Ï Goşmaça 20 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goşmaça 20 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi

view-icon 941
Ýurduň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň işgärleri dokuz aýyň tabşyrygyna goşmaça 20 müň tonna golaý suwuklandyrylan gaz öndürdiler. Şeýle hem gaz kondensatynyň önümçiliginde hem guwandyryjy netije gazanyldy – tabşyryga goşmaça 26,6 müň tonna önüm öndürildi. Üstünlikler çylşyrymly enjamlaryň bökdençsiz işledilmegi, tehnologiki tertip-düzgüniň berk saklanylmagy, ýurt garaşsyzlygy ýyllary içinde gurulan Naýyp we Bagaja toplumlarynyň hünärmenleriniň hünär ussatlygynyň yzygiderli ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanyldy.

Naýybyň senagat bölümi Lebabyň demirgazygynda ýerleşip, ol dört bölümden ybaratdyr. Bu ýere tebigy “mawy ýangyç” ýerasty turbalar arkaly Naýyp, Kerpiçli, Böwrideşik, Balguýy, Gyzyldepe we beýleki ýataklardan burawlanan ulanyş guýularynyň onlarçasyndan gelip gowuşýar. Ony guratmak we sowatmak aşa ýokary hem-de aşa pes temperaturalarda tapgyrlaýyn geçirilýär, ahyrynda bolsa kondensirleme işi gerek bolan suwuklyk ýagdaýyna öwrülýär. Gaýtadan işlenenden soňra bir wagtda alynan suwuklandyrylan gaz we gaz kondensaty aýratynlykdaky 50 kilometrlik geçiriji boýunça Gazojak şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän suwuklyk guýulýan terminala ugradylýar. Eýýäm bu ýerden wagonlar we sisternalar, köp ýük daşaýan ulaglar bilen bu gymmat bahaly uglewodorod önümini dürli salgylar, şol sanda daşary ýurtlara hem, äkidilýär, önümiň ikinjisini bolsa - demir ýol arkaly Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna iberilýär. Naýybyň tebigy gazynyň özüni üçünji ugur boýunça magistral gaz geçirijisine berilýär.

Bagaja toplumy hem garaşsyzlyk ýyllarynda guruldy, Ol elli ýyl mundan ozal açylyp, adybyr ýatagynyň günortaragynda ýerleşýär. Bu ýerde gatlaklar biri-birine örän ýakyn ýerleşip, önümi gazyp almak üçin örän amatly bolýar. Şeýle bolsa-da, senagat işlemän galypdyr, diňe ýekeje ulanyş guýusyndan bu ýerden “mawy ýangyç” Seýdi şäheriniň zerurlyklary üçin iberilipdir. Munuň birnäçe sebäpleri bolupdyr, şol sanda gazylyp alynýan gaz kükürtden we beýleki garyndylardan hökman arassalamaly bolmakdan. Ýurt garaşsyzlygynyň gazanylmagy we ondan soň häzirki zaman senagat bölümleriniň gurulmaly bu ýataga ikinji ömri beripdir.

Häzirki wagtda Bagajada enjamlaryň ikisi hereket edýär, özi hem onuň ikinjisi üç ýyl mundan ozal kanadanyň “Termo Dizaýn inžiring” firmasy we “Lebapnebitgazgurluşyk” tresti tarapyndan ulanyşa berildi. Suwuklandyrylan gaz we onuň bilen utgaşykly alynýan kondensat ammarlara iberilýär. Soňra propan-butan 40 kilometrlik turba geçirijisi boýunça Seýdiniň nebiti gaýtadan işlenilýän zawodynyň guýulyş terminalyna gowuşýar, ondan bolsa eksport ugurlary boýunça iberilýär Ugurdaş alynýan gaz kondensaty hem beýleki turba boýunça SNGIZ iberilýär. Bu ýerde ondan daşary ýurtlarda aýratyn isleg bilen ulanylýan dury nebit önümleri öndürilýär.