Ï Türkmenabatda tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylandan soňra demirbetonönümleri zawody işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabatda tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylandan soňra demirbetonönümleri zawody işe girizildi

view-icon 737
Türkmenabatda –tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylandan soňra “Demirbetonönümleri” zawody işe girizildi. Bu kärhana şäheriň baýry gurluşyk senagaty kärhanalarynyň biridir.

Indi bu zawod tehnikanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Zawodyň bölümlerinde Germaniýanyň we Italiýanyň meşhur maşyngurluşyk kompaniýalarynda öndürilen iň häzirki zaman gaplaýjy maşynlary we liniýalary, awtomatiki kebşirleýji agregatlar, armaturany kesýän enjamlar, tokar we slesar stanoklary oturdyldy. Iň täze kompýuter ulgamy hünärmenlere önümçiligiň ähli bölümlerinde tehnologiki işleri dolandyrmagy, öndürilýän jaý-gurluşyk konstruksiýalaryň we beýleki önümleriň hiline gözegçilik etmegi amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Zawodyň çäklerindäki önümleriň hiline hem netijeli gözegçilik etmek üçin zerur bolan mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.

Zawody doly togtatmazdan amala aşyrylan kärhanany döwrebaplaşdyrmak tehnologiki işleri awtomatlaşdyrmak arkaly işiň öndürijiligini artdyrmaga, işçileriň iş şertlerini gowulandyrmaga we elbetde, öndürilýän önümiň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Indi zawodyň taslama kuwwatlylygy ýylda 50 müň kubmetr demirbeton konstruksiýalary we önümleri öndürmäge niýetlenendir. Öndürilýän önümleriň görnüşleri hem köpeldiler.