Ï Türkmenistanda gazy konwersiýalamakda ilkinji sapar täze tehnologiýalar ulanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda gazy konwersiýalamakda ilkinji sapar täze tehnologiýalar ulanylýar

view-icon 941
Ýurdy 2030-njy ýyla çenli senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, täze iň häzirki zaman gazy we nebiti gaýtadan işleýän önümçiligini gurmak bellendi. Hususan-da, golaý geljekde – polietilen we polipropileni öndürýän krekingli etanly enjamly zawody gurmak, şeýle hem buýuryjysy “Türkmengaz” Döwlet konserni bolup durýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar.

Täze kärhanalaryň gurulmagy uly bähbitleri göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, Gyýanlyda kuwwatlylygy ýylda 5 milliard kubmetr gazy öndürmäge mümkinçiligi bolan iri gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasy düzüldi. Onuň potratçysy bolup bolsa “Hyndai Engineering Co., Ltd”, “LG International Corp.” we “Toyo Engineering Corporation” kompaniýalarynyň konsorsiumy çykyş edýär. Bu toplumda ýylda 386 müň polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndüriler.


Beýleki möhüm desganyň biri hem, dünýäde taýy bolmadyk, Owadandepede gurulýan tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawod bolar. Bu ajaýyp kärhanany gurmak “Kawasaki Heavy Industries LTD” we “Ronesans Endustri Tesisleri Insat Sanayi Ve Ticaret A.S.” kompaniýalaryň konsorsiumyna ynanyldy. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün ediljek bu zawodda her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 785 million kubmetri gaýtadan işlener we ýylda ýokary hilli 92 belgili (Euro-5) benzin öndüriler. Bu kärhanalaryň ikisini hem 2018-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Bu tema boýunça biz gürrüň bermegini sorap, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň gaýtadan işlemek barlaghanasynyň müdiri, tehniki ylymlarynyň doktory, professor Annamyrat Aşyrowa tebigy gazdan hereketlendirijiniň suwuk ýangyjynyň gaýtadan işlenilmegini nähili tehnologiýalar üpjün eder diýip, ýüz tutduk.

- Men sizi begendirmek isleýärin: tebigy nebit ýataklarynyň köp ulanylmagy adamzady hereketlendirijiniň ýangyjynyň gyt bolmagyna düýbünden sezewar etmez. Himiki düzümi boýunça benzine, kerosine ýa-da dizel ýangyjyna meňzeş bolan maddalary nebit däl uglewodorod çig malyndan alyp bolýar. Himikler bu meseläni baryp 1926-njy ýylda, haçan-da nemes alymlary F.Fişer we G.Tropş atmosfera basyşynda (СО) uglerodyň monooksid dikeldişiniň täsirini açanda çözdüler.


“Sintez-gaz” adyny alan uglerodyň we wodorodyň garyndysyny tebigy çig malyndan almak örän ýeňil: suw buguny kömrüň üstünden göýbereniňde (kömri gazlaşdyrmak) ýa-da demir katalizatorlaryň gatnaşmaklarynda tebigy gazy suw bugy bilen konwersirläniňde alyp bolýar.



Bar bolan tehnologiýalar metanoly döretmek arkaly tebigy gazdan ýokary hilli benzini we dizel ýangyjyny almaga mümkinçilik berýär. Ilki – generatorda sintez-gaza öwrülýän tebigy gaz metan. Soňra sintez-gaz ýörite işlenilip taýýarlanan katalizatorlaryň gatnaşmaklarynda ýangyç uglewodorodlara öwrülýär. Krany towlap taýýar önümiň gerek möçberini önümçilige göýberip, öz islegiň boýunça metanol, DME, dizel ýangyjyna meňzeş uglewodorodlaryň garyndysyny, sintetiki benzini alyp bolýar.

Şeýle işi senagat taýdan ornaşdyrylmagynyň ykdysady bähbidine baha bermek kyn. Sebäbi tebigy gazdan sintetiki suwuk ýangyjyň önümçiligi: göni ýatakda ýa-da gaz geçirijiler arkaly bermek gaýtadan işlemäge goýulýan maýa goýumlarynyň möçberini ep-esli azaldýar.

Türkmenistanyň esasy ýataklaryndan (“Galkynyş”, “Döwletabat” we beýlekiler) gazylyp alynýan tebigy gaz düzüminde gomolog etanlaryny az saklaýan gaza degişlidir, ýöne sulfidnililigi ýokary derejedir. Şunuň bilen baglylykda aýratyn üns gaz guýularynyň önümlerini (separasiýa, absorbasiýa, adsorbasiýa, hemosorbsiýa) ylmy taýdan öwrenmäge we önümleri tapgyrlaýyn arassalamakda öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga gönükdirilen ylmy gözleglere berilmelidir. Eksport edilýän gazyň hilini ýokarlandyrmaga, şol bir wagtyň özünde hem gazyň düzüminden bölünip aýrylýan sulfid gazlaryny zyýansyzlandyrmaga gönükdirilen tehnologiýalar has uly ösüşleri gazanar.

Häzirki wagtda harytlyk gazy almak üçin ilkinji fiziki we çig gazy fizika-himiýa taýdan gaýtadan işlenilmegi gerek bolmajak we zyýanly galyndylardan tapgyrlaýyn arassalamak bilen çäklenäýr. Ýokary hilli arassa harytlyk gazy öndürmek gerek bolan halatynda, diwersifikasiýa we konwersiýa üçin gerek bolanda, bu ulgama ýene-de bir tapgyry – adsorbasiýany goşmaly bolar. Bu tehnologiýa diňe bir Owadandepede gurulýan gazhimiýa toplumy üçin gerek bolan ýokary hilli harytlyk gazyň önümçiligi üçin ulanylmaz.


Tebigy gazyň fizika-himiýa konwersiýasy ýurduň ÝET ösdürmegiň esasy möhüm ugry bolup durýar. Dünýä ýüzüniň alymlarynyň bir tapgyrda metany suwuk gidrokarbonaty konwersirlemäge eden synanyşyklary oňyn tehnologiýalary we ykdysady netijeleri bermedi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda metany iki-üç sapar çylşyrymly çuňňur gaýtadan işlenilmegi gazy fizika-himiýa taýdan konwersiýalamagyň ýeke-täk senagat usuly bolup durýar. Bu tehnologiýa senagat derejede ilkinji sapar Türkmenistanda ulanylar.

Ahal welaýatynda gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna başlandy. Onda tebigy gazyň 1,5 mlrd kubmetri konwersiýalananda her ýylda 600 müň tonna sintetiki benzin öndüriler. Deňeşdirmek üçin: nebitden 600 müň tonna benzini almak üçin azyndan 2 mln tonna nebiti gaýtadan işlemeli. Alynan benzini ýangyç ýakýan hereketlendirijiler üçin ekologiki taýdan arassa ýangyç hökmünde ulanyp boljakdygy bellenmäge mynasypdyr. Ol awtoulaglaryň ýangyç ýakanda howa çykýan gazynyň düzüminde gaty bölekleri saklamakda ýewropa talap edijileriniň iň berk talaplaryna laýyk gelýär.

Tebigy gazdan alynýan hereketlendirijiniň ýangyjy nebiti gaýtadan işlenilýän önümlerden gymmat düşmeýär, hili boýunça bolsa olardan hem ýokarydyr. Mundan hem başga, bu ýangyjyň ýanmagy üçin dizel ýangyjynyň ýanmagyna garanyňda az kislorod gerekdir.

Şeýlelik bilen, 2018-nji ýylda gazhimiýa toplumynyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmekde iň möhüm wakalaryň biri bolar.