Paýtagtyň gurluşygynyň nobatdaky 14-nji tapgrynyň çäklerinde gurulmaly desgalaryň ählisinde gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy.
Şeýlelikde demirbeton işleri 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-4-nji gatlarynda alnyp barylýar. Köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisinde timarlaýyş işleri alnyp barylýar. Ýene-de binalaryň bäşisiniň düýbi tutulýar. Bu çäklerde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar bagynyň düýbi guýuldy.
Täze arhitektura toplumy Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde, Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň, Oguzhan we 1971-nji (G.Ezizow) köçeleriniň arasynda gurulýar. Bu bölegiň gurluşygyna şu ýyl badalga berildi.
Umuman, paýtagtyň gurluşygynyň nobatdaky 14-nji tapgrynyň çäklerinde desgalaryň 23-si gurular, olaryň 22-si 12 gatly 44-66 ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarydyr. Bu jaýlaryň birinji gatlarynda senagat we azyk harytlary satylýan dükanlar ýerleşer. Şeýle hem bu çäklerde 160 orunlyk çagalar bagy gurular.
Bu ýaşaýyş jaý toplumy gurluşygyň nobatdaky 13-nji tapgyry bilen ýanaşyk ýerleşer. Binalaryň 18-si jemgyýetçilik we dolandyryş ähmiýetli desgalar bolar.
Häzirki zaman standartlaryna laýyklykda paýtagtyň gurluşygynyň nobatdaky 14-nji tapgyrynyň awtorlary tarapyndan ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek göz öňünde tutulandyr. Dynç almak üçin meýdançalar, çagalar üçin, sport bilen meşgullanmaga, medeni-köpçülikleýin çäreleri, dabaraly çäreleri geçirmek üçin meýdançalar, awtoulag goýar ýaly ýer gurular. Binalaryň çäklerini gül ekilýän ýerler, gök zolaklar bezär.
Şäheriň gurluşygynyň bu tapgyrynyň taslamasynyň meýilnamasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanyldy. Bu iri göwrümli taslamany amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kompaniýalarynyň onlarçasy işleýär. Bu desgalaryň gurluşygyny tamamlap, olary dolylygyna tabşyrmak indiki ýylyň oktýabr aýynda bellendi.