Ï TOPH türkmen bölegi iki ýylda gurular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TOPH türkmen bölegi iki ýylda gurular

view-icon 835
Kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gaz bolan täze energetika taslamasyny – Türkmenistan-Owganysran-Päkistan-Hindistan halklara turba geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga şu ýylyň dekabr aýynda başlanar. Gurluşyk işleri ýurduň ÝET güýçleri bilen alnyp barylar.

TOPH taslamasy boýunça ýolbaşçy komitet tarapyndan “TAPI Pipeline Company Limited”paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna saýlanan “Türkmengaz” Döwlet konserni we potratçy “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserni gaz geçirijisiniň ýurduň çäginden geçýän böleginiň taslamasyny we gurluşygyny amala aşyrýar. Ýolbaşçy hökmünde konserniň hünärmenleri gurluşyk boýunça özara hereket etmäge, maliýeleşdirmäge, turba geçirijisine eýe bolmaga we ulanmaga ýolbaşçylyk eder. Türkmenistanyň çäklerinden geçýän türbageçirijisiniň bölegini taslama gurluşyk işleri “Türkmengaz” Döwlet konserniniň serişdeleriniň we halkara maliýe institutlarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Häzirki wagtda geljekki iri gaz geçirijisiniň ugrunda “Türkmengaz” DK degişli bolan Nebit we gaz institutynyň hünärmenleri inženerçilik-gözleg işlerini alyp barýarlar. Olar iri “Galkynyş” gaz ýatagyndan Owganystanyň serhedine çenli geljekki iri gaz geçirijisiniň toplumlaýyn tehniki we geologiýa-gözleg işlerini alyp barýarlar. “Türkmengaz” DK gaz ýataklaryny özleşdirmek we turba geçirijileriň gurluşygy boýunça müdirliginiň buýurmasy boýunça TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň esasy potratçysy – “Türkmennebitgazgurluşyk” DK bir wagtyň özünde bu iri gaz geçirijisiniň ugry boýunça awtoulag ýoluny çekmek işlerini alyp barýar. Bir wagtyň özünde bu turba geçirijisiniň ýol böleginde we onuň ýerüsti kömekçi böleklerinde oturtmak we ulanmak üçin zerur bolan enjamlary seljermek we saýlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýlelik bilen, bu taslama gatnaşyjylar onuň ilkinji işlerini – turba geçirijisiniň liniýa bölegini çekmäge çynlakaý çemeleşdiler.

Gurluşyga badalga bermek işlerinde TOPH taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň çözgüdi möhüm ähmiýete eýe boldy. Onuň işine taslama gatnaşyjy pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Filippinler Respublikasynyň Manila şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistan-Owganysran-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek we Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi geçirilen gepleşikleriň temasy boldy. Taslama boýunça Transaksion maslahatçy hökmünde işleri üstünlikli tamamlan we taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýar Aziýa ösüş banky bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Gepleşikleriň barşynda bankyň gurluşygy diňe bir maliýeleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem beýleki karz serişdelerini çekmäge hem goldaw berjekdigi, maliýeleşdirmäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň we maýadarlaryň ählisiniň işini utgaşdyrmaga gatnaşjakdygy, şeýle hem olaryň öňünde kepil hökmünde çykyş etjekdigi tassyklandy.

Maslahata gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň türkmen tebigy gazyny ibermegi taslamasynyň çaltrak iş ýüzünde amala aşyrymagyna gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek tassykladylar. Bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen öň gazanylan ylalaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da komitetiň soňky mejlislerinde “Türkmengaz” DK tarapyndan ýolbaşçykyk edilýän konsorsiumyň agzalarynyň paýdarlar we maýa goýum Ylalaşygyny ara alyp maslahatlaşmak geçirildi, şeýle hem “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar jemgyýeti parafirlendi. Birnäçe gün mundan ozal Stambulda (Türkiýe) taslama gatnaşyjylar gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin ilkibaşdaky büjetini tassyklamak we bu sebitiň ekologiýasyny hem-de daşky gurşawa tehnogen täsirini göz öňünde tutýan çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça ýygnanyşdylar.

Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan TOPH magistral gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagyna diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlar gyzyklanma bildirmän, eýsem dünýä kompaniýalarynyň köpüsi gyzyklanma bildirýärler. Ýakynda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hünärmenleri ýaponiýanyň “Mitsubishi”, “Chiyoda”, “Sojits”, “Itochu” we “JGC” korporasiýalarynyň wekileri bilen duşuşdylar. Duşuşykda gürrüň gazy ibermegiň diwersifikasiýasy, hususan-da, TOPH halkara taslamasynyň esasy serişde binýady boljak “Galkynyş” iri ýatagynda tebigy gazy gazyp almagy we gaýtadan işlemegi ýaýbaňlandyrmak barada boldy. Şeýle hem gürrüň bu ýerden gazylyp alynýan tebigy gazy ilkinji sapar arassalamakda öňdebaryjy tehnolgiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri we häzirki zaman gaz arassalaýjy zawodlary gurmak, mundan hem başga bu taslamanyň tehniki-ykdysady esaslaryny taýýarlamak barada boldy.

TOPH gaz geçirijisi üçin tebigy gazyň gerek bolan mukdaryny üpjün etmek maksady bilen, ýaponiýanyň belli kompaniýalary bilen “Galkynyş” ýatagynyň bölegini abadanlaşdyrmak barada Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Biziň hünärmenlerimiziň ykdysady hyzmatdaşlar bilen Tokioda bolup geçen duşuşygy bu hyzmatdaşlygyň dowamy boldy. Şeýle hem bu ýerde ýaponiýanyň belli kompaniýalary we Halkara hyzmatdaşlyk banky bilen “Galkynyş” ýatagynyň üçünji tapgyryny abadanlaşdyrmak boýunça – tebigy gazy gaýtadan işlemek we eksport etmek üçin iki sany gaz arassalaýjy kärhanany we alty sany gaz ýygnaýjy nokatlary gurmak babatda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça gepleşikler geçirildi. Daşary ýyrt kompaniýalary bilen ilkinji sapar 10 MPa-lyk basyş bekediniň taslamasy işlenilip taýýarlanylar. Bu bolsa tebigy ýangyjyň gerek bolan mukdaryny gaz akdyryş ulgamyna berilmegini üpjün eder.