Ï “Dragon Oýl” Hazaryň ýataklaryny işläp taýýarlamaga maýa goýumlaryny artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Dragon Oýl” Hazaryň ýataklaryny işläp taýýarlamaga maýa goýumlaryny artdyrýar

view-icon 928
>“Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen “Çeleken” şertnamalaýyn çäklerde nebiti we gazy işläp taýýarlamak barada işleri geçirmegi göz öňünde tutýan önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga (ÖPHY) gol çekenine eýýäm 15 ýyl geçdi. Şu geçen ýyllaryň içinde kompaniýa tarapyndan Hazaryň kenaryny özleşdirmekde uly tejribe toplandy.“Dragon Oýl” kompaniýasy diňe bir täze guýularyň köp sanlysyny ulanman, eýsem köne guýylary hem ulanýar. Olarda nebit akymyny köpeltmek üçin işler yzygiderli geçirilýär. Şonuň üçin hem onuň ortaça bir gije-gündiziň dowamynda Jeýtun we Jygalybeg ýataklaryndan gazyp alýan ýangyjy gyşarnyksyz ösýär – 2000-nji ýylda 7000 barrel bolan bolsa, 2015-nji ýylda 95 müň barrele ýetdi. Şunlukda kompaniýa çig nebitiň çykarylyşyny dowamlaýyn, azyndan indiki bäş ýylyň dowamynda 100 000 barelde saklamaga taýýar.

Maýa goýumlar ösleşdirmegiň depginini kesgitledi

Häzirki günde biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz deňiz ýataklaryny özleşdirmäge 4,8 milliard möçberde dollar goýdular we maýa göýumynyň möçberini işjeň artdyrýarlar. Hazar deňziniň ýalpaklarynda täze platformalaryň dokuzsy – ulanyş, uzel we ýaşaýyş jaýly platformalary guruldy. Bar bolan platformalaryň durkuny täzelemek işleri geçirildi, nebiti toplumlaýyn taýýarlamak we guýmak bölümine gelip gowuşýan köp fazaly önümiň möçberini artdyrmak üçin täze magistral turba geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy. Ýataklarda buraw işleri dürli görnüşli - “ELIMA”we “NEPTUNE”özi ýük göterijileriň ikisi, hem-de “SAKSON” ýaly ýerüsti enjamyň buraw enjamlaryny ulanmak arkaly alnyp barylýar. Häzirki zaman enjamlarynyň ulanylmagy hünärmenlere ýataklaryň özleşdirilişini ep-esli çaltlandyrmaga we bellenen gazylyp alynşyny ýeterlik derejede saklamaga mümkinçilik berdi. Soňky üç ýarym ýylyň içinde kompaniýa guýularyň 30-dan gowragyny ulanyşa berdi.

Şeýle ýokary önümçilik görkezijileri Türkmenistanyň Hökümeti we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewododrod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmk baradaky Döwlet agentligi bilen ýakyndan hyzmatdaş edilmegi we hemmetaraplaýyn goldamagy netijesinde gazanyldy.


Şeýle hem birnäçe iri göwrümli we strategiki möhüm desgalary öz içine alýan “Çeleken” şertnamalaýyn çäkleriň kenar nebitgaz infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Nebiti toplumlaýyn taýýarlamak we guýmak bölüminiň kuwwatlylygyny artdyrmak üçin kompaniýanyň hünärmenleri çig nebiti daşamak üçin magistral liniýany gurdular we ulanyşa berdiler. Mundan hem başga, häzirki wagtda bölümiň çäklerinde nebiti saklamak üçin umumy sygymlylygy 160 000 tonna bolan täze uly göwrümli gaplaryň sekizisiniň gurluşygy işjeň alnyp barylýar.

Bu iri göwrümli taslamany tamamlamak 2016-njy ýylyň birinji ýarymyna bellenildi. Şunlukda, geljekde kompaniýanyň mundan beýläk hem ösmegi üçin bu taslamanyň ähmiýetine baha bermezlik mümkin däl. Sebäbi nebiti saklamaklygyň kuwwaty häzirki wagtda 300 000 barrel (40 000 tonna) bolan bolsa, onda ol uly göwrümli gaplary bilen 1 500 000 barrele (200 000 tonna) ýetiriler. Goşmaça nebit ammarlarynyň we turba geçirijileriniň gurulmagy bilen birbada tankerleriň ikisini ýüklemäge mümkinçilik bolady. Bu bolsa kompaniýanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy.


Kompaniýa gelejekde gazylyp alynýan önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen maýa goýumlaryny artdyrmagy, täze platformalary gurmagy, ugurdaş gazy taýýarlamak üçin we gazy senagat taýdan taýýarlaýan beketde gaz kondensatyny bölüp aýyrýan kuwwatyklary gurmagy maksat edinýär.

Durmuş jogapkärçiligi we kadrlar

“Çeleken” şertnamalaýyn çäkleri taýýarlamak “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy üçin birinji derejeli ähmiýetli taslama bolup durýar. Kompaniýanyň öňünde hyzmatdaşyň durmuş jogapkärligi jähtinden telekekeçiligi alyp barmagyň ähli ugurlary boýunça çemeleşmek wezipesi durýar. Şonuň üçin hem “Dargon oýl” köp ýyllar bäri ýerli ilat üçin iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýar. Häzirki wagtda dünýäniň onlarça ýurdunyň hünär ussatlarynyň iki müňsiniň zähmet çekýän desgalarynda Türkmenistanyň raýatlary onuň 93 göterimni tutýar.


Kompaniýa tarapyndan kadrlary taýýarlamak maksatnamasy işlenilip taýýarlandy. Bu maksatnamanyň çäklerinde “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň önümçilik binýadynda häzirki zaman okuw merkezi işleýär. Onda ýerli hünärmenler her ýylda hünär kämilleşdiriş boýunça dürli treningleriň çäklerinde gerek bolan hünär bilimlerini we endiklerini ele alýarlar. Diňe soňky iki ýylyň içinde Türkmenistanyň raýatlaryny-işgärlerini okatmak we hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin ABŞ-nyň 3,5 million dollary möçberinde maýa goýumlary goýuldy.

Ýerli işgärleri okatmak üçin olar her ýylda BAE, Russiýa Federasiýasynyň, Malaýziýa we Ýewropa ýurtlaryna iberilýär. Hünärmenleriň ýüzlerçesi her ýylda “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň bölümlerinde mundan beýläk hem işlemek üçin daşary ýurtlarda okuw we taýýarlyk geçýärler. Mundan hem başga, hünärleri boýunça ýokary okuw mekdepleriniň gaýybana bölümine okuwa giren kompaniýanyň işgärleri her ýylda maliýe kömegini alýarlar. Zehinlileri ösdürmek barada 2013-nji ýylda kabul edilen meýilnama boýunça wagtyň geçmegi bilen daşary ýurtly işgärleriň ornuny tutup biljek kompaniýanyň ukyply we işjeň işgärlerini saýlap almak geçirilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde olar dünýäniň iri trening merkezlerinde iş tejribeligini geçýärler.

Deňiz we kenar – goralýan çäkler

Kompaniýanyň deňiz ýataklarynda we kenar desgalarynda daşky gurşawyň howpsuzlygyna gözegçilik edýän hünärmenleriniň sany we derejesi ep-esli artdy. Kompaniýa nebit işlerinde Hazar deňziniň giňişliklerini gorap saklamak baradaky Türkmenistanyň Kanunçylygyny berk berjaý edýär we galyndysyz işlemek syýasatyna ygrarly bolmaga çalyşýar. Iki ýyl mundan ozal, daşky gurşawy goramak hakyndaky maksatnama laýyklykda, kompaniýa ýöriteleşdirilen öwreniş meýdanyny ulanmaga berdi. Onda önümçilik işleriniň galyndylary – buraw şlamy, gaty we durmuş galyndylary gaýtadan işlenilýär. Bu bolsa Çeleken ýarym adasynyň daşky gurşawyna ýetirilýän zyýany ep-esli azaltdy.

Şeýle hem kompaniýa şu ýyl Daşky gurşawy (Türkmenistanyň tebigatyny) goramak baradaky Balkan welaýaty boýunça Jemgyýetine agzalyga girdi. Onda bilelikdäki ekologiki taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Nebit kompaniýasynyň senagat işi Hazar şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Bu ýerde ol önüm öndürijileriň borjy – bilelikde aladalanmak düşünjesinden ugur almak bilen, ýerli häkimiýet we ilat bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Şonuň üçin hem kompaniýa her ýylda Hazar şäheriniň ilatynyň ilkinji zerurlyklaryna we sarp edijiliklerine laýyk gelýän iri möhüm taslamalary amala aşyrmak barada borçnamany öz üstüne alýar.

Meselem, Hazar şäherinde iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýüniň gurluşygynyň taslamasy amala aşyryldy. “Dragon Oýl” kompaniýasynyň işjeň goldaw bermeginde şäher hassahanasynyň otaglary abatlandy, bu lukmançylyk edarasynyň dürli otaglary gerek bolan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün dildi. Mundan hem başga, “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň hünärmenleri ýerli Medeniýet öýüniň durkuny täzelemegiň we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny işläp taýýarladylar.

Şeýle hem nebit çykaryjylar howandarlyk edýän mekdepleriniň we çagalar baglarynyň okuw otaglaryny we kömekçi jaýlaryny abatlamak işlerini geçirýärler. Olaryň ugurdaş enjamlary we mebelleri çalşylýar, şeýle hem bilim edaralary häzirki zaman multimediýa tagtalary we kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilýär. Şunlukda, “Dragon Oýl” kompaniýasy şular ýaly işleri ýerine ýetirmek üçin ýerli gurluşyk kompaniýalaryny işjeň çekýär. Şeýlelik bilen olar Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Medeniýete we sporta – hemaýatlyk goldawy

Kenarýaka şäheriniň medeniýeti we sporty hemaýatlyk kömeginiň desgalary boldy. Kompaniýa şäheriň ilaty üçin medeni-köpçülikleýin çäreleri guramakda hemaýatlyk kömegini yzygiderli berip durýar. Ýerli döredijilik toparlary üçin sahna lybaslary we elektrosaz gurallary, kompýuter tehnikasy satyn alynýar.

Kompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna Hazar şäheriniň bedenterbiýe-sagaldyş merkezinde boks sporty üçin ring oturdyldy, ýaryşa gatnaşýanlar üçin, eminler üçin sport egin-eşikleri, şeýle hem Hazar şäher sport komiteti bilen bilelikde woleýbol, basketbol, boks we futbol oýunlary boýunça geçirilýän “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň Kubogy ugrundaky açyk birinjiliginiň ýeňijilerine baýraklar satyn alynýar. Hazar şäheriniň çagalar-ýetginjekler sport toparlary üçin egin-eşikleri we inwentarlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Kompaniýanyň ýardam bermeginde Hazar şäheriniň orta okuw mekdepleriniň arasynda futbol, woleýbol we basketbol oýunlary boýunça möwsümleýin birinjilikler geçirilýär. Kompaniýa sport toparlaryna halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin hemaýatlyk kömegini berip durýar. Şeýlelikde, şu ýyl “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň ýardam bermeginde Hazar şäheriniň woleýbol boýunça ýaşlar topary Bolgariýada “Gara deňiz-2015” ady bilen geçirilen XI Halkara ýaşlar bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly üçünji orny eýelemegi başardy

Kompaniýa hemaýat kömegini bermek bilen, Türkmenistanyň milli toparlarynyň dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmaklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşdy. Şol ýaryşda türkmen türgenleri gazanan baýraklarynyň sany boýunça umumy topar hasabynda birinji orny eýelediler.

“Dragon Oýl” birnäçe ýyl bäri mümkinçilikleri çäkli bolan adamlary bedenterbiýä we sporta çekmekde hoşniýetli çäreleri amala aşyrýan Milli paraolimpiýa komitetine, Milli ýörite olimpiýa merkezine we beýleki guramalara ýardam berip gelýär.