Ï Daşoguz sebitinde gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän hususy kärhana gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz sebitinde gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän hususy kärhana gurulýar

view-icon 958
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň çäklerinde gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän hususy kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Desga “Kaşaň bina” hususy kärhanasynyň toparlary tarapyndan gurulýar.

Täze gurluşyk bir ýarym gektar meýdany eýeleýär. Häzirki wagtda dolandyryş müdirliginiň binasynyň, iki sany önümçilik binalarynyň boýy galdyryldy, suw we ýangyna garşy niýetlenen uly göwrümli gaplar guruldy. Sehleriň biri tomat pastasyny, duzly we marinada ýatyrylan gök önümleri, miwe jemlerini öndürmäge niýetlenendir. Beýleki bölümde miwe içgilerini öndürýän iň täze liniýa oturdylar. Geljekki gaýtadan işleýän önümçilik ýylda miwe-gök önümleriň bäş ýüz müň sany gabyny taýýarlamaga niýetlenendir.

Şunlukda, telekeçileriň özleri gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berilen on üç gektar ýerde ösdürip ýetişdirmek bilen, önümçiligi miwe we gök önümler bilen özleri üpjün ederler. Çig malyň bir bölegi oba hojalyk önümlerini öndürijilerden we sebitiň sarp ediş bazarlaryndan satyn alynar.

Bu gaýtadan işleýän önümçiligi 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy täze iş orunlaryny döreder, ýerlerde öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrar. Telekeçiler golaý geljekde bolsa, öz önümlerini “Türkmenistanda öndürildi” ýazgy bilen eksport etmegi ýola goýmagy maksat edinýärler.