Ï “Daýhanbankyň” karz puluna 13000 tonnadan gowrak gök we bakja ekinleri satyn alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Daýhanbankyň” karz puluna 13000 tonnadan gowrak gök we bakja ekinleri satyn alyndy

view-icon 998
“Daýhanbank” tarapyndan şu ýylyň tomsunda daýhan birleşiklerinden kartoşkany, gök we bakja ekinlerini satyn almak üçin göýberilen karz puluň hasabyna şu ýyl Azyk senagaty döwlet birleşigi tarapyndan 13 müň tonnadan gowrak önüm satyn alyndy. Bu oba hojalyk önümçiligini, hususan-da, gök we bakja ekinlerini höweslendirmek hem-de ýerli önümler bilen ýerli bazarlary doldurmakda geçirilen çäreleriň biri bolup durýar. “Daýhanbank” tarapyndan berilýän karz pul ýeňilleşdirilen şertlere esaslanyp, ol bary-ýogy 2 göterim bilen berilýär we ýylyň ahyryna çenli hereket edýär.

Azyk senagaty döwlet birleşigi karz serişdeleriň hasabyna baglaşylan bahalar boýunça daýhan birleşiklerinden kartoşkany, sogany, kelemi, pomidory, hyýary, käşiri, şeýle hem garpyzy, gawuny we kädini satyn alýar hem-de ekerançylar bilen hasaplaşygy geçirýär, satyn alynan önümler bilen bazarlary üpjün edýär.

Azyk senagaty döwlet birleşiginiň daýhanlar bilen ýola goýan bu hyzmatdaşlygy ekerançylar tarapyndan öndürilen gök we bakja ekinlerini ýerlemegiň amatly, köpçülikleýin we oňaýly ugurlarynyň biridir. Bu babatda oba hojalyk ekinlerini öndürijileriniň satyn alyjyny saýlap almaga ýa-da ýetişdiren ekinlerini ýerli bazarlarda özbaşdak ýerlemäge hukuklary bardyr.

Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik banky türkmen oba hojalyk işgärleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge we türkmen OHT ösdürmek uşine ýöriteleşdirilýär.