Ï Ahal welaýatynda hususy eýeçiligiň ýedi kärhanasy ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýatynda hususy eýeçiligiň ýedi kärhanasy ulanmaga berildi

view-icon 1262
Tamamlanyp barýan 2015-nji ýylyň ahyrynda türkmen telekeçileri önümçilik maksatly desgalary ulanmaga tabşyrýarlar, bu ýyl biziň ýurdumyz üçin hakykatdan-da belent sepgitleriň gazanylýan döwri boldy. Şu gün Ahal welaýatynda hususy telekeçilige degişli desgalaryň birbada ýedisi ulanmaga berildi.

Türkmen topragy tebigy serişdelere hem, olary özleşdirýän zähmetsöýer adam mümkinçiliklerine baýdyr we bol hasyl häzirkizaman derejesinde gaýtadan işleýnilýär. Ulanmaga berilýän kärhanalaryň sanawy hem muňa şaýatlyk edýär. Bu desgalar maldarçylyk hem-de ekerançylyk, azyk senagaty, şeýle hem gurluşyk serişdeleri önümçiligi ulgamyna degişlidir.

Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda Baharly etrabyndaky et-süýt önümçiligi boýunça iri maldarçylyk toplumy hem bar. Tehnikanyň ýokary gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bu toplumda ýeterlik möçberlerde tohum mallary ýetişdirmek hem-de maldarçylyga täze usullary ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilendir. Hünärmenler tarapyndan mallary iýmlemek we olar üçin degişli howa ýagdaýyny saklamak şertleri döredilip, innowasiýa usullary arkaly bu ýerde ýylda süýt önümleriniň 20 müň tonnasy, şýele hem ýüz tonna et önümleri öndüriler.

Baharly etrabynda ulanmaga berlen pudagyň ýene bir kärhanasy—mallary semretmek boýunça her ýylda ýüz tonna et önümini öndürmäge niýetlenen desgasy hem döwrebap enjamlaşdyrylandyr.

Täze maldarçylyk toplumlarynyň tapawutly aýratynlyklary, olaryň önümçilik çykdajylarynyň mümkin bolan derejede azaldylýandygydyr. Olarda ot-iýmlik ekinleri ekerançylyga ornaşdyrmak bilen bir hatarda häzirki zaman ot-iým önümçilik enjamlaryny satyn almak, eti we ýarym taýýar et önümlerini gaýtadan işläp taýýar görnüşe getirmek boýunça zerur bolan arassaçylyk talaplaryna laýyk gelýän önümçiliklerdir. Hususy kärhanalaryň doly galyndysyz önümçiligi gurnamak ýörelgelerine eýerýän başlangyçlary obasenagat toplumynyň kärhanalaryna girdejililigi artdyrmaga we ýokary hil derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň ýaly, toplumlaryň döredilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan azyk bolçulygyny we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiligi döretmek boýunça maksatnamalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Et-süýt önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanalar däp bolan mallarçylyk sebitlerinde gurulýan bolsa, telekeçileriň gurup ulanmaga berýän ýyladyşhana toplumlary gök-miwe önümleriniň has köp isleg bildirilýän bazarlarynyň golaýynda gurulýar. Türkmenistanda şunuň ýaly bazarlaryň iň ulusy paýtagtymyzda ýerleşýär.

Paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň ilatynyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen hem-de Aşgabatdan uzak bolmadyk Ak bugdaý etrabynda açylan häzirkizaman ýyladyşhanalar hyzmat eder. Olaryň her biri ýylda 50 tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Şunda ýyladyşhanalarda türkmeniň çogly güneşiniň ýeterlik düşmegi hem-de ösümlikleriň ösmegi üçin iň amatly şertler döredilendir. Bu ýerde ýörite enjam zerur bolan howa ýagdaýyny hem-de yşyklandyrylyşy, çyglylygy hem-de topragyň ýokumly dökünler bilen gurplandyrylmagyny awtomatik usulda amala aşyrar. Ýylyň haýsy paslydygyna garamazdan, ösümlikleriň iň ýokary hilli tohumlary has köp önüm berýär, olar aşgabatlylaryň we welaýatyň ýaşaýjylarynyň saçagynyň ýokary hilli we elýeterli önümler bilen üpjün edilmegine şert döredýär.

Täze obasenagat toplumlarynyň häzirkizaman derejesinde enjamlaşdyrylmagy, olaryň türkmen daýhanlarynyň we maldarlarynyň şöhratly zähmet däpleriniň täze hil we tehnologiýa derejesinde gaýtadan dikeldilýändigine şaýatlyk edýär. Şunda telekeçilere aýratyn orun degişlidir, olar önümçiligiň möçberleriin artdyrmak we girdejililigi ýokarlandyrmak boýunça täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýarlar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmek boýunça özlerine ynanylan wezipäni doly ýerine ýetirýärler.

Şu gün Ak bugdaý etrabynda açylan şokolad önümçiligi boýunça iri kärhana hem daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ýerini tutýan harytlary taýýarlamak boýunça wezipeleri ýerine ýetirer. Bu kärhananyň düýpli durky täzelenilenden we giňeldilenden soň, ol her ýyl 3 müň tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň haryt dolanyşygynyň artdyrylmagy netijesinde hususy bölümde önümçilik möçberleriniň ep-esli artdyrylmagy harytlary ibermek, saklamak boýunça kuwwatlyklary üpjün etmek boýunça logistika çözgütleriniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Ak bugdaý etrabynda harytlary saklamak boýunça täze iri merkeziň döredilmegi bu wezipeleri çözmäge ýardam eder. Şu gün 396 müň inedördül metr ammarlaryň birinji nobatdakysy ulanmaga berildi.

Harytlaryň göwnejaý saklanylmagy we olaryň akymyny dolandyrmagyň häzirkii zaman ulgamlary ýurdumyzyň kärhanalaryny, supermarketleri we paýtagtymyzyň, Ahal welaýatynyň söwda toplumlaryny dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýetli bu sebitde logistika hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy haryt dolanyşygynyň we islegleriň möçberleriniň artdyrylmagyna, önümleriň iberilmegi we saklanylmagy bilen baglanyşykly çykdajylaryň azaldylmagyna, harytlaryň bellenilen ulanyş möhletleriniň dowamynda olaryň göwnejaý saklanylmagyny hem-de hiliniň üýtgewsizligini üpjün etmäge ýardam berer.

Şu gün Ahal welaýatynda ulanmaga berlen desgalaryň sanawy ýene bir möhüm desganyň açylmagy bilen jemlenildi. Kaka etrabynda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça hususy kärhana açyldy. Ol her ýyl arassalanan çägäniň we beýleki ugurdaş önümleriň 70 müň kub metrini öndürmäge niýetlenendir. Şunda çig mal serişdeleriniň ýerli serişdeleriň hasabyna üpjün edilýändigini aýratyn bellemek gerek, bu ýerde hereket edýän çigmal känleri zawody we häzirkizaman önümçilik desgasyny doly üpjün etmäge ukyplydyr, bu desgada ähli talaplara we ülňülere laýyk gelýän önümler çykarylar. Bu ýerde öndürilen arassalanan çäge sebitiň iri gurluşyk desgalaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün eder.

Kärhanalaryň her biriniň ulanmaga berilmegi ýatda galyjy waka boldy, oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpsanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Täze senagat desgalarynyň abadanlaşdyrylan çäkleri baýdaklar we dürli öwüşginli bezeg baglary bilen bezeldi, döredijilik toparlary dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykş etdiler.

Ýurdumyzda desgalaryň açylyş dabaralary dowam etdiriler. Ýakyn wagtlarda paýtagtymyzda we welaýatlarda önümçilik hem-de söwda ulgamlarynyň ýene-de birnäçe kärhanasy ulanmaga beriler. Şu günki günleriň şanly wakalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň oýlanyşykly we netijeli häsiýetine nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. Hususy eýeçilik bölümi milli ykdysadyýetimiziň hereketlendirijisine öwrülýär, tutuş pudaklaryň hil taýdan täze derejelere göterilmegine ýardam berýär.

Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine aýratyn orun degişlidir, soňky ýyllarda bu gurama kuwwatly güýje öwrülýär. Ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler telekeçileri kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we halkara ülňülerine hem-de talaplaryna laýyk gelýän daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge işjeň çekmäge ýardam berýär.