Ï “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 1970
“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” atly türkmen, rus we iňlis dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän maglumat-seljeriş žurnalynyň nobatdaky, dördünji sany okyjylara gowuşdy. Mundan bir ýyl ozal Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady, býujet-salgyt özgertmeleri, ýurdumyzyň we dünýäniň salgyt ulgamynda gazanylan üstünlikleri beýan etmek maksady bilen, täze pudaklaýyn neşiri döretmek hakyndaky karara gol çekdi.

Geçen döwrüň içinde žurnalda hünärmenler hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen dürli makalalar çap edildi, olaryň hatarynda kärhanalaryň ýolbaşçylaryna, maliýe işgärlerine, auditorlara, telekeçilere, türkmen bazarynda işleýän daşary ýurtlyraryň hukuk taraplaryna gollanma hökmünde taýýarlanan teswirleme-düşündiriş häsiýetli makalalar bar.

Žurnalyň nobatdaky sanyna gysgaça syn bereliň. Mälim bolşy ýaly, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň salgyt ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu ýylyň awgust we noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu goşmaçalar döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilen akkumulýator önümlerini hem-de harytlary ýerlemek baradaky kanunçylyyk namalaryna degişlidir. Žurnalyň okyjylary bu kanunlar bilen içgin tanşyp bilerler.


Žurnalda çap edilen maklalaryň hatarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde salgyt- hukuk gatnaşyklarynyň hukuk kepillikleri baradaky seljerme makalany görkezmek bolar, onda türkmen döwletiniň durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşine ýardam berýän täze kadalaşdyryjy namalaryň işlenip düzülýändigi nygtalýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda her bir raýatyň döwlet salgytlaryny we beýleki tölegleri kanunçylykda bellenilen tertipde we möçberde tölemäge borçludygy hakyndaky kada berkidilendir. Şundan görnüşi ýaly, bu ulgamdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylyk namasy döwlet býujetine geçirilýän salgytlaryň ulgamyny, salgyt salmagyň umumy kadalaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň tertibi, salgyt töleýjileriň, salgyt gullugy edaralarynyň hukuklary hem-de borçlary, salgyt gözegçiliginiň görnüşleri we usullary, ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik, salgyt gullugy edaralarynyň çözgütlerine hem-de olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerine garşy arz etmegiň düzgünlerini kesgiitleýär.

Häzirki wagtda hereket edýän salgyt kanunçylygy hem-de onuň kadalary ýurdumyzyň içerki we daşarky ykdysady mümkinçiliklerini goldamaga, ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň halkara bazarlaryna çykmagyny höweslendirmäge hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, daşary ýurt maýalaryny çekmäge, oba hojalygyny ösdürmäge we ahyrky netijede, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu ulgamda Türkmenistanyň syýasatynyň salgyt salmagyň ählumumylygyny we deňligini ykrar edýändigi, kanunçylyk tarapyndan salgyt tölemäge degişli diýlip kesgitlenen ähli adamlaryň salgyt tölemeginiň hökmanydygy nygtalýar. Bu kadalar kanun tarapyndan salgyt töleýjiler diýlip hasap edilen daşary ýurtly maýadarlary, daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda işleýän türkmen kärhanalary, Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän beýleki ýurtlaryň hukuk taraplary, ýurdumyzyň çäklerindäki çeşmelerden girdeji alýan daşary ýurtlaryň kärhanalary babatynda ulanylýar.

Türkmen döwleti geostrategiýa taýdan amatly ýerleşýändigi we ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolmagy netijesinde, ýurdumyzyň içerki bazarynda iri daşary ýurt kompaniýalarynyň işjeň hereket etmegi, uzakmöhletleýin maýalary çekmegi üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlaryň üstüniň telekeçilik gatnaşyklary babatynda täze kadalar bilen ýetirilýändigi uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň türkmen bazaryna maýa goýumlaryny goýýan daşary ýurt kompaniýalarynyň bähbitlerini üpjün etmäge, degişli hukuk binýady kämilleşdirmäge, tehniki düzümleri ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda ýurdumyzda salgyt syýasatyny ýerine ýetirmekde iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada gazanylan birnäçe döwletara ylalaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda salgyt babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistan bilen 31 döwletiň arasynda degişli ylalaşyklaryň hereket edýär. Emläge salgyt tölemek hem-de görkezilen şertnamalaryň birnäçe düzgünleriniň ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler “Teswirnamalar” diýen sözbaşy bilen ýerleşdirilen makalalaryň birinde beýan edilýär. Hususan-da, bu makalada Salgyt kodeksiniň 18, 139, 146-njy maddalarynyň we Raýat kodeksiniň maddalarynda bellenilen düzgünler jikme-jik düşündirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet salgyt gullugynyň hünärmenleri tarapyndan ýörite makala taýýarlanyldy, onda hususy telekeçilige degişli bolmadyk şahsy taraplary, şeýle hem zähmet şertnamasy ýa-da raýat-hukuk häsiýeti (şol sanda daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyklar) boýunça işlemeýän we hyzmatlary ýerine ýetirmek işleri ilen meşgullanýan şahsy taraplary salgyt töleýjiler hökmünde hasaba almagyň tertibine düşündiriş berilýär. Makalada ýokarda görkezilen taraplaryň girdejilerden salgyt tölemek boýunça bildirilýän talaplara teswir berilýär.

Şeýle hem okyjylar gözegçilik-kassa enjamlaryndan peýdalanmak boýunça düşündirişler bilen tanşyp bilerder. Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, hukuk taraplaryna, olaryň şahamçalaryna we wekilhanalaryna, hususy telekeçilere 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dükanlarda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmat ediş kärhanalarynda ilatyň elektron bank kartlarynyň kömegi bilen tölegleri geçirmek üçin enjamlaryň hökman oturdylmalydygy barada görkezme berildi. Ähli döwlet edaralarynyň işgärleriniň aýlyk haklarynyň plastik kartlara geçirilýändigi bilen baglylykda, bu meseläniň beýan edilmegi örän möhümdir.

Žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistana satmak maksady bilen getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri, şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen nyşanlamak hakyndaky ýörite Kararyna bagyşlanan makalany bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen bu resminama “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny, “Salgytlar hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyny hem-de Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanda temmäki önümleriniň, alkogolly içgileriň söwdasyny we dolanyşygyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, galp ýol bilen öndürilen ýa-da serhetden bikanun geçirilen temmäki önümlerini we alkogolly içgileri satmagyň mümkinçiligini aradan aýyrmak maksady bilen kabul edildi.

“Sowallar-jogaplar” bölüminde ýerleşdirilen düşündirişler raýatlardan salgyt gulluklaryna ýygy-ýygydan gelip gowuşýan soraglar esasynda ýüze çykýan jedelleri çözmek maksady bilen taýýarlanyldy. Her bir anyk ýagdaý boýunça salgyt kanunçylygynyň maddalaryna degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna salgylanylyp giňşileýin jogap berilýär.

Umuman, neşir edilip başlanylmagyna bir ýyl dolan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, gysga döwrüň içinde onuň okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny bellemek gerek. Maglumat-seljeriş žurnalynyň üstünligi diňe bir onuň okyjylara salgyt ulgamyna girizilen üýtgetmeler barada giňişleýin düşünje berýändigi bilen däl-de, ýokary derejeli hünärmenleriň maslahatlaryny almaga döredýän mümkinçiligi bilen hem baglydyr.