Kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kubometr bolan harytlyk gaz taslamasyny “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň bölümleri amala aşyrýarlar. Gurluşykçylar Owganystanyň serhedine çenli uzynlygy 200 kilometrden gowrak bolan turbageçirijisiniň ugrunda diametri 1420 millimetrlik turbany çekerler, kompressor bekedini, önümçilige berilýän arassalaýjy gurluşlaryň böleklerini, ugurdaş desgalary gurarlar, ýagny suw toplaýjylary we inženerçilik torlaryny, bu ýere barýan ýollary, dispetçer nokatlaryny, wahta şäherçesini gurarlar, bu ugry elektrik energiýasy bilen üpjün ederler. Türkmen böleginde gaz geçirijisiniň ýol bölegi çekilip bolandan soňra awtomatika we telemehanika ulgamy ornaşdyrylar. Bu bolsa bütin gaz geçiriş toryny bir dispetçer nokadyndan dolandyrmaga – daşary ýurt sarp edijilere baglylykda gaz akymyny köpeltmäge we azaltmaga mümkinçilik berer.
Döwlet baştutanynyň tabşyrygy boýunça gurluşyk işleri ýurduň ÝET güýçleri bilen alnyp barylýar. Şeýlelikde, “TAPI Pipeline Company Limited”paýdarlar kompaniýasynyň, we potratçy - “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň saýlanan ýolbaşçysy “Türkmengaz” Döwlet konsernine gaz geçirijisiniň ýurduň çäginden geçýän böleginiň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak tabşyryldy. Paýdarlar kompaniýasynyň hünärmenleri turba geçirijisiniň gurluşyk, maliýeleşdirmek we ulanyş meselelerini utgaşdyrarlar.
“Türkmengaz” DK inženerçilik gulluklary bu energetika taslamasyny taýýarlamaga işjeň goşulyşdylar. Geljekki gaz geçirijisiniň ugrunda – “Galkynyş” ýatagyndan Owganystanyň serhedine çenli – topografiki surata düşürmek we inženerçilik-gözleg işleri tamamlandy. Bu bolsa gaz geçirijisiniň iň amatly ugruny saýlap almaga we gazy akdyrmak üçin ulanylýan turbanyň häsiýetini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu işe şular ýaly gaz geçirijisini döretmekde baý tejribesi bolan geljegi uly bolan TOPH gaz geçirijisiniň işçi taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Şatlygyň toplumlaýyn bölüminiň hünärmenleri gatnaşýarlar. Inženerçilik-gözleg işlerini çaltlandyrmak üçin täze göçme buraw enjamlary, alynan maglumatlary kameral işläp taýýarlamak üçin häzirki zaman programmalaýyn üpjünçiligi ulanyldy. Geljekki gaz geçirijisiniň ilkinji kilometrleriniň gurluşygynyň resminamalary potratçy guramalara berildi.
Strategiki turba geçirijisiniň ýol böleginde we onuň ýerüsti kömekçi böleklerinde oturtmak we peýdalanmak üçin zerur bolan enjamlary seljermek we saýlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Bu iki ýüz kilometrlik ulag ulgamynyň ugrunda gurluşygyň baş potratçysy – “Marynebitgazgurluşyk” edarasy we onuň kömekçi potratçylary eýýäm turbalary we beýleki enjamlary kebşirlemek işlerine girişdiler.
Döwletara gaz geçirijisinde işleri çaltlandyrmak üçin potratçy guramalar turbalaryň direglerini goýmak we olaryň kebşirlemek işlerini birden birnäçe tapgyrda alyp barmak üçin başky 75 kilometrlik bölegini alty bölege böldüler. Bu bolsa işleri çalt depginlerde alyp barmak üçin özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Gaz geçirijileriniň gurluşygynyda bu tehnologiýsy Gündogar-Günbatar sebitleýin gaz geçirijisinde we beýleki gazulag ulgamlarynda üstünlikli synagdan geçirildi.
Täze transmilli energomagistralynyň gurluşygy sebitiň ykdysady, möhüm durmuş we gumanitar meselelerini çözmäge şertleri döreder. Bu iri göwrümli taslamanyň amala aşyrylmagy – halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, halkara syýasy we ykdysady gatnaşyklar ulgamynda täsirli durnuklaşdyryjy faktorlary emele getirmäge mynasyp goşan goşar.