Ï “Türkmenenergo” Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri ýurtda elektrik energiýasynyň önümçiligini artdyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenenergo” Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri ýurtda elektrik energiýasynyň önümçiligini artdyrýarlar

view-icon 939
Energetiki enjamlaryň kuwwatlyklary artdyryldy. Geçen ýylyň jemleri boýunça 22534436 kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürildi. Goňşy ýurtlara 3201089 kilowatt sagat elektrik energiýasy iberildi. Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwatlylygy 504 MWt bolan elektrik bekedi guruldy we ulanmaga berildi. Geçen ýyl täze elektrik bekedi 373 622 kilowatt sagat elektrik energiýasyny öndürdi. Onuň ulanmaga berilmegi bilen, paýtagt Aşgabadyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artdy, şeýle hem onuň uzak aralyklara berilmegi bilen bagly elektrik energiýasynyň tehnologiki çykdajylary azaldy. Sebäbi öňler elektrik energiýasy paýtagta Mary we Balkan welaýatlaryndan gelip gowuşýardy.


Derwezäniň elektrik bekedine dünýä standartlaryna laýyk gelýän iň häzirki zaman enjamlary oturdyldy. Bu ýerde “Jeneral Elekrtik” kompaniýasynyň gaz turbinaly enjamlarynyň 4-si oturdyldy. Olaryň her biriniň kuwwatlylygy 127 MWt-dir. Elektrik bekediniň çäklerinde gurnalan elektrik tehniki enjamlary ýewropada öndürilen enjamlardyr. Elektrik bekedine rele goraglylygynyň we awtomatikanyň iň häzirki zaman serişdeleri ornaşdyrylandyr.

Elektrik bekediniň gurluşygy bilen bir wagtyň özünde hünärmenleri tehniki taýdan taýýarlamak işleri hem alnyp baryldy. Onuň çäklerinde “Jeneral elektrik”, “Çalyk enerji”, “Simens” kompaniýalarynyň işgärleri täze enjamlar bilen işleşmekden daşgary heläkçilige garşy we ýangyna garşy türgenleşikleri hem geçdiler.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda kuwwatlylygy 254 MWt we 432 MWt bolan elektrik bekediniň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Marynyň döwlet elektrik bekediniň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 МВт bolan utgaşdyrylan aýlawly elektrik bekedi gurlar. “2013-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektrik energiýa pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda elektrik beketleriniň gurluşygy geljekde hem dowam etdiriler.

2015-nji ýylda elektrik beketlerinden başga hem ýokary woltly elektrik geçirijileri çekildi. 2015-nji ýylda Marynyň döwlet elektrik bekediniň açyk paýlaýjy enjamyndan güýji 500 kW bolan howadan geçýän liniýa ulanmaga berildi. Lebap welaýatynda 475 kilometrlik elektrik geçirijisi, “Atamyratda” 500 kW kiçi beket guruldy we ulanmaga berildi

Häzirki wagtda Aşgabatda elektrik torunyň durkuny täzelemek boýunça köp işler bitirildi. 2015-nji ýylda Aşgabatda güýçliligi 110 kW kiçi beletler, güýçliligi 35 kW kiçi beketleriň 5-si, 30 kilometr WL-110 kW, güýçliligi 110kW, 35 kW, 10 kW kabel liniýalary çekildi. 6-10 kW transformator kiçi beketleriniň 13-si guruldy. Köçeleri yşyklandyrmak boýunça ep esli işler ýerine ýetirildi. Şu ýylda hem elektrik torlaryny, kiçi beketleri, elektrik geçirijiler liniýalaryny ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdiriler.