Ï Altyguýy iri nebitgazly ýatakda buraw işleri birbada 14 guýyda alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Altyguýy iri nebitgazly ýatakda buraw işleri birbada 14 guýyda alnyp barylýar

view-icon 1160
Ol Türkmenistanyň günorta-günbatarynda – Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda, garaşsyzlyk ýyllary içinde açylan Körpeje ýatagynyň golaýynda ýerleşýär.

Bu ýerde ilkinji burawlanan guýynyň bir gije-gündizki çykymy garaşylan netijeden hem köp boldy. Bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna “gara altyn” alyndy. Birnäçe wagt geçenden soňra bu sahy guýy senagatçylara ýene-de bir garaşylmadyk sowgady eçildi - ikinji gözleg gözýetiminden uglewodorod çig malynyň güýçli akymy alyndy. Şeýdip, Altyguýyny senagat taýdan özleşdirmek başlandy.

Onuň adynyň döremegi bu ýerdäki alty guýy bilen baglanyşyklydyr. Ýerli çarwadarlar olardan suw çykarýardy. Wagtyň geçmegi bilen, durmuşyň özi bu ýerlere düzedişleri girizdi. Bu ýerde ilki bilen geologlar peýda boldy, olaryň yz ýany bilen bolsa “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawçylary geldiler.

Häzirki wagtda Altyguýy iri nebitgazly ýatakda buraw işleri birbada 14 guýyda alnyp barylýar. Bir söz bilen aýdanyňda, Altyguýynyň guýylary diňe bir suw bilen bol üpjün etmän, eýsem olar nebit bilen hem üpjün edýärler. Bu ýatakda her günde ýurduň ÝET müňlerçe tonna “gara altyn” gowuşýar.