Ï TNGIZT tehniki okuw merkezi innowasiýa önümçiligi üçin işgärleri taýýarlamak boýunça öňde duran wezipeleri giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TNGIZT tehniki okuw merkezi innowasiýa önümçiligi üçin işgärleri taýýarlamak boýunça öňde duran wezipeleri giňeldýär

view-icon 1141
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Tehniki okuw merkezi (TOM) 20 ýyl töweregi mundan ozal açyldy. Şu döwrüň içinde bu edara bilim mekdebi dürli hünärli hünärmenleriň müňlerçesini taýýarlady. Häzirki wagtda bu ýerde ýylda hünärmenleriň bir ýarym müňüsi taýýarlanylýar. Bu bolsa iri döwlet okuw mekdebinde okaýan okuwçylarynyň sanyna barabardyr.

Zawodyň bilim merkezi ilkibaşda döredilende kiçi zwenoly hünärli işçileri we hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenipdi. TOM uçurymlary ulanmaga berlen millisekuntly katalitiki krekinge, riforminge, dizel ýangyjyny gidroarassalaýyşa, suwuk gazlar enjamlaryna, deňiz suwuny arassalamaga, çalgy ýaglaryny, polipropileni öndürýän zawodlara, täze gaztrubinaly elektrik bekedine we beýleki bölümlere ugradylýar. Zähmetde tapawutlanany üçin TOM-yň öňki uçurymlary zawod tarapyndan orta we tehniki okuw mekdeplerine, şol sanda daşary ýurtlara hem, okuwa ugradylýar. Olar hünär kämilligini ýokarlandyrmak bilen, jogapkär inžener-tehniki we ýolbaşçy wezipeleri eýelediler.

2005-nji ýylda ýaşlar TNGIZT umumy işgärleriniň 42 göterimini düzdi.TNGIZT baş zawodynyň ýigrimi bir bölüminden on dördüsine ýaş hünärmenler ýolbaşçylyk etdiler. Olaryň köpüsi toplumyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşup, uly hormat bilen kärhanada işlemeklerini dowam etdirýärler.

Häzirki wagtda kärhanany döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen,TNGIZT bilimli tehniki işgärlere bolan isleg artdy. 2015-nji ýylyň ahyrynda mazuty wakuumly akdyrýan, ýeňil olefinleri alkilirleýän, benzini garýan we ýeňil benzini izomerizirleýän enjamlar ulanmaga berildi. Şol ýylyň özünde umumy zawod hojalygynyň energo serişde klasteri we çig mal boýunça ýyllyk kuwwatlylygy üç million tonna bolan ELOU-AT-7 nebiti basyş arkaly akdyrýan tehnologiki enjam ulanmaga berildi. Häzir iki osly-ugrukdyrýan polipropilen plenkasyny öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar, gudrony deasfaltlaýan blokly haýal kokslaýan enjamyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bularyň ählisi TNGIZT mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak boýunça nobatdaky iri göwrümli taslamalaryň birnäçesiniň maýa goýumyny amala aşyrmagyň mysalynda ýerine ýetirilýär.

Kärhananyň innowasion ösüşleriň ýoluna doly düşmegi köp möçberde täze iş orunlaryny döredýär we degişlilikde TNGIZT Tehniki okuw merkeziniň öňünde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça has uly wezipeleri goýýar. Häzirki günde bu ýerde okuwyň differensirlenen möhletleri boýunça ýaşlaryň ýüzlerçesi dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Abiturentleriň bilim derejeleri we hünär tejribeleri bilen baglylykda okuw merkezinde 2-, 3-, 5- we 10 aýlyk okuw kurslary açyldy. Toparlarda okuw sapaklary türkmen we rus dillerinde alnyp barylýar.TNGIZT taslama we marketing işleri bilen meşgullanýan hünärmenler üçin iňlis dilini öwrenmegi kämilleşdirmek boýunça maksatlaýyn okuw kurslaryny açmagyň mümkinçilikleri işlenilip taýýarlanylýar. Tehniki, gulluk we beýleki resminamalary türkmen, rus we iňlis dillerinden terjimeçileri hemişelik esasda taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Hünärmenleri taýýarlamagyň material binýady TOM binasyndaky görkezme esbaplary, tehniki abzallar, okuw diwarlyklary we häzirki zaman multimediýa bilim enjamlary bilen üpjün edilen hünär otaglary bolup durýar. Okuwçylar iş tejribelerini Türkmenistanyň öňdebaryjy nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik sehlerinde geçýärler. Okuw sapaklaryny TNGIZT işleýän iş hakly mugallymlar we baş hünärmenler alyp barýarlar.

TNGIZT işgärlere isleg bildirýän esasy buýurujy bolup durýar,ýöne, TOM diňe bir kärhananyň işgärlere bolan islegini kanagatlandyrman, eýsem çalt depginler bilen özgerýän şäheriň hem, ilkinji nobatda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň islegini kanagatlandyrýar.Deňiz şypahanasynyň köp sanly desgalaryny üpjün etmek üçin TNGIZT okuw merkezinde aşpezler, otag hyzmatçylary, barmenler, ütükleýji-kir ýuwujy hojalygyň operatorlary, liftçileri, bug gazanlarynyň operatorlary, ýylylyk tehniklerini, gurnamaçy-gurluşykçylar, santehnikler we myhmana hyzmat ediş we inžener-tehniki infrastrukturanyň işgärleri taýýarlanylýar.