Ï Türkmen telekeçileri döwletiň goldaw bermegi netijesinde miwe-gök ekin önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçileri döwletiň goldaw bermegi netijesinde miwe-gök ekin önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar

view-icon 767
Biziň her birimiziň saglygymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ösdürip ýetişdirýän ýokumly önümlerine bagly bolup durýar. Geçen gyş Türkmenistanyň bazarlarynyň bütin ýylyň dowamynda ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleri bilen üpjün edilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolçulyk ýylsaýyn artýar.


Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Börme obasynda ýaşaýan telekeçi Köse Geldimyradow öz öndürýän önümleri bilen bazar bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda ýyladyşhanadan 60 tonna pomidor hasyly alyndy. Baharyň şu günlerinde hem ýyladyşhananyň işgärleriniň işleri özlerine ýetik. Ýakynda hyýaryň şitili topraga ekildi. Örän uly üsti ýapyk binada tekjelerde konteýnerler ýerleşdirilipdir. Olaryň her birinde tohum şineläp otyr. Özi hem bu ýerde hyýarlaryň we pomidorlaryň iň gowy görnüşleri, tagamy boýunça tapawutlanýan we daşamasy amatly bolan görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýyladyşhananyň işgärleri şu ýylyň ýanwar aýynda 134 inedördül metr meýdandan 2 tonna 140 kilogram gelinkömelegini ýygnadylar. Mart aýynyň 15-den başlap bolsa kömelekleri täze meýdandan ýygnap başlamagy maksat edinýärler. Olar täze ekilen gök ekin şitilleriniň hem bol hasyl berjekdiklerine uly ynam bildirýärler.Ýurduň bazarlarynda bu ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän önümler örän uly islegden peýdalanýar.


Ýyladyşhanalarda ýokumly önümleri ösdürip ýetişdirmek ýönekeý iş däl. Sebäbi telekeçiniň ekin ekýän meýdanynyň topragy başga ýerden getirilen toprak däl, ol ýerli toprak bolup, her gün alada bilen gurşalyp alynýan we ýadawsyz zähmeti talap edýän tebigy toprakdyr. Hojalykda ekinleriň doly ösüp ýetişmekleri üçin zerur bolan çäreleriň ählisi - çyglylyk, ýylylyk derejesi berk berjaý edilýär, tebigy ýagtylyk ýetmedik halatynda emeli ýagtylyk berilip durulýar, jaý wagtly-wagtynda ýeljiredilip durulýar.

Ýaňy-ýakynda hem bu gök ekin meýdany boş ýatan ýerdi. Taşlanan, ekin ekmäge ýaramly bolmadyk bu bir gektar meýdan döwletiň goldawy netijesinde ýyladyşhana gurmaga mümkinçilik berdi. Azyk bolçulygynyň döredilmegine Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberini yzygiderli artdyrmaga şertleri döredýän özgertmäge, önüm öndürijileri höweslendirmäge gönükdirilen başlangyçlary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär.