Ï Türkmen paýtagtyndan otuz kilometr uzaklykda örän iri gazy gaýtadan işleýän kärhana bina edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen paýtagtyndan otuz kilometr uzaklykda örän iri gazy gaýtadan işleýän kärhana bina edilýär

view-icon 811
Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen künjeginde, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň golaýynda geljekki iri senagat kärhanasyny – tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar, bu töwerekde gurluşyk senagatynyň kärhanalarynyň birnäçesi jemlenendir we Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi geçýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagat taýdan ösdürmek boýunça Maksatnama laýyklykda birnäçe täze iň häzirki zaman gaz we nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleriň birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, şeýle önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň tehnologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň, uglewodorod serişdelerini ýerlemegiň ýollaryny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny diýen ýaly ösdürmegi höweslendirmek boýunça baş şertleriň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gazhimiýa pudagyny ösdürmek innowasiýa tehnologiýalaryň ýola goýulmagyna ýardam berer, bu bolsa ýangyç we himiýa önümleriniň bazaryndaky ýagdaýyň düýpli üýtgemegine getirip biler.


Gurulýan kärhana häzirki wagtda tebigy gazdan benzin almak boýunça iň iri dünýä taslamalarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny öndürijiler bolan Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň iň täze enjamlary bilen gurnalýan kärhana her ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli RON kysymly 92 belgili benziniň 600 müň tonnasyny çykarmaga kuwwaty bolar, bu önüm Ýeuro -5 ölçeglerine laýyklykda ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk bolup, 700 täze iş orny dörediler.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavu Industriýes, Ltd”. we “Rönesans Endustri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tijaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasynyň konsorsiumy bilen benzin öndürmek boýunça zawody gurmak baradaky şertnama geçen ýyl gol çekildi. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna deňdir we ýapon maýa goýumlarynyň hem-de “Türkmengaz” konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Direksiýanyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýüz gektara golaý meýdanda we ägirt önümçiligiň potratçylarynyň biri – türk kompaniýasy “Rönesans” edara binasynyň beton binýadyny guýýar, inženerçilik estakadalarynyň gurnamalaryny düzýär we geljekki iri desganyň beýleki düzümlerini döredýär. Şol bir wagtda konsorsium zawodyň tehnologiýa bölümlerini taslamak işlerini alyp barýar, şeýle hem zerur bolan tehnologiýa we kömekçi enjamlary satyn alýar, buýrujynyň “Türkmengaz” DK-nyň hünärmenleri bolsa ýörite okuw sapaklaryny geçýärler, ulgamyň howpsuzlyk we işe ukyplylyk ýagdaýlaryny ýüze çykarmak boýunça zerur barlag işleri geçirilýär.


Tebigy gazy işlemegiň konwersiýa usuly – onuň fizika –himiýa tarapdan sintetiki suwuk uglewodorodlara öwrülmegi (benziniň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň ýerini tutýar) “Türkmengaz” DK-nyň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň gazy gaýtadan işlemek boýunça bölüminiň müdiri, professor, tehniki ylymlaryň doktory Annamyrat Aşyrowyň pikirine görä, häzirki wagtda gazy monetizasiýa etmegiň möhüm we geljegi uly senagat usuly bolup durýar. Çylşyrymly bolan metany üç tapgyrda konwersiýa etmek bilen, sintez –gaza öwürmek gaýtadan işlemegiň energiýany we maýany has köp talap edýän, çig gazy kükürt galyndylaryndan deslapky düýpli arassalanmagyny talap edýän tapgyr bolup durýar. Şonuň üçin hem ýapon hünärmenleri tarapyndan hödürlenýän gazy suwuk ýangyja öwürýän tehnologiýa usuly tehnologiýa usulyýetleriniň tutuş tapgyryny guramagy, ozaly bilen bolsa tebigy gazy düýpli arassalamak, sintez-gazy, metanoly almak we diňe şondan soň benzini almak we ony arassalamagy göz öňünde tutýar.

Baş gaz geçirijisinden gelip gowuşýan tebigy gaz ilki başda galyndylardan (kükürtden we kükürt düzümli garyndylardan) gidrogenizasiýanyň we desulfurizasiýanyň reaktorlaryndaky ýokary hilli katalizatorlar arkaly arassalanylar diýip, gazhimiýa kärhanalaryny gurmak boýunça Direksiýanyň tehnologiýa bölüminiň esasy inženeri A.Şamuhammedow aýdýar. – Beýleki bölümde arassalanan tebigy gaz görnüşindäki başky çig mal bug bilen zerur bolan gatnaşyga ýetýänçä garyşdyrylar, munuň özi işiň gidişine baglydyr. Bug bilen arassalamagyň barşynda Haldor Topsoe katalizatory arkaly ýokary uglewodorodlaryň dargamagy – tebigy gazyň sintez –gaza öwrülmegi bolup geçýär. Şondan soňra ýokary gyzgynlyk derejesine çenli ýetirilen çig mal ATR reaktoryna goýberilýär. Bu enjamda tehnologiýa gazyň garyndysy kislorod bilen ýanmak reaksiýasyna girişýär, ol suwbstehiometr mukdarda bardyr. Soňra ATR gaz zolagyndan, ýokary gyzgynlygy bolan zolakdan geçen gaz sowadyjylar bölümine metanolyň sintez reaktoryna barýar, bu ýerde metanol sintezine öwrülýär. Metanolyň reaktorlary turba görnüşindedir, olaryň içinde metanol sinteziniň katalizatory ýerleşýär, turbalaryň aralygynda bolsa gaýnap duran suw ýerleşýär, bu bolsa sintez wagtynda bölünip aýrylýan ýylylygy ýok etmäge mümkinçilik berýär.


Soňra metanol çig maly metanol sinteziniň konturyndan benzin sintezi bölümine tarap akýar, bu ýerde önümiň hilini gowulandyrmak boýunça birnäçe amallar geçirilip, iň soňunda ahyrky önüm benzine öwrülýär.

-- Benzin reaktorlarynda Topsoe katalizatory arkaly metanolyň dargamagy bolup geçýär diýip, tehnolog gürrüň berýär. – Soňra sintez -benzin hili gowulandyrmak reaktorlarynyň üstünden geçip, deslapky önüme öwrülýär. Alnan önüm – benzin ýörite gaplarda ugradylýar. Şunuň ýaly sintetiki uglewodorodlar aňrybaş ekologiýa aýratynlyklary bilen tapawutlanýar – onda kükürt galyndylary hem, azot düzümli organiki goşundylar hem, umuman, gurşawy zaýalaýan bölekler bolup bilmez. Şol sebäpli hem şunuň ýaly ýangyç iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk gelmäge mynasypdyr, sebäbi ýokarda beýan edilen tehnologiýa usulynda ol ýa-da beýleki tapgyrda geregi bolmadyk gazy aýyrmak nebiti aýranyňdan has ýeňildir.

2018-nji ýylyň dekabr aýynda täze kärhananyň – nebit ýangyjynyň ýerini tutýan ýokary hilli benzin önümçiliginiň işe girizilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant bolar.