Şu ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 8 ýyl dolýar. Hususy önüm öndürijiler milli ykdysadyýetiň oba senagat we gaýtadan işleýän toplumlaryn, gurluşyk senagatyn, gurluşyk önümleri we halkyň köp sarp edýän önümleri, söwda we hyzmat ediş ulgamlarynda, logistika ýaly möhüm böleklerinde gerimini barha giňeldýär. Ýeňillikli karzalarwe iri göwrümli döwlet tarapyndan berilýän ýardamlaryň netijesinde diňe bir içerki bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrýan däl, eýsem geljekde ähmiýetli harytlary daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilikleri bolan ýokary hilli önüm öndürýän iri hususy kärhanalar açylýar. Bu durmuş nukdaýnazardan hem möhümdir. Sebäbi bu kärhanalaryň her biri – täze iş orunlarynyň ýüzlerçesidir, şol sanda häzirki zaman we ýokary öndürijilikli enjamlarda işläp bilýän ýokary hünärli hünärmenler üçin hem ýüzlerçe iş orunlarydyr.
Bu günki gün hususy telekeçilik ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda diýen ýaly barha uly güýç toplaýar.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümine girýän hususy kompaniýalar bütin ýurduň çäklerinde durmuş, medeniýet, bilim ähmiýetli – ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, umumy bilim berýän we sport mekdeplerini, çagalar baglaryny, seýil baglaryny we ýollary, şeýle hem senagat kärhanalaryny we myhmanhanalary, kempingleri, kottej şäherçelerini we beýlei gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Hususy kärhanalaryň şäher gurluşyk toplumlaryna, şeýle hem milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna çekilmegi – ýurtda telekeçiligi höweslendirmek barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” esasy ugurlarynuyň biri hem ýurtda,şol sanda sebitleriň we ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň senagat mümkinçiliklerini artdyrmagyň hasabyna haryt bolçulygyny döretmek bolup durýar. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine Balkan welaýatynyň telekeçileri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Ilkinji nobatda, bu soňky ýyllarda döredilen häzirki zaman kärhanalarynda çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligini, innowasion tehnologiýalaryň ulnylýan ýeri bolan ýyladyşhanalarda gök ekin önümlerini we miweleri ösdürip ýetişdirmek bolup durýar. Bu günki gün welaýatda telekeçiler tarapyndan gök ekin önümlerini we miweleri saklamak üçin sowadyjy ammarlar tory döredildi. Poliuretany, ýagny baýramçylyk çärelerini bezemek üçin ulanylýan önümleri öndürýän kärhana işleýär. Welaýatyň ilatyna köp ugurly hyzmatlary edýän ulgamynda telekeçiler üstünlikli işleýärler.
Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň öňünde iş alyp barmak, şol sanda dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak hem-de milli ykdysadýetiň mundan beýläk ösdürilmegine şertleri döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligine we degişlilikde raýatlaryň abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen häzirki zaman önümçiligini döretmäge giň mümkinçilikler açyldy. Şeýle kärhanalaryň biri hem “Hazarbalyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylan iri inwestision taslamasy bolup, geçen ýylyň sentýabr aýynda açyldy. Onuň dabararly açylşyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Dünýä belli önüm öndürijileriň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu toplum alty gektar meýdany eýeleýär we sebitiň iri toplumlarynyň biri bolup durýar. Toplum bir ýylda tirana görnüşli harytlyk balyklaryň 100 tonnasyny we 2 tonna tirana ikrasyny, 170 tonna tüssede kakadylan we kakadylan, şeýle hem konserw önümleriniň 10 million sanysyny öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada 150 täze iş orny döredildi. Bu bolsa sebiti durmuş taýdan ösdürmekde möhüm şert bolup durýar.
Toplumyň esasy aýratynlygy bu ýerde tirana balyklaryny “ikradan ikra çanli” ýörelge boýunça emeli usulda ösdürilip ýetişdirilmegi we balyklary senagat atýdan gaýtadan işlenilmegini utgaşykly alnyp barylmagy bolup durýar. Şeýlelik bilen, bu senagat kärhanasy bir wagtyň özünde “balyk fermasy” hem bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde ýaş balyklar üçin gymmat bahaly ýokumly iým bolan leňňeçler hem ösdürilip ýetişdirilýär.
Balyklary ösdürip ýetişdirmegiň howuz usulynyň liçinkalaryň we malklaryň ýaşaýjylygyny 10-15 göterim ýokarlandyrmaga we eýýäm ýene-de 5 ýyldan ösdürilip ýetişdirlýän balyklardan tirana harytlyk balyklaryny almaga mümkinçilik berýändigini belläp geçmelidiris. Tebigy usullarda bu möhlet 7-8 ýyla ýetýär. Aýratyn hem, tirana balyklary operasiýa edilip, içinden ikrasy çykarylandan soňra olar üstünlikli öňki kaddyna gelýärler we indiki ýyl ýene-de ikra berip başlaýarlar.
Bu ýerde her ýylda ýokary tagamly we azyklyk hilli sowuk hem-de gyzgyn ýagdaýda kakadylan balyk nygmatlarynyň, şeýle hem kakadylan, duzlanan, ýakymly ysly we duza ýatyrylan balyk önümleriniň, tirana ikrasynyň onlarça tonnasy taýýarlanylar.
Ykdysadyýetiň hususy bölegine döwletiň maksada gönükdirilen goldawyna jogap bermek bilen, hususy önüm öndürijiler ýuruň telekeçiliginiň eýe bolan örän uly mümkniçiliklerini aňrybaş amala aşyrmga taýýardyrlar. Olar ýurduň ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösdürilmegi, onuň senagat binýadyny berkidilmegi, türkmen halkynyň abadançylygynyň gyşarnyksyz ösdürilmegi üçin öndürijilikli işlärler.