Ýollaryň gurluşygynda, örtüklerini abatlamakda we TDS-iň standartlaryna laýyk gelýän nebit çig malyndan bitumyň önümçiligi kuwwatlylygy ýylda 37,2 müň tonna berkidiji materaly öndürýän häzirki zaman enjamyň işe göýberilmegi bilen başlandy. Tehnologiki täzeligiň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň WestportTradingEuropeLimited (ABŞ) kompaniýasy bilen ýurtda ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmak baksady bilen kabul eden kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Üç seksiýadan – mazuty wakkumly akdyrmak, gudronyň wisbrekinginde we okislenme sehinden durýan bu enjamda bitum birnäçe usul boýunça alynýar. Ilkinji nobatda - mazuty başlangyç çig malyny tizlikli wakkumly akdyrmak, gudronyň ýeňil termiki krekingi we wisbrekingiň galyndylaryny tizlikli wakkumly akdyrmak, şeýle hem okislenen bitumy almagyň hasabyna alynýar.
Täze önümçilik ýokary hilli asfaltbetony taýýarlamagyň bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän çig malynyň önürilişini epesli artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Ýylyň başyndan bäri nebiti öňünden duzsuzlandyrmak we benzinleri ikinji sapar akdyrmak bilen kuwwatlylygy ýylda 6 million tonna nebiti gaýtadan işleýän başlangyç çig malyny tizlikli wakkumly akdyrmak arkaly kombinirlenen howa-wakkum enjamynda 115 müň toona çig mal gaýtadan işlendi. Bu 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende epesli köpdür. Şeýle hem bu kärhanada motor ýangyjynyň goşundysy we dizel hem-de gaztrubynaly tizlikli herketlendirijiler üçin ýangyç hökmünde ýapyk apparatlarda azyk ýaglaryň ekstraksiýasy üçin ulanylýan ekstraksion we prýamogonly benzinleriniň öndürilişi artdy.