Ï Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýurtda iň iri kärhanalaryň biri bolan polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýurtda iň iri kärhanalaryň biri bolan polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar

view-icon 1060
Bu ýerde gürrüň ýokary goşmaça bahaly we ýokary eksport mümkniçiligi bolan dürli görnüşli progressiw himiýa önümleriniň önümçiligini üpjün edýän uglewodorod gazlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemek barada barýar

- Teklip edilen bu taslamanyň oňaýylygy biziň ýurdumyzda gurulýan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy bir wagtyň özünde tapgyrlaýyn amala aşyrylar – arassalamak, fraksiýalar boýunça bölmek, tebigy gazdan termiki krekingi we olefinleri polemirlemek alnyp barylar diýip, - Gazhimiýa toplumynyň gurluşyk boýunça müdiriýetiniň tehnologiki bölüminiň müdiri Atamyrat Çaryýew gürrüň berýär. – Dünýäde adatça bu işleriň her biriniň aýratyn zawodlarynyň taslamasy we gurluşygy ýerine ýetirilýär. Kreking etanly polietilen we polipropilen öndürýän geljekki zawodyň taslamasynyň eksport-kredit gulluklary tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropa we Ýewroaziýa 2014-iň on sany iň gowy taslamalarynyň biri hökmünde «TXF» guramasynyň (Beýik Britaniýa) ýörite baýragyna mynasyp bolmagy ýöne ýere däldir. Şeýle çözgüt 2014-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Parižde bolup geçen abraýly halkara maliýe we äriýaçlandyryş guramalarynyň wekilleriniň, žurnalistleriň maslahatynda kabul edildi.


Gyýanly şäherçesinde gurulýan polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen önümçiligi üçin 5 milliard kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenedir. Ol «TOYOEngineering» (Ýaponiýa), «LGInternationalCorporation» и «HyundaiEngineeringCorp. Ltd» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylar. Gurluşygyň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 432 589 000 dollarydyr. Bu taslamada himiýa we gaýtadan işleýiş pudagynyň dünýä belli TOYO (Ýaponiýa), INEOS (Beýik Britaniýa), LUMMUS (ABŞ), GRACE (ABŞ) ýaly kompaniýalaryň tehnologiýalary ulanyldy.

Ýurduň gazhimiýa senagatynyň iň iri kärhanasy 2018-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga beriler. Şu ýyl potratçy kärhanalar ýokary iş depginini üpjün etmek bilen, gurluşyk işleriniň esasy bölegini (umumy möçberde 80 göterimi) ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.

Häzirki wagtda gazhimiýa toplumynyň taslamasyny amala aşyrmaga sekiz müň töweregi işçiler we inžener-tehniki işgärler gatnaşýar, onlarça daşary ýurt we ýerli gurluşyk kompaniýalary işleýärler. Olarda Koreýadan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Filippinlerden, Malaýziýadan gelen ýokary hünärli hünärmenleriň 800-den gowragy we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hünärmenleriniň 200-si işleýär. Ägirt uly gurluşyk meýdançasynyň dürli ýerlerinde ýokary öndürijilikli köp ugurly gurluşyk tehnikalarynyň 800 sanysy ulanylýar. Gurluşyk meýdançasynyň golaýynda 5000 adama niýetlenen işçi şäherçesi guruldy. Onda işçileriň ýaşamaklary üçin ähli oňaýly şertler göz öňünde tutulandyr. Zerur bolan ähli enjamlar we mebeller bilen üpüjn edilen naharhanalar, dellekhanalar, kinozallar, kir ýuwulýan, sport zallary we maýdançalar, lukmançylyk nokatlary guruldy. Bu örän uly senagat kärhanasynyň gurluşygy tamamlanandan soňra bu ýerde müň töweregi iş orny dörär.

Dünýä belli kompaniýalar tarapyndan taýýarlanan taslama inžiniring, enjamlary taýýarlamagy we getirmegi, gurluşyk-gurnama we göberişdüzediş işlerini, okandygy baradaky şahadatnamany bermek bilen işgärleri okatmagy, tehnologiki ölçeglerine awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamynyň doly toplumyny goşmak bilen, işleriň doly toplumyny göz öňünde tutýar.

Kabul edilen tehnologiýalar boýunça magistral gaz geçirijisinden gelýän çig gazy arassalamak we fraksiýalar boýunça bölmek, esasan hem - metana, etana propana, butana we has agyr gaz kondensatyna bölmek işleri ggeçirilýär.


Harytlyk gaz bölünenden soňra 4,5 milliard kubmetr möçberindäki metan yzyna magistral gaz geçirijisine ugradylýar, etan, propan, butan we has agyr gaz kondensaty bolsa – etanyň kreking enjamyna ugradylýar. Bu ýerde termiki kreking işi bolup geçýär. Onuň netijesinde parafinler olefinlere öwrülýär, etilen we propilen emele gelýär. Bu enjamda goşmaça alynýan önüm hökmünde ýylda 40 müň tonnadan gowrak pirolizlenen benzin emele gelýär. Ondan soňra ol ýokary hilli ýangyç almak maksady bilen gaýtadan işlemek üçin Türkmenbaşynyň nebiri gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iberilýär.


Krekingiň netijesinde emele gelen etilen öndürilýän enjama ugradylýar. Bu ýerde halkaly reaktorlarda ony polimerlemek reaksiýasy amala aşyrylýar. Bu iş halkaly reaktorlar ulgamynyň şlamynda bolup geçýär. Ol izobutan suwuklandyryjyda Sigler-Hatta we Hroma katalizatorlary ulanmak bilen, polimer bölekleriniň ösüşini üpjün edýär. Reaksiýa tamamlanandan soňra, emele gelen ýokary dykyzlykly polietilen poroşogy ekstruder blogyna barýar we bu ýerde granulirleme işleri bolup geçýär. Soňra granullar gaplanyp, taýýar önümler saklanýan ammara ugradylýar.

Propilen hem kreking enjamyna gowuşýar. Bu ýerde gazofazon reaktorda Sigler-Hatta katalizatorda polimerlemek işi bolup geçýär we ýokary hilli polipropilen emele gelýär. Ol hem granulirlemek işi tamamlandan soňra gaplanyp, taýýar önümler ammaryna iberilýär.


Taslama boýunça ýokary dykyzlykly enjamy sekiz görnüşli, hususan-da, litýewoý galyplamak, polietilen turbalaryň önümçiligi, üflenip galyplamak, dokma sapaklarynyň önümçiligi we halkyň sarp edýän beýleki önümleri üçin sekiz görnüşli polietileni öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

Gazhimiýa toplumynyň ýokary dykyzlykly polipropilen önümçiligi hem azyk, lukmançylyk we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda ulanylýan plastmassa önümleriniň önümçiliginde esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Polietilen we polipropilen önümlerine bildirlýän islegiň ýylsaýyn artýandygyny belläp geçmelidiris. Plastmassa önümleriniň önümçiliginde esasy çig mal bolmak bilen, olar azyk, lukmançylyk we halk hojalygynyň beýleki düli pudaklarynda giňden ulanylýar.


Bütewi gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumynyň döredilmegi – bu döwlet ähmiýerli mesele bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky umumymilli maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýan uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek baradaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçiriler. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir ýurduň içerki zerurlyklaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün edilmegine şertleri döretmän, eýsem önümleriň daşarky bazarlara hem iberilmegini üpjün eder. Bu bolsa Türkmenistany senagat taýdan kuwwatly we himiýa önümlerini iri eksportçy ýurda öwürmek bilen, bütinleý ykdysady ösüşe şertleri döreder.