Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy (TÇŞBMG) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) düzümine girýän telekeçiler birleşikleriniň we söwda kärhanalarynyň ýardam bermeklerinde döredildi.
2015-nji ýylyň maý aýynda TÇŞBMG standartlary döretmek we ornaşdyrmak boýunça ştab-kwartirasy Brýusselde ýerleşýän GSI halkara guramasynyň doly hukukly agzasy diýen derejä eýe boldy. Her bir ýurduň Milli guramasyndan durýan GSI dünýä ýüzüniň kompaniýalaryna öz telekeçilik işlerini ynamly alyp barmaga kömek edýär. Milli guramalaryň 112-si häzirki wagtda onuň agzasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň gysga wagtyň içinde geçiren uly guramaçylyk-tehniki işleriniň netijesinde “GSI Türkmenistan” brendini ulanmaga hukuk aldy. Şol wagtdan bäri hem türkmen önüm öndürijilerine “483” milli prefiks (belgi) berilýär. Bu günki gün ýurduň söwda, senagat, dokma we azyk senagaty ministrlikleriniň guramalarynyň 650-den gowragyna çyzykly şertli belgiler berildi.
- Biz Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda işleýäris. Oňa laýyklykda 2017-nji ahyryna çenli ýurtda öndürilýän önümleriň ählisine bar-çyzykly şertli belgiler goýular – diýip,Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa gürrüň berýär. – Ykdysadyýetiň hususy böleginiň, senagat we telekeçiler gurluşlarynyň ösdürilmegi, elektron söwdasynyň giňden ýaýbaňlanmagy bilen, ýurtda haryt belgilerini goýmak we awtomatiki identifikasiýasyny goýmak zerurlygy ýüze çykdy. Biziň guramamyz GSI standartlar halkara ulgamynda harytlaryň identifikasiýalaşdyrylan belgisini almakda, önümleri çyzykly şertli belgilemekde (aslynda bu haryt pasportydyr), kärhanalara prefiks bermekde, şeýle hem tehniki taýdan resmileşdirmek boýunça administratiw we maslahat beriş kömeklerini berýär. Şeýle hem bize diňe bir çyzykly şertli belgileri türkmen telekeçilerine bermäge däl, eýsem beýleki ýurtlaryň wekillerine hem çyzykly şertli belgileri bermäge hukuk berilendir.
Biziň işimiz Türkmenistanyň çäklerinde çyzykly şertli belgilemegi mundan beýläk hem giňden ornaşdyrmaga we ulanmaga gönükdirilendir. Bu öz nobatynda daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutjak harytlaryň öndürilişini we ýurtda öndürilýän harytlary daşary ýurtlara iberilişini, satyn alyjylaryň talabyny ýokarlandyrmaga şertleri döreder. Mundan hem başga, çyzykly şertli belgiler guramalara kärhanadan-önüm taýýarlaýjydan başlap dükanyň ammaryna çenli harydyň hereket edijiligine netijeli gözegçiligi guramaga oňaýly şertleri döredýär.
Çyzykly şertli belgiler ulgamy telekeçiligiň islendik görnüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Onuň kömegi bilen maglumatlary ýygnamak we ýazmak işleri has çalt we takyk ýerine ýetirilýär. Bu bolsa bahalary arzanlatmaga, bolup biläýjek ýalňyşlyklaryň nula çykarylmagyna, şeýle hem haryt dolanyşyk işlerini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Biz söwda, jemgyýetçilik iýmiti, saglygy goraýyş, ulag we logistika ulgamlarynda üpjün etmegiň dünýä zynjyryny goldaýarys. Meselem, lukmançylykda syrkawlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin derman serişdeleriniň hereket etmegini yzarlamak işi kämilleşdirilýär. Söwdada harydy hasaba almak, hasabatlylyk we resminama dolanşygy, çykdajylary we beýlekileri seljermek ep esli ýeňilleşýär. Ýagny, GSI standartlary üpjün etmegiň bütewi zynjyrynyň halkalaryny berýän kompaniýalaryň integrirlenmegine şert döredýär.
Indiki tapgyr – kärhanalarda, söwda we beýleki guramalarda çyzykly şertli belgilemek işlerini awtomatlaşdyrmagyň kömegi bilen, “GSI Türkmenistan” identifikasiýasyny giňden ulanmak bolup durýar. Awtomatiki identifikasiýalaşdyrmagyň tehnologiýasy onlaýn kadasynda kärhananyň işini netijeli seljermegi, baha bermegi we gözegçilik etmegi çalt amala aşyrmaga şert döredýär. Şunuň ýaly usuly önümçilik işlerini dolandyrmakda, şeýle hem kärhananyň ýa-da guramanyň serişdelerini meýilleşdirmekde ulanyp bolar.
Öz harydyňa çyzykly şertli belgileriň halkara sanyny goýmak – bu ony super we gipermarketler üçin, şeýle hem hem içerki, hem daşarky bazarlarda bäsleşige ukyplylygy babatda täsirli bolmagyna getirer. Eger-de işler awtomatlaşdyrylan bolsa, onda ol umumy haryt dolanşygyny ýeňilleşdirýär we çaltlandyrýar, jogapkärçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga, önümçilikde monitoringiň mümkinçiligini açmaga, daşamaga, önümi eltmäge, şeýle hem brendi kontrofaktdan goramaga şertleri döredýär.