Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 820
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden,Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, garylan parafin galyndysyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-inde öndürilen tehniki ýody satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük ýerlenildi. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Gyrgyzystandan, Täjigistandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 829 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 121 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we sarja goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 321 müň manatdan gowrak bolan awtoulagy satyn aldylar.