Ï “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň hünärmenleri Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň liniýa bölegini kebşirlemäge başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň hünärmenleri Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň liniýa bölegini kebşirlemäge başladylar

view-icon 995
Baş potratçynyň bölümleri bir wagtyň özünde geljekki turba geçirijisini çekmek üçin çukurlary gazmak işlerini geçirýärler.

Strategiki turba geçirijisiniň türkmen bölegindäki gurluşyk işleri ýurduň ÝET güýçleri bilen alnyp barylýar. Muňa hünär ussatlygy we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň maddy-tehniki mümkinçiligi, halkara derejesindäki iri taslamalary amala aşyrmaga bolan ukyby hem şaýatlyk edýär.

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegindäki işleri çaltlandyrmak üçin, taslama-smeta resminama laýyklykda, turbalary daşamak üçin ýol çekilýär, geljekki turbageçirijisiniň ugry boýunça tekizleýiş işleri geçirildi we geçelge çekildi. Turbalary direglerde kebşirlemek üçin tekjeleriň ikisi goýuldy. Taýýarlyk işlerinde ýörite tehnikalaryň we gurluşyk mehanizmleriniň ýüzden gowragy ulanylýar. Kebşirleýjiler we gurnaýjylar toparlary geljekde işleriň ýokary depginini üpjün etmek üçin kebşirlemegi we turbalaryň direglerini goýmak üçin işleri birbada birnäçe tapgyrlarda alyp bararlar.


Ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen gurluşykçylar 200 kilometrden gowrak turba çekerler, trassanyň ugrunda kompressor bekedini gurarlar, ugurdaş desgalary, hususan-da, wodozaborlary we inženerçilik torlaryny, barýan ýollary, nobatçylyk nokatlaryny gurarlar, trassany elektrik üpjünçiligi bilen üpjün ederler. Gurluşyk-gurnama işleriniň ählisini öz wagtynda ýerine ýetirmek, gaz geçirijisini daşky täsirlerden howpsuzlygyny goramak, “mawy ýangyjyň” akymyny dolandyrmaga we barlamaga ukyply ösen infrastrukturany döretmek gurluşykçylardan uly işleri talap edýär.

“Türkmengaz” Konserniniň inženerçilik gulluklary bu energetiki taslamanyň amala aşyrylmagyna işjeň goşulyşdylar. Olar geljekki magistral gaz geçirijisiniň iki ýüz kilometrlik ugrunda inženerçilik-gözleg işleriniň toplumyny tamamladylar. Potratçy guramalara geljekki magistral gaz geçirijisiniň otuz iki kilometriniň gurluşygynyň resminamalaryny berdiler.


Türkmenistan tarapyndan döredilýän halkara TOPH gazulag toplumynyň esasy wezipeleriniň biri hem tebigy gazyň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň diwersifikasiýasyny üpjün etmek bolup durýar. Golaý on ýyllyga niýetlenen energetika maksatnamasynda ýurtda bar bolan iri ätiýaçlyk uglewodorod serişdelerini toplumlaýyn özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu öz çig mal serişdelerini iň iri gazeksport bazarlaryna çykarmagyň uzakmöhletleýin geljegi üçin meýilnamalary düzmäge we amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, transmilli energomagistralynyň gurluşygy iňňän uly ykdysady wezipelerden başga hem möhüm durmuş we ynsanperwer meseleleri çözmäge şert döreder, döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün eder, adamlaryň ýaşaýşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrar.