Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ygtyýaryna Ukrainada öndürilen täze ýük wagonlarynyň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. Bu wagonlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyza getirildi. Olar dürli ýükleri daşamaga niýetlenen ýapyk wagonlaryň 25-sinden we ýarym açyk wagonlaryň hem 25-sinden ybaratdyr.
Demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu pudaga milli ykdysadyýetimizde möhüm orun degişlidir.
Häzirki döwürde pudagyň ýük we ýolagçy wagonlary doly döwrebaplaşdyrylýar, olaryň üsti yzygiderli ýetirilýär. Ýurdumyzyň demirýolçularynyň ygtyýarynda iň häzirki zaman tehnikalary we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ýöriteleşdirilen tehniki enjamlary bar. Ýük daşamak üçin niýetlenen wagonlar diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, eksport ýüklerini daşamak üçin hem peýdalanylar.
Häzirki döwürde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan ulag-üstaşyr we sebitleýin hem-de yklym ähmiýetli logistik merkez hökmündäki ornuny ynamly pugtalandyrýar. Bu pudakda iri taslamalary öňe sürmek we üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ýurdumyz köp şahaly halkara ulag düzüminiň döredilmegine mynasyp goşant goşýar.
Umuman, degişli şertnama laýyklykda, Türkmenistana Ukrainada öndürilen ýük wagonlarynyň jemi 750-si (350-si ýapyk we 350-si ýarym açyk) gelip gowşar.