Ýewropanyň Iň iri awia (howa) ýük daşaýjysy Lýuksemburgdan dünýäniň ençeme şäherlerine yzygiderli we çarter gatnawlary amala aşyrýar. Geçen ýylyň iýun aýyndan, Türkmenistanyň awiasion hökümeti bilen Lýuksemburgyň arasynda gazanylan ylalaşyklary hasaba almak bilen, «Cargolux» kompaniýasy deňiz ýakasyndaky şäheriň howa derwezesiniň üsti bilen dürli maksatly ýükleri Lýuksemburgdan – Taýbeýa, Gonkongdan – Wena we Budapeşta yzygiderli (hepdede dört sapar ýygylykda) daşaýar. Şu ýyl, aprel aýynyň 8-den başlap, kompaniýa Türkmenbaşy şäherine her hepdede sekiz gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Görkezilen şäherlerden daşary, awiatorlar, Türkmenbaşynyň howa menziliniň üsti bilen ýükleri Lýuksemburgdan Singapura we Hoşemina üstaşyr geçirerler.
«Cargolux Airlines International S.A.» awiakompaniýasy 1970-nji ýylda dürli kompaniýalar we Lýuksemburgyň hususy maýa goýujylary tarapyndan esaslandyrylan. Ol diňe 1 ýük uçaryna eýe bolup, we ýükleri Lýuksemburg-Gonkong ugry boýunça eltip işläp başlady. Geçen ýyl, Gonkong-Türkmenbaşy-Budapeşt ugry boýunça ilkinji ýük gatnawyny awiadaşaýjy Boeing-747-400F uçarynda amala aşyrdy. Häzirki wagtda, kompaniýa ýük uçarlarynyň kuwwatly awiasion parkyna eýedir, - ýagny müňlerçe kilometrlere 130 tonna çenli ýükleri daşamaga ukyply Boeing-747-400F we Boeing-747-8F görnüşli howa gämileriniň 20-den gowragy bar.
Ýewropalylaryň Hazardaky Halkara howa menzilini Ýewropanyň we Aziýanyň şäherlerini birleşdirýän üstaşyr nokat hökmünde saýlamagy, ilkinji nobatda onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýagny Ýewropany, Kawkazy we Merkezi Aziýany birikdirýän deňiz howa, demir ýol we awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Bu saýlawda, şeýle görnüşli häzirki zaman ulag çatryklaryna (nokatlaryna) bildirilýän iň ýokary standartlary göz öňünde tutmak bilen döredilen Halkara howa menziliniň häzirki zaman tehniki üpjünçiligi we degişli infrastrukturasy hem uly ähmiýete eýe boldy.
Awiasion tehnika hyzmat edilişiň ähmiýetli tizleşdirilmegine howa menzilindäki merkezleşdirilen ýangyç guýujy beketler uly ýardam edýär, olar bir wagtyň özünde sekiz uçara ýangyç guýmaga mümkinçilik berýär. Üstaşyr gatnawlary amala aşyrýan daşary ýurtly awiakompaniýalarynyň ekipažlary üçin, onlarça ýerleri we kafeteriýasy bolan ýörite myhmanhana göz öňünde tutulan, gelen we ugradylýan ýükleriň gaýtadan işlenilmegi üçin bolsa howa menzilinde ýük terminaly bina edilen, ol hem ýükleri gaýtadan işlemegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen üpjün edilendir. Bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi üçin halkara ýolagçy awiagatnawlary açyldy, şeýle hem iň iri ýewropa ýük daşaýjysy bolan «Cargolux» kompaniýasy çekildi.
“Hazar deňzini ýakalap oturan şäherde gurlan täze howa menzili, Ata watanymyzyň raýat awiasiýasynyň halkara ýolagçy gatnawlarynyň, şeýle hem içerki ýolagçy gatnawynyň mümkinçiligini artdyrar, ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatyny dolylygyna durmuşa ornaşdyrmaga ýardam berer”-diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň howa menziliniň gelejegi häsiýetlendirdi.
Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, Türkmenistan bar bolan ulag gorynyň aňry baş netijeliligini ulanmak we sebit ýurtlarynda we bütin dünýäde üýtgewsizligi we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmegi üpjün etmäge saldamly goşant goşmak bilen infrastrukturalaýyn möhüm ähmiýetli meýilnamalaryň birnäçesini öňe sürýär we daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde olary amala aşyrýar.