Ï Türkmenistanyň salgyt ulgamy: döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň salgyt ulgamy: döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ugry bilen

view-icon 3505
Baş döwlet salgyt gullugynyň neşiri bolan «Türkmenistanyň salgyt ulgamy» atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynyň düzgünleri we maliýe-ykdysady syýasatyna girizilen üýtgetmeleriň mazmuny boýunça düşündiriş işlerini alyp barýar.

Žurnalyň her sanynyň mazmuny hem-de onuň ugurlary salgyt töleýjilerde, şol sanda hasap we hasabat ýörediş ulgamynda, ätiýaçlandyryş töleglerini, gümrük paçlaryny tölemekde, telekeçilik işiniň hukuk ugurlary babatda ýüze çykýan meseleleriň wajyplygy nazara alnyp taýýarlanylýar. Ministrler Kabinetiniň 8-nji aprelde geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bazar ykdysadyýetine geçmegi çaltlandyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini, bilelikdäki hususy kärhanalary döretmek, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini özleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek bilen bagly wezipeleri öňe sürdi.

Häzirki döwürde önümçiligiň jemi içerki önüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň paýy 62,3 göterime barabardyr. Täze döredilýän hususy kärhanalaryň sany yzygiderli artýar. Bazar gatnaşyklarynyň ösüşinde salgyt ulgamy döwletiň bähbitlerini üpjün etmekde we ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamakda ygtybarly kömekçi bolup durýar. Baş döwlet salgyt gullugynyň neşiri bu ulgama degişli hünärmenleriň dürli pudaklaryň kärhanalarynyň ýolbaşçylary, auditorlary, telekeçiler, şeýle hem daşary ýurtly işewürler we bilermenler bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň çägini giňeldýär. Neşir salgyt ulgamynda öz düşünjesini çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän her bir adam üçin ýokary derejeli kömekçi bolup durýar. Ol telekeçileriň maliýe we salgyt hasaplaşyklaryny işjeňleşdirmäge, kompaniýasynyň hukuk derejesini pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlaryň we müşderileriň ynamyny ödemäge ýardam berýär.

Neşiriň täze sany “Salgyt kanunçylygy — telekeçiligiň hukuk mekdebi” atly makala bilen açylýar. Onda, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulýan milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygy nygtalýar. Munuň özi hususy ulgamyň ösüşiniň esasy we aýrylmaz şertleriniň biridir. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda harytlaryň önümçiliginiň we hyzmatlaryň ýokarlandyrylmagynda hususyýetçilige möhüm orun degişlidir. Makalada «Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Salgyt kodeksiniň degişli maddalarynda ýurdumyzda işjeň ulanylýan hususy telekeçileriň girdejilerine salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen usuly barada giňişleýin maglumat berilýär. Onuň öz işini guramakçy bolýanlara we işewürlik ulgamynda ilkinji ädimi ädýänlere peýdaly boljakdygy gürrüňsizdir.


Hususy kärhanalaryň çeýelik derejesiniň ýokarlandyrylmagy hususyýetçiligiň işiniň ykdysadyýeti üçin möhüm şert bolup, ýurdumyzyň tutuş halk hojalygynyň bazar ykdysadyýetine geçmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete dahylly bolmadyk pudakda diňe bir milli däl, eýsem, ählumumy ykdysady ösüşiň wezipelerini nazara almak bilen, ýokary tehnologiýaly täzeçil önümçiligiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi, salgydy ýygnamagyň tertibiniň ýönekeýleşdirilmegi hem-de hasap işleriniň möçberleriniň azaldylmagy kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine hem-de berkemegine oňyn täsir edýär.

“Teswirleme” bölüminde Baş döwlet salgyt gullugynyň hem-de Maliýe ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlan girdejä goşulan baha üçin salgydy hasaplamaga we tölemäge niýetlenen salgyt iş kagyzlaryny hem-de beýleki resminamalary doldurmak boýunça giňişleýin maslahat berilýär. Bu bölümde emläge goýlan salgydy hasaplamagyň tertibi, ýurdumyzda iş alyp barýan şahsy taraplaryň salgyt hasabyna goýumlaryň tertibi hakynda maglumat bar.

Mundan başga-da, žurnalda degişli kadalara düşündiriş, usuly görkezme we maglumat-sorag-jogap habarlary ýerleşdirilýär. Teswirlemäniň salgyt guramalaryna köp gelip gowuşýan ýüztutmalaryň nazara alnyp düzülendigi bellärliklidir.

“Sorag-jogap” bölümi anyk ýagdaýlara göz ýetirmegi ugur edinýär. Onda salgyt edara ediş ulgamynyň aýratynlyklaryny öwrenmek, hususy ýagdaýlarda salgyt kanunçylygyny dürs ulanmak boýunça özboluşly tejribe usuly beýan edilýär.

Şeýlelikde, maliýe-ykdysady neşir giň okyjylar köpçüligine diňe bir salgyt ulgamynda soňky döwürde ýüze çykýan üýtgeşmeleri bilmäge däl, eýsem, tejribeli hünärmenlerden ýokary derejeli hukuk kömegini almaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň çägine getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlarynyň möçberlerini kesgitlemek hakynda şu ýylyň mart aýynda gol çeken Karary 1-nji maýdan güýje girýär. Şunuň bilen baglylykda, žurnal öz sahypalarynda bu Karara goşundyny ýerleşdiripdir. Onda Türkmenistana getirilýän awtoulaglara gümrük paçlarynyň möçberleri görkezilýär. Bellenilişi ýaly, bu çäre, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň sarp edijilerini ekologiýa taýdan arassa we adam saglygy üçin howpsuz düzgüni üpjün etmäge gönükdirilendir.

Resminama laýyklykda, awtoulaglaryň ulanylan möhleti näçe köp bolsa, paç tölegleriniň möçberleri hem ýokary bolýar. Ýeri gelende, bu tölegiň elektromobillere degişli däldigini bellemeli. Garyşyk hereketlendirijisi bolan awtoulag serişdelerine 50 göterim ýeňillik girizilýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” atly žurnalyň maglumat-hukuk mazmuny onuň döwrebap äheňde ýerine ýetirilen bezegine laýyk gelýär.