Ï “Türkmennebit” Döwlet konserniniň müdirlikleriniň ulanýan ýataklarynda buraw işleriniň möçberleri artdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň müdirlikleriniň ulanýan ýataklarynda buraw işleriniň möçberleri artdyryldy

view-icon 1420
Ýylyň başyndan bäri nebitçiler tarapyndan 1266569 tonna nebit alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebit çykaryjylar ösüş depginini artdyrdylar. Gaýtadan işlemäge 2015-nji ýylyň birinji çärýegine garanyňda 69,7 tonna “gara altyn” köp ugradyldy. Ýylyň başyndan bäri olar 18888 metr çuňlugy bellenen meýilnamadan artyk burawladylar. Ilkinji nobatda ulanyş guýularyny burawlamagyň tizligi ep-esli çaltlandyryldy. Olar çaklanylandan 11921 metr köp burawlandy. Gözleg guýularynyň çuňlugy ýedi müň metre golaý artdy.

Zähmet öndürijiliginiň şeýle depginler bilen ösdürilmegi dünýäniň iň gowy önüm öndürijileriniň burawlamagyň iň täze tehnologiýalaryny we tehnikalaryny ulanmak bilen baglydyr. Diňe 2015-nji ýylda hytaýda öndürilen, ätiýaçlyk şaýlary we ýokary basyşa garşy kuwwatly enjamlar bilen doly komplektli “XJ-450” kysymly buraw enjamlarynyň 12-si müdirlige gelip gowuşdy. Olaryň ulanylmagy burawçylara buraw işlerini ep-esli derejede öňde alyp barmaga mümkinçilik berdi.

Ýylyň başyndan bäri konserniň bölümleri tarapyndan guýularyň 26-sy, olaryň 6-sy – gözleg we 20-si ulanyş guýulary, burawlandy we nebiti gazyp alýan müdirliklere tabşyryldy.

Hünärmenler guýulary we nebitgaz ýanaklaryny düýpli abatlaýyş işleri bilen meşgullanýarlar. Şunlukda, gazylyp alynýan nebitiň möçberini artdyrmaga şertleri döredýän çeýe sorujy-basyş turbalary we suwizolýasiýa işleri geçirilende “Stinger” sementleýän pakeri ulanmak ýaly täze usullar ornaşdyrylýar. Toparlar täze АК-60, А-80-60, HJ-350, HJ-450, UPА-60 ýaly has kuwwatly göteriji agregatlar bilen üpjün edilendir.

Şu ýylyň birinji çärýeginde 93 guýy ulanyşa berildi. Şunlukda goşmaça 29,4 tonna nebit we 51,3 million kubmetr gaz alyndy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan “Türkmenistanyň nebitgaz toplumy senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasy” nebitgaz pudagyny mundan beýläk hem ösdürmegiň ýoluny kesgitledi. Gözleg-agtaryş işleriniň ösüş depginini çaltlandyrmak, täze işläp taýýarlamalary we ulanylýan ýataklaryň önümliligini artdyrmak, nebitgaz gatlaklaryny artdyrmak, uglewodorod serişdelerini toplumlaýyn mehanizimleşdirmek we awtomatlaşdyrmak maksatnamanyň möhüm wezipesi bolup durýar. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi “Türkmenebit” Döwlet konserniniň kärhanalaryna uglewodorod serişdelerini gazyp almagyny we gaýtadan işlenmegini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.