Ï Türkmenabadyň “Demirbetonkonstruksiýa” zawodynda täze önümçilik uçastogy işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabadyň “Demirbetonkonstruksiýa” zawodynda täze önümçilik uçastogy işläp başlady

view-icon 1270
Ol gurulýan binalarda keramiki plitkalary örmek üçin ulanylýan gury gurluşyk ýelmeşýän garyndyny öndürmek üçin niýetlenendir. Uçastogyň ýyllyk kuwwatlylygy standartlara laýyk gelýän ýerli çig maldan taýýarlanan dört müň tonna önüm bolar.

Şeýle ýelmeşýän goýy garyndynyň taýýarlanyşy ýönekeý. Ol berk deňeçer sementden, derýa çägesinden, şeýle hem semendi haýal doňmasyny üpjün edýän himiki goşundydan ybaratdyr. Ony taýýarlamak işi doly mehanizmleşdirilendir. Kesgitli deňlikde garylan sement, gury derýa çägesi we himiki goşundy ilki bilen ýörite bunkerlerden berk garylýan degirmene, soňra bolsa şnegiň kömegi bilen mäjum diňine ugradylýar, bu ýerde ol uzak wagtlap saklanylýar.

Häzirki wagtda täze ýokary netijeli enjamda bir çalşykda bezegçiler we plitaçylar tarapyndan ulanylýan ýelmeşýän garyndynyň dört tonnasy töweregi işlenilip taýýarlanylýar. Zawodyň hünärmenleri bu gyt goýy garyndynyň önümçiligini giňeltmegi we bir gije-gündiziň dowamynda ýelmeşýän garyndynyň 15 tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler. Önümi gaplamak üçin kärhananyň nyşany bilen belgilenen ýörite kagyz gaby niýetlenendir. Önümçiligiň bu täze önümi ýurduň gurluşyk bazarynda ýerleniler.

Innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy, olaryň esasynda ýerli çig mallary ulanmak bilen, importyň ornuny tutýan önümçiligi we eksporty nazarlaýan önümleriň önümçiligini artdyrmak içerki we daşarky bazarlary, şol sanda gurluşyk önümleri babatda hem, ýurtda öndürilýän bäsleşige ukyply önümler bilen üpjün eder.