Ï Türkmen ekerançylary gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini tamamladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ekerançylary gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini tamamladylar

view-icon 1187
Ýygnalan hasyl Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kabul ediş nokatalaryna we önümçilik bölümlerine gelip gowuşdy. Bu ýerde ýylda 11 müň tonna şeker öndürilýär. Kärhana oba hojalyk önümlerini öndürijileri tohum we gant şugundyryny kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin ulag bilen üpjün edýär. Häzirki wagtda oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyk geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, gant şugundyry aralyk ekini bolup, däp boýunça ol bugdaý möwsümi tamamlandan soňra bugdaý ýerine ekilýär. Gant şugundyry ekilen ýer 17 müň 900 gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Bu ekin Mary welaýatynyň etraplarynyň 8-nde – Garagum, Baýramaly, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Murgap we Türkmengala, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplarynda ekilýär. Türkmen ekerançylary her ýylda ortaça gant şugundyrynyň 200 müň tonnasyny ýygnaýarlar.

Türkmenistan gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek boýunça şöhrata eýedir. Ýerli howa şertleri bolsa sowuk howa durnukly, “gyşlaýan” ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge örän oňaýlydyr. Gant şugundyrynyň hasylyndan gant, spirt öndürilýär, şeýle hem onuň galyndysyndan bolsa mallar üçin örän ýokumly bolan löt alynýar.

* * *

Oba we suw hojalygy ministrliginden habar berişleri ýaly, mart aýynda ekin meýdanlaryna sogan, ýer almasy, käşir we şugundyr ekişine badalga berildi. Pomidoryň, kelemiň we beýlekileriň ýyladyşhanada ýetişdirilen şitillerini ekmek aprel aýynyň ortalarynda başlap, ol aýyň ahyryna çenli dowam edýär. Hünärmenler sebitiň howa şertlerine baglylykda, ýurduň toprak-howa zolaklarynyň her biri üçin ekiş möwsümini kesgitleýärler, şeýle hem ekini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny işläp taýýarlaýarlar.

2016-njy ýyl üçin döwlet meýilnamasyna laýyklykda, gök ekinleriň, köki miweli we bakja ekinleriniň kesgitlenen möçberini ösdürip ýetişdirmek boýunça meýdanlar ähli welaýatlara bölünendir. Meýilnama ýurduň Minstrler Kabinetiniň ýanwar aýynda bolup geçen mejlisnde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanandyr. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça daýhan birleşikleri we hojalyklar, kärendeçiler we ýer eýeleri bilen şertnama baglaşdy. Bu bolsa oba hojalyk ekinlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirme, şeýle hem sarp edijileri daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen ygtybarly üpjün edilmeginiň ygtybarly kepilnamasy bolup durýar. Satyn alynan önümleriň bir bölegi gaýtadan işlemäge iberilýär, galanlary bolsa döwlet birleşiginiň ýöriteleşdirilen dükanlarynda we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda nokatlarynda ýerlenilýär.

Şu ýyl, döwlet buýurmasyna laýyklykda, türkmen kärendeçileri ýurt boýunça umuman pomidoryň 65 müň tonnasyny, düýp soganyň 78 müň tonnadan gowragyny, 21 müň tonnadan gowrak kelem, 4 müň tonnadan gowrak hyýary öndürmegi maksat edinýärler. Ýer almasy Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda üstünlikl ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl bu ýokumly önümiň 120 müň tonnadan gowragyny ýygnamak maksat edinilýär. Türkmen daýhanlary 38 müň tonnadan hem gowrak käşir ýetişdirmek maksady bilen, onuň düýbüni şu günlerden berk tutýarlar. Gawundyr garpyzyň we kädiniň dürli görnüşini ýetişdirmek bilen ýurduň ähli ýerinde diýen ýaly kärendeçileriň köpüsi bakjaçylyk bilen meşgullanýarlar. Daýhanlar umuman şu ýyl miwedir iýmişiň 200 müň tonnadan gowragyny ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.