Ï Şu ýyl ýurtda 500 müň tonna suwuklandyrylan gaz işlenilip taýýarlanylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şu ýyl ýurtda 500 müň tonna suwuklandyrylan gaz işlenilip taýýarlanylar

view-icon 1392
Suwuklandyrylan gaz özüniň häsiýetlendirilişi boýunça hereketlendirijiniň ýokary hilli ýangyjy we şol bir wagtyň özünde hem himiýa senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Suwuklandyrylan uglewodorodly gazlary almak üçin düzüminde ýeterlik derejede propan-butan, nebiti we nebiti gaýtadan işlemeklikde gazy durnuklaşdyrýan tebigy gaz ulanylýar. Onuň esasy artykmaçlygy suwuklandyrylan gazyň daşalmagyndadyr we suwuk ýangyç hökmünde saklanylmagyndadyr, ýananda bolsa gaz hökümnde ýanýar. Onuň şunuň ýaly artykmaçlygy propan-butan garyndysynyň aýratynlygy bilen üpjün edilýär. Ol uly bolmadyk basyşda we temperaturanyň pes bolan halatynda gaz halyndan suwuklyk ýagdaýa öwrülýär we onuň tersine.

Türkmenistanyň ýataklarynyň köpüsinde tebigy gazyň düzüminde ýeterlik derejede propan-butan bolýar. Bu bolsa gymmat bahaly ýangyjy almak üçin enjamlaryň oňaýly gurluşygynyň bolmagyny kesgitleýär.

Şu ýyl ýurtda 500 müň tonna töweregi suwuklandyrylan gaz işlenilip taýýarlanylar. Gymmat bahaly ýangyjyň umumy möçberinden 340 müň tonnasyny şu ýyl Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürmek göz öňünde tutulýar. Suwuklandyrylan gazyň 120 müň tonnasy Naýyp ýataklar toplumynda propan-butan fraksiýaly suwuklandyrylan gaz alynýan enjamyndan alynar. Bu ýerde 2003-2004-nji ýyllardan bäri ýylda 4,5 milliard kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça tehnologiki düzümleriň üçisi işleýär. Bagajada ýylda 24 müň tonna UASO we PGS-de işlenilip taýýarlanylar. Bu ýerde eýýäm birnäçe ýyl bäri umumy kuwwatlylygy ýylda 2,05 milliard kubmetr tebigy gazy gaýtadan işleýän tehnologiki düzümleriň ikisi işleýär.

Bu desgalaryň tehnologiki mümkinçilikleri gaýtadan işlenilýän gazyň temperaturasyny minusa çenli azaltmaga we tebigy gazyň düzüminden propan-butan fraksiýasynyň başky düzüminden (С3+С4) 65-75 % we С5 pentan-geksan fraksiýasyndan 100% aýyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan hem başga, Naýypdaky enjamda ugurdaş suwuklandyrylan gazyň galyndysyndan gymmat bahaly gaz kondensatynyň 60 tonnasyna çenli alyp bolunýar. Bagajanyň UASO we PGS-de bolsa gaz kondensatyndan başga (ýylda 24 müň tonna) gelip gowuşýan çig gazdan galyndylary, beýleki ugurdaş zyýanly komponentler (serowodorod, kömürturşy gaz) aýrylýar we türkmen standartlarynyň talaplaryna laýyk görnüşdäki hile ýetirilýär.

Suwuklandyrylan gaza uly gyzyklanma bildirilýär. Ermenistan, Gruziýa, Eýran, Owganystan, Täjigistan we Päkistan ýaly ýurtlar her ýylda bu gymmat bahaly ýangyjyň 230-260 müň tonnasyny satyn alýarlar. Onuň bir bölegi içki bazarda galdyrylyp, ony esasan hem “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” birleşigi we Türkmenbaşynyň TES-i sarp edýärler, galan bölegi polipropilen we ýokary oktantly benziniň önümçiligi üçin TNGIZT ulanýar.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Tebigy gaz institutynyň gazy gaýtadan işleýän bölüminiň müdiri, tehniki ylymlarynyň doktory, professor Annamyrat Aşyrowyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň artdyrylmagy bilen, täze mümkinçilikler açylýar.

- Soňky ýyllarda dünýäde hereketlendirijiniň ýangyjy hökmünde ulanylýan suwuklandyrylan gazyň paýyny artdyrmak akymy ýüze çykdy, - diýip, alym aýdýar. – Gaz ýangyjynyň giňden ýaýramagyna onuň gürrüňsiz ugurlary: adaty benzin bilen deňeşdirilende onuň ýanmagynyň ýokary temperaturasy we ýokary oktan sany (100-105), zäherli gazlaryň howa zyňylmagyny ep esli azalmagyna şertleri döredýär. Häzirki zaman ýokary öndürijilikli kriogen enjamlary suwuklandyrylan gazyň ýokary netijeliligini üpjün edýär. Ýylda tebigy gazyň 5 milliard kubmetri suwuklandyrylanda ýylda 8,3 million kubmetr suwuklandyrylan gaz emele gelýär, ýa-da önümiň massasynyň 100% agramy hasabynda ýylda 3,6 million tonna suwuklandyrylan ýangyç emele gelýär.

Tebigy gazy hereketlendirijiniň ýangyjyň çeşmesi hökmünde nebitiň ornuna ulanmagyň hasabyna şol ýylda 3,6 million tonna nebiti almak üçin (70% çenli) güýçli çylşyrymly fizika-himiki gaýtadan işlemek üçin azyndan 5 million tonna çig nebit gerek boljakdygy, şol bir wagtyň özünde, hereketlendirijiniň sintetiki gaz ýangyjynyň ekwiwalent mukdaryny tebigy gazy pes temperaturaly gaýtadan işlemek arkaly ýylda 5 milliard kubmetrini almak bolar. Başga söz bilen aýdylanda, hereketlendirijiniň ýangyjynyň çeşmesi hökmünde gazyň 1000 м3 bir tonna çig nebitiň ornuny tutup biler.

Suwuklandyrylan gazyň ulanylmagy nebit serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Onuň önümçiligi bolsa berk fizika-himiýa gaýtadan işlenmegini talap etmeýär. Ol diňe tebigy gazy fiziki taýdan gaýtadan işlenmegy bilen baglydyr. Bu ýagdaýlar köp ýurtlaryň benziniň we dizel ýangyjynyň ornuna suwuklandyrylan gaza geçmek barada düýpli garamagyna şertleri döredýär. Awtoulaglar sorujylary ulanmak bilen ýöriteleşdirilen ýangyç guýujy beketlerde suwuklandyrylan gaz bilen doldurylýar. Şunlukda awtoulag howpsuz izometriki iki gatly daşkysy – adaty uglerodly polat we içkisi legilirlenen polat perdeli ballonlar bilen üpjün edilýär. Içki perde ýylylygy gaýtarýan folga bilen örtülýär, perdeleriň arasynda bolsa wakuum döredilýär. Bu bolsa suwuklandyrylan gazy doly ýitgisiz diýen ýaly saklamaga mümkinçilik berýär.

Tebigy gazyň suwuklandyrylan gaza fiziki taýdan öwrülmegi, gürrüňsiz, biziň ýurdumyz üçin barmasy kyn bolan etraplara we dünýäniň sebitlerine gazy ornaşdyrmagyň diwersifikasiýa ugurlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýän geljegi uly bolan tehnologiýalaryň biridir.

Hazar deňziniň nebitgazly ýataklarynyň giňden özleşdirilmegi, Gündogar-Günbatar magistral gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi, we uly deňiz portunyň gürluşygy, Hazaryň kenarynda suwuklandyrylan tebigy gazy öndürýän enjamyň gurluşygy üçin we suwuklandyrylan tebigy gazy saklamak we eksporta ugratmak üçin deňiz terminalynyň gurluşygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolar. Benziniň ornuna suwuklandyrylan gazy hereketlendirijiniň ýangyjy hökmünde ulanylmagy ýangyjyň bu görnüşiniň önümçiligi we ulanylmagy üçin we nebit hem-de nebit önümlerini ep esli tygşytlanylmagy üçin has-da uly mümkinçilikleri açar.